Güýz – sagdynlygyň pasly

15 Sentýabr 2023
495

Güýz pasly sagdyn durmuş ýörelgesine eýermek we sport bilen meşgullanmak üçin iň amatly mümkinçilikleriň döwrüdir. Tomusky dynç alyşdan soň, täze zähmet üstünliklerine tarap ýola düşeniňizde sagdyn bolmak hökmanydyr. Munuň üçin bolsa bedenterbiýe we sport bilen yzygiderli meşgullanmak zerurdyr.

Sagdyn durmuş ýörelgesine eýermek pasyl çalşygy döwründe döreýän möwsümleýin kesellerden goranmaga, sökelliklerden saplanmaga, ruhubelent bolmaga ýardam edýär. Güýz bedenterbiýe we sport bilen diňe bir ýapyk binalarda däl, eýsem, arassa howada meşgullanmak üçin hem oňaýly döwürdir. Sebäbi tomsuň yssy günleri sowlansoň, sergin howada türgenleşmek has amatlydyr.

Gülnara SAPARMÄMMEDOWA,
Myrat Garryýew adyndaky TDLU-nyň farmakologiýa kafedrasynyň uly mugallymy, lukmançylyk ylymlarynyň kandidaty.
Beýleki habarlar