Milli maksatnama hereketde

12 Sentýabr 2023
751

Ýurdumyzda çilimkeşlige garşy göreşmek, bu zyýanly endigi aradan aýyrmak ugrunda ençeme işler durmuşa geçirilýär. Bu babatda Türkmenistany 2025-nji ýyla çenli temmäkiden azat ýurda öwürmek üçin netijeli çäreleri özünde jemleýän Milli maksatnama hereket edýär. Bu maksatnamanyň esasy öňde goýýan wezipesi ýurdumyzda temmäki bilen baglanyşykly keselleriň öňüni almakdan, ilatyň arasynda temmäki önümlerini ulanmagyň zyýanly täsiri boýunça zerur çäreleri yzygiderli ýagdaýda geçirmekden ybaratdyr.

Türkmenistany temmäkiden azat ýurda öwürmek boýunça 2022 – 2025-nji ýyllar üçin Milli maksatnama tassyklanan wagtyndan bäri, halkymyzyň arasynda sagdyn durmuş ýörelgesini ornaşdyrmak, nesillerimizi sagdyn ruhda terbiýelemek, bütin adamzadyň saglygyna we nesline howp salýan çilimkeşlige garşy göreşmek, temmäki önümlerine bagly bolan raýatlara çilimi taşlamagyň usullaryny öwretmek maksady bilen, çilimiň saglyga zyýany barada wagyz-nesihat işlerini alyp barýan «Ynam» merkezleri döredildi. Şeýle-de, 18 ýaşamadyk raýatlara çilim satmak, çilimiň görnüşlerini mahabatlandyrmak gadagan edildi. Mundan başga-da, ýurdumyzda «Raýatlaryň saglygynyň temmäki tüssesiniň täsirinden we temmäki önümlerini ulanmagyň netijelerinden goralmagy hakynda» Türkmenistanyň Kanuny kabul edildi. Galyberse-de, Aşgabat şäherinde we ähli welaýat merkezlerinde «Ynam» merkezleri döredilip, «Ynam» telefonlary birikdirildi. Biziň saglyk öýümizde hem «Ynam» merkezi döredilip, onda düzgünnama laýyklykda, raýatlary temmäkini ulanmagyň garşysyna we çilimi taşlajak bolýanlara kömek bermek üçin örän köptaraplaýyn işler alnyp barylýar.

Sona ILMUHAMMEDOWA,
Aşgabat şäherindäki 4-nji Saglyk öýüniň şepagat uýasy.
Beýleki habarlar