"Türkmeniň ýüpek ýoly" gazeti

Esaslandyryjysy: "Türkmendemirýollary" agentligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Arçabil şaýoly 162-nji jaýy
Telefon belgileri: 94-27-68

Habarlar

Güýz – sagdynlygyň pasly

Güýz pasly sagdyn durmuş ýörelgesine eýermek we sport bilen meşgullanmak üçin iň amatly mümkinçilikleriň döwrüdir. Tomusky dynç alyşdan soň, täze zähmet üstünliklerine tarap ýola düşeniňizde sagdyn bolmak hökmanydyr. Munuň üçin bolsa bedenterbiýe we sport bilen yzygiderli meşgullanmak zerurdyr. Sagdyn durmuş ýörelgesine eýermek pasyl çalşygy döwründe döreýän möwsümleýin kesellerden goranmaga, sökelliklerden saplanmaga, ruhubelent bolmaga ýardam edýär. Güýz bedenterbiýe we sport bilen diňe bir ýapyk binalarda däl, eýsem, arassa howada meşgullanmak üçin hem oňaýly döwürdir. Sebäbi tomsuň yssy günleri sowlansoň, sergin howada türgenleşmek has amatlydyr.

Il saglygy - ýurt baýlygy

Mähriban adamlar, eziz ildeşler! Häzirki wagtda güýz paslynyň gelmegi bilen, günüň dowamynda howanyň derejesiniň üýtgeýändigini nazara alyp, döräp biläýjek möwsümleýin ýiti respirator ýokanç keselleriniň öňüni almak üçin pasla görä geýinmegi, Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly ylmy-ensiklopedik kitabynda beýan edilýän dermanlyk ösümliklerden taýýarlanan melhem çaýlary maşgala lukmany bilen maslahatlaşyp, kabul etmegiňizi, şahsy we jemgyýetçilik arassaçylyk tertip-düzgünlerini berjaý etmegi maslahat berýäris. Burnuň nemli bardasyna oksolin melhemini çalmagy, witaminlere baý gök önümleri we milli tagamlarymyzy kabul etmegi hem unutmaň! Mundan başga-da, maşgala lukmanlary bilen maslahatlaşyp, keselleriň öňüni alyş sanjymlaryny almagyňyzy maslahat berýäris.

«Arçman» melhem paýlaýar

Ynsan saglygy baradaky alada hormatly Prezidentimiziň alyp barýan döwlet syýasatynda esasy orunda durýar. Çünki saglyk islendik ýurduň ilatynyň durmuş abadançylygynyň görkezijisidir. Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, adamlaryň durmuşy gönüden-göni olaryň saglygy bilen baglanyşyklydyr. Sagdyn adam ruhubelent, durmuşa, zähmete höwesli bolýar. Sagdyn jemgyýet bolsa döwletiň berk binýady hasaplanylýar. Ýurdumyzda özüniň melhemlik suwlary, palçyklary bilen tanalýan şypahanalar raýatlarymyza saglyk we medeniýetli dynç alşy paýlaýar. Şol şypahanalaryň içinde düzüminde birnäçe element bolan tebigy melhemlik suwy bilen tapawutlanýan «Arçman» şypahanasy hem watandaşlarymyza ýokary hilli hyzmat edýär. Şypahanada mineral suw arkaly dürli keselleriň bejeriş usullary bar.

Sepgitde saglygymyza jogapkärli çemeleşeliň!

Pasyllaryň çalyşmagy, howanyň üýtgemegi bilen döräp biläýjek möwsümleýin ýokanç kesellerden goranmak we olaryň öňüni almak üçin keselleriň geçip biläýjek ýollary barada habarly bolmak zerurdyr. Möwsümleýin ýokançlaryň biri hasaplanýan ýiti respirator keseli sagdyn adama näsag adamdan asgyranda, üsgürende we gepleşende howa damja ýollary bilen geçýär. Wiruslar bedene aralaşandan soň, keseliň döremegi adamyň immun ulgamyna bagly bolýar. Eger-de adamyň keselden goraýjylyk (immun) ulgamy ýokary bolsa, bedeniň wirusa garşylygy hem ýokary bolýar. Bedeniň immun ulgamy gowşak bolanda, wirus ýokuşan gününden başlap, birnäçe wagt geçenden soňra, keseliň ilkinji alamatlary ýüze çykyp başlaýar. Kesel umumy ysgynsyzlyk, gyzgynyň ýokarlanmagy, kelle agyry, bokurdagyň nemli bardalarynyň gyzarmagy, gijemegi hem-de burnuň dykylmagy ýaly alamatlar bilen ýüze çykýar. Keseli bejermek üçin dürli antibakterial dermanlary özbaşdak kabul etmek näsagyň ýagdaýynyň beterleşmegine, bedeniň immun ulgamynyň peselmegine, şeýle-de bedende witamin ýetmezçiliginiň ýüze çykmagyna getirip biler.

Altyn güýzüň önümleri

Pasyllaryň hersiniň meňzetmesi bar. Şolaryň içinden ala-böle güýzüň altyna meňzedilmeginiň sebäbini bilseňem, muny başga-da kän-kän zatlar bilen baglanyşdyrasyň gelýär. Mysal üçin, güýzüň altynlygyny bu pasylda saglyk üçin iň gymmatly, zerur miweleriň, gök we bakja önümleriniň ýetişýändigi bilenem delillendiresiň gelýär. Sebäbi ol önümleriň her biri biziň iň uly baýlygymyz bolan saglygymyzyň berkemegine ýardam edýär. Güýzüň peşgeşi bolan gök önümlerdir miweleriň düzümi dürli ýokumlara baýdyr. Onsoň şeýle arzyly önümleri bagyş edýän güýzi gymmatlyk saýman bolarmy?! Nar. Güýzüň datly miweleriniň biri-de nardyr. Düzümindäki aminokislotalar, marganes, demir, tanin, natriý, fol turşusy, kaliý... ýaly gymmatlyklar nary saglygymyzyň iň ygtybarly goragçylarynyň birine öwürýär. Daş görnüşi-de juda owadan nar nerw we iýmit siňdiriş ulgamynyň işleýşini gowulaýandygy, ýüregagyry howpuny azaltmaga ýardam edýändigi, bedenden toksinleri çykarýandygy bilen hem gymmatlydyr.

Peýdaly maslahatlar

Güýz paslynyň gelmegi bilen,  günüň dowamynda howanyň derejesiniň üýtgeýändigini nazara alyp, döräp biläýjek möwsümleýin ýiti respirator ýokanç keselleriniň öňüni almak üçin pasla görä geýinmegi, Gahryman  Arkadagymyzyň  «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitabynda beýan edilýän dermanlyk ösümliklerden taýýarlanan melhem çaýlary  maşgala lukmany bilen maslahatlaşyp kabul etmegi unutmaň. Şeýle-de şahsy we jemgyýetçilik arassaçylyk tertip-düzgünleri berjaý etmegi, burnuň nemli bardasyna «Oksolin» melhemini çalmagy, witaminlere baý gök önümleri we milli tagamlarymyzy   kabul etmegi, maşgala lukmany bilen maslahatlaşyp keselleriň öňüni alyş sanjymlaryny  almagy maslahat berýäris.

Güýz paslynda peýdaly maslahatlar

Şahsy we jemgyýetçilik arassaçylygy babatdaky tertip-düzgünleri berjaý ediň! Elleriňizi arassa saklaň! Daşaryk çykmazdan, jemgyýetçilik ýerlerine barmazdan öň, burnuň nemli bardasyna hökman «Oksolin» melhemini çalmaly. Ýiti respirator ýokanç keselleriniň alamatlary asgyrmak, üsgürmek, bokurdagyň nemli bardasynyň gyzarmagy, burnuň dykylmagy, beden gyzgynynyň ýokarlanmagy, kellagyry, endam-janyň agyryp, üşütmegi we işdäniň kesilmegi ýaly ýagdaýlar bilen ýüze çykýar.

Saglyk — baýlyk

Güýz paslynyň gelmegi, howanyň derejesiniň häli-şindi üýtgäp durmagy bilen, möwsümleýin ýiti respirator ýokanç keselleriniň ýüze çykmak ähtimallygy döreýär. Şol sebäpden saglygyňyzy goramak üçin şu düzgünleri berk berjaý etmeli: - Yzygiderli bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaly.

Il saglygy — ýurt baýlygy

Mähriban adamlar, eziz ildeşler! Häzirki wagtda güýz paslynyň gelmegi bilen, günüň dowamynda howanyň derejesiniň üýtgeýändigini nazara alyp, bu pasylda döräp biläýjek möwsümleýin ýiti respirator ýokanç keselleriniň öňüni almak üçin, pasla görä geýinmegi, mähriban Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitabynda beýan edilýän dermanlyk ösümliklerden taýýarlanan melhem çaýlaryny maşgala lukmany bilen maslahatlaşyp, kabul etmegiňizi, şahsy we jemgyýetçilik arassaçylyk tertip-düzgünlerini berjaý etmegi, burnuň nemli bardasyna «Oksolin» melhemini çalmagy, witaminlere baý gök önümleri we milli tagamlarymyzy kabul etmegi, şeýle hem lukmanlaryň maslahaty esasynda keselleriň öňüni alyş sanjymlaryny almagyňyzy maslahat berýäris.

Lukman maslahat berýär

Güýz pasly adamlaryň durmuşynda kesele garşy immun ulgamyny pugtalandyrmak üçin amatly, oňaýly döwürdir. Güýzde miweleriň, gök we bakja önümleriň bol hasyly ýetişýär, olar witaminler, mikroelementler bilen baýlaşýar. Beden ýaglar bilen ýeterlik üpjün edilmese, ilkinji nobatda, immunitet peselýär, ylaýta-da, ýagsyz önümler bilen çäklenilýän berhizli iýmitleniş zyýanly. Güýzde iýmitiňde et we ösümlik beloklaryna baý önümleriň ýeterlik bolmagy barada hem aladalanmaly. Ýerini çalşyp bolmaýan aminoturşularyň tutuş toplumynyň gatnaşmagynda sintezlenýän beloklar kesellere garşy durnuklylygy üpjün edýär. Şeýle-de bolsa, gereginden artyk iýip, aşa köp semremegem maslahat berilmeýär. Bedende ýag ýetmezçilik edende däl-de, eýsem, juda köp toplananda-da immunitet gowşaýar. Beloklaryň kadadakydan köp mukdary aşgazan-içege ýollaryna, böwreklere agram salýar. Bedeniň gyş möwsümine taýýar bolmagyny üpjün etmekde immuniteti berkidýän С witamininiň, seleniň, sinkiň hem uly ähmiýeti bardyr. Sowuklamanyň ilkinji alamatlary peýda bolanda bu elementlere baý bolan azyk önümleriniň kömek edýändigini unutmaly däl. Sink goýun, guş, sygyr etinde, kädiniň çigidinde, noýbada, nohutda, ýumurtgada, sülede, selen bolsa bagyr, böwrek etinde, hozuň we çigidiň dürli görnüşlerinde, däneli ösümliklerde köpdür. Üýtgeşik bakterisid we ýokançlardan zyýansyzlandyryjy häsiýete eýe bolan sogan С witaminine-de, sinke-de

Sagdynlyk — bagtyýarlyk

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda eziz Diýarymyzda saglygy goraýyş ulgamy uly üstünliklere beslenýär. Ýurdumyzda giňden bellenilýän Bilimler we talyp ýaşlar gününde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde ýaşlar bilen geçiren umumy sapagy diňe bir ýaşlaryň däl, eýsem, ähli bilim işgärleriniň durmuşynda ähmiýetli waka öwrüldi. Ruhy we beden taýdan sagdyn nesil ýurdumyzyň şöhratly geljeginiň girewi bolup durýar. Şundan ugur alyp saglygy goraýyş we bilim ulgamlarynyň sazlaşykly ösdürilmegi aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Gahryman Arkadagymyzyň gatnaşmagynda şu ýylyň mart aýynda ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň köpugurly düzüminiň üstüni ýetirjek döwrebap lukmançylyk desgalarynyň birbada üçüsiniň — Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň, Stomatologiýa merkeziniň we Halkara pediatriýa merkeziniň düýbüniň tutulmagynyň taryhy ähmiýeti hem hut şu belent maksatlarda jemlenýändir. Şunda täze gurulýan Stomatologiýa merkezinde bolsa agyz boşlugynyň keselleriniň öňüni almak, olary irki döwürde anyklamak we netijeli bejermek, bu ugurda işleýän lukmanlar üçin okuwlary guramak işleriniň göz öňünde tutulmagy aýratyn bellärliklidir.

Garpyzyň peýdasy

Güneşli Diýarymyz miwelere, gök we bakja önümlerine juda baý. Ýokumly miwelerdir gök önümler ynsan saglygyny goramak üçin örän wajypdyr. Şeýle önümleriň biri-de garpyzdyr. Garpyz pektin maddalarynyň, foliý turşusynyň we B, C, E, PP, A witaminleriniň çeşmesi hasaplanýar. Şeýle-de onda demriň, marganesiň, magniniň, kaliniň, nikeliň, natriniň, fosforyň duzlary jemlenýär. Magniý garpyzyň düzümindäki iň gymmatly elementleriň biri bolup, ol gan damarlarynyň çeýeligini saklaýar we bedeniň holesterinden saplanmagyna ýardam edýär, içegäniň işini kadalaşdyrýar. Ondaky likopin maddasy ýürek-damar hem-de çiş keselleriniň öňüni almakda peýdalydyr. Alymlar adam bedenine günüň dowamynda magniniň gerek bolan möçberi üçin garpyzyň 150 gramyny iýmelidigini belleýärler. Garpyz halk lukmançylygynda bagyr, ýürek-damar ulgamyndaky näsazlyklaryň netijesinde ýüze çykýan käbir keselleri bejermekde, böwrekdäki we peşew haltadaky daşy çykarmakda giňden peýdalanylýar. Garpyz gan basyşynyň ýokarlanmagynyň hem öňüni alýar. Onuň sykylan suwy bolsa bagry zäherli maddalardan arassalaýar. Çendenaşa semizlikden ejir çekýän adamlar üçin hem garpyz örän peýdaly.

Hassa bolmazdan burun...

Güýz paslynyň gelmegi bilen, günüň dowamynda howanyň üýtgäp durýandygyny nazara alyp, döräp biläýjek möwsümleýin ýokanç keselleriň öňüni almak üçin pasla görä geýinmegi, alym Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitabynda melhemlik, bejerijilik häsiýetleri beýan edilýän dermanlyk ösümliklerden taýýarlanan melhem çaýy içmegi maslahat berýäris. Möwsümleýin döräp biläýjek ýiti respirator ýokanç keselleriň ýokuşmagynyň öňüni almak üçin, burnuň nemli bardasyna «Oksolin» melhemini çalmaly. Witaminlere baý gök önümleri köpräk iýmeli. Her hepdede milli tagamlarymyzdan gyzyl burç goşulan unaşy içip durmaly. Şeýle hem her bir adama maşgala lukmany bilen maslahatlaşyp, keselleriň öňüni alyş sanjymlaryny almagy maslahat berýäris.

Lukmanyň maslahaty

Şetdaly Şetdaly pes kaloriýaly miwelere degişlidir, şonuň üçin ony horlanmak isleýänler ulanyp bilerler. Onuň 100 gramynda 45 kilokaloriýa bar, belok 0,9 gram, uglewod 9,5 gram, suwuň mukdary 86,1 gram, şeýle hem organiki kislotalar bar. Şetdaly witaminlere we minerallara baý iýmitdir. Onda E, A, Bl, B2, B5, B6, B9, witaminler, askorbin, nikotin kislotalary bar. Minerallardan kaliý, kalsiý, magniý, natriý, kremniý, fosfor, kükürt, hlor, demir, ýod, marganes, mis, sink, selen bar.

Ynsanyň baş baýlygy

Saglygyň gadryny bilgil... Şahsy we jemgyýetçilik arassaçylygy babatdaky tertip-düzgünleri berjaý ediň! Elleriňizi arassa saklaň! Daşaryk çykmazdan, jemgyýetçilik ýerlerine barmazdan öň hökman burnuň nemli bardasyna «Oksolin» melhemini çalmaly.

Eziz ildeşler!

Häzirki wagtda güýz paslynyň gelmegi bilen, günüň dowamynda howanyň derejesiniň üýtgeýändigini nazara alyp, güýz paslynda döräp biläýjek möwsümleýin ýiti respirator ýokanç keselleriniň öňüni almak üçin pasla görä geýinmegi, Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly ylmy ensiklopedik kitaplarynda beýan edilýän dermanlyk ösümliklerden taýýarlanan melhem çaýlary maşgala lukmany bilen maslahatlaşyp içmegi, şahsy we jemgyýetçilik arassaçylyk tertip-düzgünlerini berjaý etmekligi, burnuň nemli bardasyna «Oksolin» melhemini çalmaklygy, witaminlere baý gök önümleri we milli tagamlary iýmegi, şeýle hem maşgala lukmanlary bilen maslahatlaşyp, keselleriň öňüni alyş sanjymlaryny almagyňyzy maslahat berýäris. Bu düzgünleri berk berjaý etseňiz ýylyň islendik paslynda öz saglygyňyzy gorap bilersiňiz.

Sagdynlygyň gözbaşy

— Güýz paslynda howanyň derejesiniň üýtgäp durýandygyny nazara alyp, pasla görä geýinmek maslahat berilýär. — Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitabynda beýan edilýän dermanlyk ösümliklerden taýýarlanan melhem çaýlary maşgala lukmany bilen maslahatlaşyp, yzygiderli içmeli.

Milli maksatnama hereketde

Ýurdumyzda çilimkeşlige garşy göreşmek, bu zyýanly endigi aradan aýyrmak ugrunda ençeme işler durmuşa geçirilýär. Bu babatda Türkmenistany 2025-nji ýyla çenli temmäkiden azat ýurda öwürmek üçin netijeli çäreleri özünde jemleýän Milli maksatnama hereket edýär. Bu maksatnamanyň esasy öňde goýýan wezipesi ýurdumyzda temmäki bilen baglanyşykly keselleriň öňüni almakdan, ilatyň arasynda temmäki önümlerini ulanmagyň zyýanly täsiri boýunça zerur çäreleri yzygiderli ýagdaýda geçirmekden ybaratdyr. Türkmenistany temmäkiden azat ýurda öwürmek boýunça 2022 – 2025-nji ýyllar üçin Milli maksatnama tassyklanan wagtyndan bäri, halkymyzyň arasynda sagdyn durmuş ýörelgesini ornaşdyrmak, nesillerimizi sagdyn ruhda terbiýelemek, bütin adamzadyň saglygyna we nesline howp salýan çilimkeşlige garşy göreşmek, temmäki önümlerine bagly bolan raýatlara çilimi taşlamagyň usullaryny öwretmek maksady bilen, çilimiň saglyga zyýany barada wagyz-nesihat işlerini alyp barýan «Ynam» merkezleri döredildi. Şeýle-de, 18 ýaşamadyk raýatlara çilim satmak, çilimiň görnüşlerini mahabatlandyrmak gadagan edildi. Mundan başga-da, ýurdumyzda «Raýatlaryň saglygynyň temmäki tüssesiniň täsirinden we temmäki önümlerini ulanmagyň netijelerinden goralmagy hakynda» Türkmenistanyň Kanuny kabul edildi. Galyberse-de, Aşgabat şäherinde we ähli welaýat merkezlerinde «Ynam» merkezleri döredilip, «Ynam» telefonlary birikdirildi.

Saglyk — baş baýlyk

Güýz paslynyň gelmegi bilen tebigy şertler üýtgäp, howada çigrek peýda bolýar. Günüň säher hem-de gijara çaglarynda howa salkynlaýar. Güýz howasy tiz-tizden üýtgäp durýan häsiýete eýedir. Irden salkyn, günortan yssy, öýläne baka adaja şemal öwsüp, howa ýene serginlemek bilen bolýar. Adamlara bu üýtgäp durýan howa durumyna öwrenişmek kynrak düşýär. Şu sebäpden adam bedeni üýtgäp durýan howa durumyna gowşaýar. Güýz günleri ýiti respirator ýokanç keselleriniň öňüni almak hem-de saglyk ýagdaýyňy gurplandyrmak üçin sagdyn durmuş ýörelgelerine eýerip, sport bilen meşgullanmaly, bedenterbiýe maşklaryny ýerine ýetirmeli. Şeýle-de sagdyn bolmak üçin dogry we kadaly iýmitlenmegiň hem uly ähmiýeti bardyr.

Güýz pasly: kadalary berjaý etmek möhümdir

Güýz gelip, howanyň yzygiderli üýtgeýän häzirki günlerinde ýüze çykyp biläýjek möwsümleýin ýiti respirator ýokanç keselleriň öňüni almak üçin lukmanlar şu aşakdaky düzgünleri berk berjaý etmegi maslahat berýärler. Bedenterbiýe we sport bilen meşgullanyň!