Saglygyň gadyryny bilgil

3 Sentýabr 2023
676

Mähriban adamlar, eziz ildeşler!

Häzirki wagtda güýz paslynyň gelmegi bilen, günüň dowamynda howanyň derejesiniň üýtgeýändigini nazara alyp, güýz paslynda döräp biläýjek möwsümleýin ýiti respirator ýokanç keselleriniň öňüni almak maksady bilen, pasla görä geýinmegi, mähriban Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly ylmy-ensiklopedik köpjiltli kitabynda beýan edilýän dermanlyk ösümliklerden taýýarlanan melhem çaýlary köpräk içmegiňizi maslahat berýäris. Şeýle-de şahsy we jemgyýetçilik arassaçylyk tertip-düzgünlerini dogry berjaý etmek her bir adamyň borjudyr. Howa arkaly ýokuşyp biläýjek keselleriň öňüni almak üçin bolsa, burnuň nemli bardasyna «Oksolin» melhemini çalmak hökmandyr.

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi.
Beýleki habarlar