Garpyzyň peýdasy

13 Sentýabr 2023
591

Güneşli Diýarymyz miwelere, gök we bakja önümlerine juda baý. Ýokumly miwelerdir gök önümler ynsan saglygyny goramak üçin örän wajypdyr. Şeýle önümleriň biri-de garpyzdyr. Garpyz pektin maddalarynyň, foliý turşusynyň we B, C, E, PP, A witaminleriniň çeşmesi hasaplanýar. Şeýle-de onda demriň, marganesiň, magniniň, kaliniň, nikeliň, natriniň, fosforyň duzlary jemlenýär. Magniý garpyzyň düzümindäki iň gymmatly elementleriň biri bolup, ol gan damarlarynyň çeýeligini saklaýar we bedeniň holesterinden saplanmagyna ýardam edýär, içegäniň işini kadalaşdyrýar. Ondaky likopin maddasy ýürek-damar hem-de çiş keselleriniň öňüni almakda peýdalydyr. Alymlar adam bedenine günüň dowamynda magniniň gerek bolan möçberi üçin garpyzyň 150 gramyny iýmelidigini belleýärler. Garpyz halk lukmançylygynda bagyr, ýürek-damar ulgamyndaky näsazlyklaryň netijesinde ýüze çykýan käbir keselleri bejermekde, böwrekdäki we peşew haltadaky daşy çykarmakda giňden peýdalanylýar. Garpyz gan basyşynyň ýokarlanmagynyň hem öňüni alýar. Onuň sykylan suwy bolsa bagry zäherli maddalardan arassalaýar. Çendenaşa semizlikden ejir çekýän adamlar üçin hem garpyz örän peýdaly.

Amangül REJEPOWA,
Akdepe etrap hassahanasynyň maslahat beriş we kesel anyklaýyş bölüminiň endokrinolog lukmany.
Beýleki habarlar