Saglyk — bahasyz gymmatlyk

1 Sentýabr 2023
354

Jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgesini pugtalandyrmagyň özeninde hormatly Prezidentimiziň halkyň bagtyýarlygy we abadançylygy, ýaş nesliň beden we ruhy taýdan sagdynlygy babatynda durmuşa geçirilýän uly tagallalary durýar. Şu günler ýaşlaryň arasynda sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmek maksady bilen, kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramalarynyň wekilleri bilen bilelikde wagyz-nesihat duşuşyklaryny geçirýäris. Oňa bilim işgärleri we jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşýarlar.

Duşuşyklarda sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermek, howply kesellerden goranmak, sport bilen meşgullanmak bilen bir hatarda adamyň durmuşa bolan söýgüsiniň we ruhubelentligiň möhüm orun tutýandygy we bagtyýarlyk döwrümizde ýaşlarymyz üçin döredilýän mümkinçilikler, halkymyzyň hal-ýagdaýyny gowulandyrmak ugrunda amala aşyrylýan ägirt uly işler hakynda giňişleýin gürrüň edilýär. Çärelere gatnaşyjylar jemgyýetimiziň her bir agzasy hakynda uly aladalary edýän, ýurdumyzyň gülläp ösmegi we halkara derejesinde abraýynyň barha belende galmagy ugrunda döwletli başlangyçlara badalga berýän, ata Watanymyzy rowaçlyklaryň ýoly bilen öňe alyp barýan hormatly Prezidentimiziň, Gahryman Arkadagymyzyň janlarynyň sag bolmagyny, il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli beýik işleriniň hemişe üstünliklere beslenmegini arzuw edýärler.

Minera NIÝAZMÄMEDOWA,
Türkmenabat şäherindäki 3-nji saglyk öýüniň onkolog lukmany, ilkinji zenanlar guramasynyň agzasy.
Beýleki habarlar