Ynsan saglygynyň goragynda

5 Sentýabr 2023
404

Gahryman Arkadagymyzyň ýakynda «Arçman» şypahanasynda bolup, onuň çäginde gurulmagy we durky täzelenmegi meýilleşdirilýän binalardyr desgalaryň taslamalary, şypahananyň bejeriş düzümini kämilleşdirmegiň mümkinçilikleri bilen tanyşmagy, bu ýerde dynç alýanlar, saglygyny berkidýänler üçin döredilen şertler bilen gyzyklanmagy ýurdumyzda ilatyň saglygy hakda edilýän aladanyň nobatdaky beýanyna öwrüldi.

Milli Liderimiziň «Arçmanyň» bejerijilik ukyby ýokary bolan mineral suwunyň adam bedenine täsiri barada anyk maglumatlaryň üsti bilen giňişleýin gürrüň bermegi hem halkymyzda uly gyzyklanma döretdi. Gahryman Arkadagymyzyň şypahananyň tebigy aýratynlyklary, bu künjegiň howa gurşawynyň özboluşlylygy, bejeriş ukyby barada aýdanlary her bir lukman üçin nusgalyk sapakdyr.

Ogulşirin MYRADOWA,
Bäherden etrap hassahanasynyň lukmany.
Beýleki habarlar