Lukman maslahat berýär

13 Sentýabr 2023
458

Güýz pasly adamlaryň durmuşynda kesele garşy immun ulgamyny pugtalandyrmak üçin amatly, oňaýly döwürdir. Güýzde miweleriň, gök we bakja önümleriň bol hasyly ýetişýär, olar witaminler, mikroelementler bilen baýlaşýar. Beden ýaglar bilen ýeterlik üpjün edilmese, ilkinji nobatda, immunitet peselýär, ylaýta-da, ýagsyz önümler bilen çäklenilýän berhizli iýmitleniş zyýanly. Güýzde iýmitiňde et we ösümlik beloklaryna baý önümleriň ýeterlik bolmagy barada hem aladalanmaly. Ýerini çalşyp bolmaýan aminoturşularyň tutuş toplumynyň gatnaşmagynda sintezlenýän beloklar kesellere garşy durnuklylygy üpjün edýär. Şeýle-de bolsa, gereginden artyk iýip, aşa köp semremegem maslahat berilmeýär. Bedende ýag ýetmezçilik edende däl-de, eýsem, juda köp toplananda-da immunitet gowşaýar. Beloklaryň kadadakydan köp mukdary aşgazan-içege ýollaryna, böwreklere agram salýar. Bedeniň gyş möwsümine taýýar bolmagyny üpjün etmekde immuniteti berkidýän С witamininiň, seleniň, sinkiň hem uly ähmiýeti bardyr. Sowuklamanyň ilkinji alamatlary peýda bolanda bu elementlere baý bolan azyk önümleriniň kömek edýändigini unutmaly däl. Sink goýun, guş, sygyr etinde, kädiniň çigidinde, noýbada, nohutda, ýumurtgada, sülede, selen bolsa bagyr, böwrek etinde, hozuň we çigidiň dürli görnüşlerinde, däneli ösümliklerde köpdür. Üýtgeşik bakterisid we ýokançlardan zyýansyzlandyryjy häsiýete eýe bolan sogan С witaminine-de, sinke-de baýdyr.

Çaýa 1 çaý çemçe bal garmak, limon atmak, sarymsak iýmek endigi ýiti respirator wirusly keselleriň öňüni almaga ýardam edýär. Adamlaryň köpüsi agzyndan ysynyň gelmeginden howatyrlanyp, sarymsak iýmekden saklanýar. Sarymsagyň ýakymsyz ysyny aýryp bolýandyr, bir diş sarymsagy agzyňa atyp, çeýnäp başlanyňdan soň 1 käse süýt içmeli. Her gün agşam ýatmazdan öň 1 limonyň şiresini 100 gram bala garyp, taýýarlanan melhemligi gyzgyn çaýa ýa-da süýde garyp içmek peýdalydyr.

Maýagül GARAJAÝEWA,
Aşgabat şäherindäki 16-njy saglyk öýüniň maşgala şepagat uýasy.
Beýleki habarlar