Raýatlaryň saglygy — döwletimiziň baş gymmatlygy

4 Sentýabr 2023
456

Hormatly Arkadagymyz «Arçman» şypahanasynda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy

2-nji sentýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Ahal welaýatynyň Bäherden etrabyndaky «Arçman» şypahanasynda bolup, onuň çäginde gurulmagy meýilleşdirilýän we durky täzelenýän binalaryň taslamalary, şypahananyň bejeriş düzümini kämilleşdirmegiň mümkinçilikleri bilen tanyşdy. Gahryman Arkadagymyz bu ýerde dynç alýanlar we saglygyny berkidýänler üçin döredilen şertler bilen gyzyklandy hem-de degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.

"Nesil".
Beýleki habarlar