Sagdynlyk — bagtyýarlyk

13 Sentýabr 2023
542

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda eziz Diýarymyzda saglygy goraýyş ulgamy uly üstünliklere beslenýär. Ýurdumyzda giňden bellenilýän Bilimler we talyp ýaşlar gününde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde ýaşlar bilen geçiren umumy sapagy diňe bir ýaşlaryň däl, eýsem, ähli bilim işgärleriniň durmuşynda ähmiýetli waka öwrüldi. Ruhy we beden taýdan sagdyn nesil ýurdumyzyň şöhratly geljeginiň girewi bolup durýar. Şundan ugur alyp saglygy goraýyş we bilim ulgamlarynyň sazlaşykly ösdürilmegi aýratyn bellenilmäge mynasypdyr.

Gahryman Arkadagymyzyň gatnaşmagynda şu ýylyň mart aýynda ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň köpugurly düzüminiň üstüni ýetirjek döwrebap lukmançylyk desgalarynyň birbada üçüsiniň — Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň, Stomatologiýa merkeziniň we Halkara pediatriýa merkeziniň düýbüniň tutulmagynyň taryhy ähmiýeti hem hut şu belent maksatlarda jemlenýändir. Şunda täze gurulýan Stomatologiýa merkezinde bolsa agyz boşlugynyň keselleriniň öňüni almak, olary irki döwürde anyklamak we netijeli bejermek, bu ugurda işleýän lukmanlar üçin okuwlary guramak işleriniň göz öňünde tutulmagy aýratyn bellärliklidir.

Tirkiş ATDAÝEW,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň mugallymy, lukmançylyk ylymlarynyň kandidaty.
Beýleki habarlar