"Türkmeniň ýüpek ýoly" gazeti

Esaslandyryjysy: "Türkmendemirýollary" agentligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Arçabil şaýoly 162-nji jaýy
Telefon belgileri: 94-27-68

Habarlar

Çaganyň şikes almagyndan ägä boluň!

Çagalaryň arasynda duş gelýän şikeslenme we onuň öňüni almak iň wajyp meseleleriň biri bolup durýar. Çagalaryň şikes almagy dürli-dürli bolsa hem, köplenç, onuň döremeginiň sebäbi birmeňzeşdir. Oýnalýan meýdançanyň oňaýsyz bolmagy, çaganyň ünssüzligi, ene-atanyň gözegçilik etmezligi, oýun oýnalanda ýa-da sport bilen meşgullanylanda, ýalňyş hereket edilmegi netijesinde çagada şikeslenme döreýär. Bilesigelijilik, köp hereketlilik, ruhy-emosional ýagdaý hem şikes ýetmelere getirip bilýär. Bu bolsa çagalaryň dürli şikesleri almagyna sebäp bolýar.

Jennetden ýer alan üzümler

Güýz aýlarynda bişýän behişdi miweleriň biri-de üzümdir. Häzirki günlerde Günüň şöhlesine bal ýaly süýjäp bişýän üzümleriň dürli görnüşleri ak bazarlarda tapdyrýar. Onuň jana şypasy, ynsan saglygyna peýdasy uludyr. Üzüm örän ýokumly miwe bolmak bilen, ynsan saglygyny berkitmekde ähmiýetli hasaplanylýar. Onuň miwesiniň guradylan we gaýtadan işlenilen görnüşi-de has kän peýda berýär. Meselem, üzüm kişmişi aşgazana, bagra, dalaga we böwrege ýaramlydyr. Ondan taýýarlanylan şireler hem ganazlygy bejermekde we beýniniň işjeňligini artdyrmakda örän haýyrlydyr.

Halkyň saglygy hakyndaky alada

Gahryman Arkadagymyz «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly ajaýyp kitabynda «Arçman» şypahanasy hakynda söz açyp: «Arçman» çeşmesiniň himiki düzümi boýunça kükürtli-hlorly-gidrokarbonatly, natrili-kalsili-magnili şypaly suwy bar. Ol gowşak aşgarlanan suwlar toparyna degişlidir. «Arçmanyň» suwy düzüminde magniniň uly mukdarynyň bolmagy bilen beýleki şunuň ýaly bejeriş häsiýetli suwlardan tapawutlanýar» diýmek bilen, bu ajaýyp künjegiň bejeriş aýratynlygy barada nygtaýar. Gahryman Arkadagymyzyň adam saglygy hakyndaky aladany ilkinji nobatda goýýandygyny 2-nji sentýabrda «Arçman» şypahanasynda bolup, onuň çäginde gurulmagy meýilleşdirilýän we durky täzelenýän binalaryň taslamalary, şypahananyň bejeriş düzümini kämilleşdirmegiň mümkinçilikleri bilen tanyşmagy ýene bir gezek subut etdi. Häzirki döwürde Gahryman Arkadagymyzyň ähli ugurlar boýunça başyny başlan giň möçberli özgertmeleriniň Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygy bilen üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde, halkymyzyň we her bir raýatyň saglygy baradaky alada döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlendi. Ýurdumyzda ilatyň saglygyny goramak we berkitmek, jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgelerini berkarar etmek ugrunda belent sepgitlere ýetildi hem-de bu işler üstünlikli dowam etdirilýär.

Güýz paslynda möwsümleýin keselleriň öňüni almak üçin peýdaly maslahatlar

Sagdyn durmuş ýörelgesini berjaý etmeli, arassa agyz suwuny ýeterlikli mukdarda kabul etmeli. Güýz paslynyň talaplaryna laýyklykda geýniň. Burnuň nemli bardasyna «Oksolin» melhemini çalyň!

Güýz paslynda möwsümleýin keselleriň öňüni almak üçin peýdaly maslahatlar:

·        Sagdyn durmuş ýörelgesini berjaý etmeli, arassa agyz suwuny ýeterlikli mukdarda kabul etmeli; ·        Bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaly;

SAGLYGYŇ GADRYNY BILGIL...

Mähriban adamlar, eziz ildeşler!

Güýz: sepgitde sagdyn boluň!

1. Sagdyn durmuş ýörelgesine eýermeli, arassa agyz suwuny ýeterlik mukdarda kabul etmeli. 2. Bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaly.

Güýz paslynda sagdynlygyň kadalary

— Sagdyn durmuş ýörelgesini berjaý etmeli. — Bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaly.

Ynsan saglygynyň goragynda

Gahryman Arkadagymyzyň ýakynda «Arçman» şypahanasynda bolup, onuň çäginde gurulmagy we durky täzelenmegi meýilleşdirilýän binalardyr desgalaryň taslamalary, şypahananyň bejeriş düzümini kämilleşdirmegiň mümkinçilikleri bilen tanyşmagy, bu ýerde dynç alýanlar, saglygyny berkidýänler üçin döredilen şertler bilen gyzyklanmagy ýurdumyzda ilatyň saglygy hakda edilýän aladanyň nobatdaky beýanyna öwrüldi. Milli Liderimiziň «Arçmanyň» bejerijilik ukyby ýokary bolan mineral suwunyň adam bedenine täsiri barada anyk maglumatlaryň üsti bilen giňişleýin gürrüň bermegi hem halkymyzda uly gyzyklanma döretdi. Gahryman Arkadagymyzyň şypahananyň tebigy aýratynlyklary, bu künjegiň howa gurşawynyň özboluşlylygy, bejeriş ukyby barada aýdanlary her bir lukman üçin nusgalyk sapakdyr.

Saglyk — başymyzyň täji

— Ýurdumyzda hereket edýän jemgyýetçilik arassaçylyk tertip-düzgünini berk berjaý ediň! — Arassa, açyk howada gezelenç ediň!

Erte şu günden başlanýar

Sebitde deňi-taýy bolmadyk Arkadag şäheriniň gurluşygynda lukmançylyk-saglyk ähmiýetli binadyr desgalara aýratyn üns berilmegi halkymyzyň saglygy babatda döwlet derejesinde uly aladalaryň edilýändigini görkezýär. Şeýle hem, belläp geçsek, ýurdumyzda saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmegiň çäklerinde näsaglygy ir — başlangyç tapgyrda ýüze çykarmak, bejermek hem-de gözegçilik etmek boýunça netijeli çäreleri işläp düzmäge möhüm ähmiýet berilýär. Aslynda, mekdep ýaşyna çenli döwür çagalaryň fiziki saglyk ýagdaýyna baglylykda, adamyň häsiýetiniň kemala gelýän iň bir möhüm döwri bolup durýar. Şoňa görä-de, çagalar 3 — 6 ýaş aralygynda çagalar bagynda terbiýelenýär. Umumybilim mekdep düzgünnamasyna laýyklykda, körpeler 6 ýaşda okuwa kabul edilýär. Şu jähetden, ýurdumyzyň ähli künjeklerinde okuw-terbiýeçilik we sagaldyş işlerini geçirmek üçin oňaýly şertler döredilýär, döwrebap çagalar baglary, mekdeplerdir beýleki möhüm maksatly desgalar gurlup ulanmaga berilýär.

Raýatlaryň saglygy — döwletimiziň baş gymmatlygy

Hormatly Arkadagymyz «Arçman» şypahanasynda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy 2-nji sentýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Ahal welaýatynyň Bäherden etrabyndaky «Arçman» şypahanasynda bolup, onuň çäginde gurulmagy meýilleşdirilýän we durky täzelenýän binalaryň taslamalary, şypahananyň bejeriş düzümini kämilleşdirmegiň mümkinçilikleri bilen tanyşdy. Gahryman Arkadagymyz bu ýerde dynç alýanlar we saglygyny berkidýänler üçin döredilen şertler bilen gyzyklandy hem-de degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.

Çaga saglygynyň gözbaşy

Ene süýdüniň milli hepdeligi dowam edýär Biziň merkezimizde ýaş eneleriň arasynda ene süýdüniň milli hepdeligi mynasybetli çäreleriň birnäçesi geçirilýär. Olarda tejribeli lukmanlar ene süýdüniň ähmiýeti barada täsirli söhbet edýärler. Enäniň we çaganyň saglygy babatda bu möhüm meselä ýurdumyzda milli hepdelik derejesinde ähmiýet berilmegi öz oňyn netijesini hem berýär.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy «Arçman» şypahanasynda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy

Ahal welaýaty, 2-nji sentýabr (TDH). Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Ahal welaýatynyň Bäherden etrabyndaky «Arçman» şypahanasynda bolup, onuň çäginde gurulmagy meýilleşdirilýän we durky täzelenýän binalaryň taslamalary, şypahananyň bejeriş düzümini kämilleşdirmegiň mümkinçilikleri bilen tanyşdy. Gahryman Arkadagymyz bu ýerde dynç alýanlar we saglygyny berkidýänler üçin döredilen şertler bilen gyzyklandy hem-de degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Häzirki döwürde Milli Liderimiziň ähli ugurlar boýunça başyny başlan giň möçberli özgertmeleriniň Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygy bilen üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde halkymyzyň we her bir raýatyň saglygy baradaky alada döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlendi. Ýurdumyzda ilatyň saglygyny goramak we berkitmek, jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgelerini berkarar etmek ugrunda belent sepgitlere ýetildi hem-de bu işler üstünlikli dowam etdirilýär.

Taryhy duşuşygyň buýsanjy

Geçen hepdäniň şenbe güni Gahryman Arkadagymyzyň Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynda ýerleşýän «Arçman» şypahanasyna iş saparyny amala aşyryp, onuň çägini giňeltmegiň we giň mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmagyň meselelerine bagyşlanan iş maslahatyny geçirmegi ildeşlerimizde guwanç hem buýsanç duýgularyny döretdi. Şol taryhy waka mynasybetli habarçymyz bagtyýar ildeşlerimiziň birnäçesiniň ýürek buýsanjyny ýazga geçirdi. Çaryýar ANNASÄHEDOW,«Arçman» şypahanasynyň baş lukmany:

Saglygyň gadyryny bilgil

Mähriban adamlar, eziz ildeşler! Häzirki wagtda güýz paslynyň gelmegi bilen, günüň dowamynda howanyň derejesiniň üýtgeýändigini nazara alyp, güýz paslynda döräp biläýjek möwsümleýin ýiti respirator ýokanç keselleriniň öňüni almak maksady bilen, pasla görä geýinmegi, mähriban Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly ylmy-ensiklopedik köpjiltli kitabynda beýan edilýän dermanlyk ösümliklerden taýýarlanan melhem çaýlary köpräk içmegiňizi maslahat berýäris. Şeýle-de şahsy we jemgyýetçilik arassaçylyk tertip-düzgünlerini dogry berjaý etmek her bir adamyň borjudyr. Howa arkaly ýokuşyp biläýjek keselleriň öňüni almak üçin bolsa, burnuň nemli bardasyna «Oksolin» melhemini çalmak hökmandyr.

Günde 1000 ädim ýöremegiň peýdasy

«7/24 tm» № 36 (171) 04.09.2023 Pol­şa­nyň Lodz şä­he­ri­niň Luk­man­çy­lyk uni­wer­si­te­ti­niň alym­la­ry howp­ly ke­sel­le­riň, şol san­da yü­rek-da­mar ke­sel­le­ri­niň ýü­ze çyk­mak äh­ti­mal­ly­gy­ny pe­selt­mek üçin her gün ädil­me­li ädim­le­riň sa­ny­ny ta­kyk kes­git­le­mä­ge sy­na­ny­şyk et­di­ler.

Sagdyn we abadan durmuşyň binýady

Ýurdumyzda daşky gurşawa aýawly çemeleşmek, ekologiýa abadançylygyny gorap saklamak babatda alnyp barylýan döwlet syýasaty sagdyn jemgyýeti kemala getirmek ugrundaky tagallalar bilen utgaşdyrylýar. Hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň bu ugurda amala aşyrýan işleri dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan giň goldawa eýe bolýar. Bu tagallalar durnukly ösüşiň we abadan ýaşaýşyň üpjün edilmeginiň esasy şertleridir. Diýmek, sport we ekologiýa bir-biri bilen berk baglanyşyklydyr. Halkymyzyň Milli Lideriniň asylly başlangyçlaryny täze many-mazmun bilen baýlaşdyrýan hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda raýatlaryň saglygyny, ýaşaýan dünýämiziň abadançylygyny, geljekki nesilleriň mynasyp ýaşaýşyny nazarlaýan tagallalar ýurdumyzda giň gerimli we köpugurly häsiýete eýedir. Bu babatda amala aşyrylýan işler dowamlylygy we üznüksizligi bilen tapawutlanýar. Sport bilen ekologiýanyň arabaglanyşygy barada gürrüň edilende, ilkinji nobatda, bu iki düşünjäniň hem adamlaryň saglygy bilen baglanyşyklydygyny bellemelidir. Daşky gurşawyň abadançylygyna uly ähmiýet berýän ýurdumyzda her ýyl geçirilmegi asylly däbe öwrülen welosipedli ýörişler sportuň, sagdyn durmuş ýörelgesiniň we ekologiýanyň sazlaşygynyň aýdyň mysalydyr. Ýurdumyzyň ähli sebitlerinde ýaýbaňlandyrylýan şeýle çärelere ildeşlerimiziň on müňlerçesiniň işjeň gatnaşmagy bolsa bu asylly başlangyjyň halkymyzyň gyzgyn goldawyn

Saglyk — bahasyz gymmatlyk

Jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgesini pugtalandyrmagyň özeninde hormatly Prezidentimiziň halkyň bagtyýarlygy we abadançylygy, ýaş nesliň beden we ruhy taýdan sagdynlygy babatynda durmuşa geçirilýän uly tagallalary durýar. Şu günler ýaşlaryň arasynda sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmek maksady bilen, kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramalarynyň wekilleri bilen bilelikde wagyz-nesihat duşuşyklaryny geçirýäris. Oňa bilim işgärleri we jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşýarlar. Duşuşyklarda sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermek, howply kesellerden goranmak, sport bilen meşgullanmak bilen bir hatarda adamyň durmuşa bolan söýgüsiniň we ruhubelentligiň möhüm orun tutýandygy we bagtyýarlyk döwrümizde ýaşlarymyz üçin döredilýän mümkinçilikler, halkymyzyň hal-ýagdaýyny gowulandyrmak ugrunda amala aşyrylýan ägirt uly işler hakynda giňişleýin gürrüň edilýär. Çärelere gatnaşyjylar jemgyýetimiziň her bir agzasy hakynda uly aladalary edýän, ýurdumyzyň gülläp ösmegi we halkara derejesinde abraýynyň barha belende galmagy ugrunda döwletli başlangyçlara badalga berýän, ata Watanymyzy rowaçlyklaryň ýoly bilen öňe alyp barýan hormatly Prezidentimiziň, Gahryman Arkadagymyzyň janlarynyň sag bolmagyny, il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli beýik işleriniň hemişe üstünliklere beslenmegini arzuw edýärler.

Lukmançylyk orta hünär okuw mekdebi açyldy

Şu  gün,  Bilimler  we  talyp  ýaşlar  güni  bolan  1-nji  sentýabrda  Saçly  Dursunowa  adyndaky  Arkadag  şäher  lukmançylyk  orta  hünär  okuw  mekdebi  dabaraly  açyldy. Bu lukmançylyk orta hünär okuw mekdebine lukmançylyk  gullugynyň kapitany, lukmançylyk ylymlarynyň  doktory, Türkmenistanyň  at  gazanan  lukmany Saçly Dursunowanyň adynyň dakylmagy halypalarymyza bolan çuňňur hormat-sarpadan nyşan.