Halkyň saglygy hakyndaky alada

6 Sentýabr 2023
384

Gahryman Arkadagymyz «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly ajaýyp kitabynda «Arçman» şypahanasy hakynda söz açyp: «Arçman» çeşmesiniň himiki düzümi boýunça kükürtli-hlorly-gidrokarbonatly, natrili-kalsili-magnili şypaly suwy bar. Ol gowşak aşgarlanan suwlar toparyna degişlidir. «Arçmanyň» suwy düzüminde magniniň uly mukdarynyň bolmagy bilen beýleki şunuň ýaly bejeriş häsiýetli suwlardan tapawutlanýar» diýmek bilen, bu ajaýyp künjegiň bejeriş aýratynlygy barada nygtaýar. Gahryman Arkadagymyzyň adam saglygy hakyndaky aladany ilkinji nobatda goýýandygyny 2-nji sentýabrda «Arçman» şypahanasynda bolup, onuň çäginde gurulmagy meýilleşdirilýän we durky täzelenýän binalaryň taslamalary, şypahananyň bejeriş düzümini kämilleşdirmegiň mümkinçilikleri bilen tanyşmagy ýene bir gezek subut etdi.

Häzirki döwürde Gahryman Arkadagymyzyň ähli ugurlar boýunça başyny başlan giň möçberli özgertmeleriniň Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygy bilen üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde, halkymyzyň we her bir raýatyň saglygy baradaky alada döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlendi. Ýurdumyzda ilatyň saglygyny goramak we berkitmek, jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgelerini berkarar etmek ugrunda belent sepgitlere ýetildi hem-de bu işler üstünlikli dowam etdirilýär.

«Esger».
Beýleki habarlar