"Türkmeniň ýüpek ýoly" gazeti

Esaslandyryjysy: "Türkmendemirýollary" agentligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Arçabil şaýoly 162-nji jaýy
Telefon belgileri: 94-27-68

Habarlar

Gyzykly geçen sport ýaryşy

Ýakynda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Köýtendag etrap birleşmesiniň guramagynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýurdumyzda sporty we bedenterbiýäni ösdürmek baradaky alyp barýan syýasatyny durmuşa ornaşdyrmak, ýaşlaryň sporta bolan höwesini artdyrmak maksady bilen, etrap birinjiligi boýunça ýaryş geçirildi. Köýtendag şäherindäki 1-nji sport mekdebinde sportuň dzýudo görnüşi boýunça geçirilen bu ýaryşa 2007 ― 2009-njy ýyllarda doglan oglanlar gatnaşdy. Ruhubelentlikde geçen ýaryşyň netijeleri boýunça Pälwan Jumankulow, Gaýrat Ýoldaşow, Nazar Batyrow, Serdar Ylýasow, Arslan Rüstemow, Batyr Kamaliddinow ýeňiji boldular. Olara ýadygärlik sowgatlary gowşuruldy. Ýaryşa gatnaşanlar ýaş nesilleriň bagtyýar durmuşy, röwşen geljegi üçin taýsyz tagallalary edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň, Gahryman Arkadagymyzyň adyna alkyş sözlerini aýtdylar.

Sport

Kikboksingçileriň ýeňşi Bu günki gün ýurdumyzyň döwrebap sport mekdeplerinde ýaş türgenler sportuň dürli görnüşleri boýunça tälim alýarlar we dürli ýaryşlara gatnaşyp, özleriniň başarnyklaryny artdyrýarlar. Golaýda welaýat bedenterbiýe we sport baradaky baş müdirliginiň guramagynda sportuň kikboksing görnüşi boýunça welaýatyň birinjiligini almak ugrunda ýaryş geçirildi. Tälimçi-mugallym Röwşen Habyrowyň tälim berýän türgenleri bu ýaryşa gatnaşyp, ýeňiji bolmagy başardylar. Tälimçi-mugallym Röwşen Habyrowyň taýýarlaýan türgenleriniň yzygiderli türgenleşikleri, dürli ýaryşlarda şowly çykyşlary olaryň döwlet, halkara derejesinde geçirilýän ýaryşlara gatnaşyp, Türkmenistan döwletimiziň sport abraýynyň ýokary göterilmegine mynasyp goşantlaryny goşjakdyklaryna ynam döredýär.

Erjeller üstün çykdy

Sarahs etrabyndaky 21-nji orta mekdebiň sport meýdançasynda “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň nesilleri” atly estafeta ýaryşy geçirildi. “Türkmenistan” Ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň welaýat bölüminiň hem-de etrap bilim bölüminiň bilelikde guramagynda geçen ýaryşa etrapdaky orta mekdepleriň okuwçylaryndan düzülen toparlar gatnaşdy. Ýaşlaryň berk bedenli, sagdyn ruhly bolup ýetişmegini gazanmak, olaryň sport ussatlygyny ýokarlandyrmak maksady bilen geçirilen ýaryşda 2008—2010-njy ýyllarda doglan mekdep okuwçylary ukyp-başarnygyny görkezdiler. Onuň netijesinde 18-nji orta mekdebiň topary birinji, 13-nji orta mekdebiň topary ikinji, 3-nji orta mekdebiň topary üçünji orunlary eýelediler.

Milli sportuň ösüşleri

«7/24. tm» №11 (198), 11.03.2024 Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz: «Biz yn­san sag­ly­gy­ny äh­li zat­dan ile­ri tu­tup, be­den we ru­hy taý­dan kä­mil nes­li ke­ma­la ge­tir­mä­ge uly äh­mi­ýet ber­ýä­ris. Döw­le­ti­mi­ziň bu asyl­ly mak­sat­la­ry­nyň ama­la aşy­ryl­ma­gyn­da sport esa­sy orun­la­ryň bi­ri­ni eýe­le­ýär» di­ýip bel­le­ýär.

Sport we sag­lyk

«7/24. tm» №11 (198), 11.03.2024 Aja­ýyp za­ma­na­myz­da hal­ky­my­zyň sag­dyn, bag­ty­ýar dur­muş­da ýa­şa­ma­gy üçin äh­li müm­kin­çi­lik­le­ri dö­ret­mek hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň, Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň alyp bar­ýan döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň ile­ri tu­tul­ýan ug­ry bo­lup dur­ýar. Sag­ly­gy go­ra­mak­da, ber­kit­mek­de spor­tuň, be­den­ter­bi­ýä­niň äh­mi­ýe­ti hem örän ulu­dyr. Şo­nuň üçin hem ýur­du­my­zyň sag­ly­gy go­ra­ýyş hem-de sport ul­gam­la­ry­ny saz­la­şyk­ly sak­la­mak esa­sy we­zi­pe­le­riň bi­ri­dir.

Güneşli Türkmenistan buzly ýaryşy kabul etmäge taýýarlanýar

Türkmenistan eýýäm 10 ýyldan gowrak wagt bäri sportuň gyşky görnüşleriniň hem sebitdäki esasy merkezleriniň birine öwrüldi. Bu babatda ýurdumyzda şaýbaly hokkeýiň okgunly ösüşi aýratyn bellenilmäge mynasyp. Türgenlerimiziň halkara hokkeý ýaryşlaryna, şol sanda dünýä çempionatlaryna gatnaşyp, uly üstünlikleri gazanmaklary bilen bir hatarda, Türkmenistan häzirki wagtda sportuň bu görnüşi boýunça halkara derejeli ýaryşlary geçirmäge giň şertleri bolan ýurda öwrüldi. Ýene-de bir aýdan gowrak wagtdan Aşgabat nobatdaky sport baýramçylygyny — hokkeý boýunça halkara ýaryşy garşylar. Hormatly Prezidentimiziň ýakynda gol çeken Karary bilen, Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetine bu ýaryşy 15 — 20-nji aprel aralygynda geçirmäge ygtyýar berildi. Baharyň ilkinji gününde gol çekilen bu Karar halkara ýaryşy ýokary derejede geçirmek boýunça alnyp barylýan işleriň depginini has-da güýçlendirdi.

Okuwçylaryň sport ýaryşy

«7/24. tm» №11 (198), 11.03.2024 Türk­me­nis­tan­da be­den­ter­bi­ýe we sport ar­ka­ly hal­ky­my­zyň sag­ly­gy­ny pug­ta­lan­dyr­mak, be­den we ru­hy taý­dan sag­dyn ne­sil­le­ri ter­bi­ýe­läp ýe­tiş­dir­mek hem-de köp­çü­lik­le­ýin be­den­ter­bi­ýe-sport he­re­ke­ti­ni we ýo­ka­ry de­re­je­li spor­ty ös­dür­mek be­den­ter­bi­ýe we sport ul­ga­my­nyň iş­gär­le­ri­niň esa­sy mak­sa­dy bo­lup dur­ýar. Şu mak­sat bi­len hem ýur­du­myz­da dür­li ýaş­ly og­lan-gyz­la­ryň ara­syn­da spor­tuň dür­li gör­nüş­le­ri bo­ýun­ça yzy­gi­der­li sport ýa­ryş­la­ry ge­çi­ril­ýär. Şeý­le ýa­ryş­la­ryň bi­ri-de 2008-2010-njy ýyl­lar ara­ly­gyn­da dog­lan mek­dep okuw­çy­la­ry­nyň ara­syn­da «Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rü­niň ne­sil­le­ri» ady bi­len ge­çi­ril­ýär. Ýur­du­my­zyň ber­ýän or­ta mek­dep­le­ri­niň okuw­çy­la­ry­nyň ara­syn­da sag­dyn-dur­muş ýö­rel­ge­si­ni üp­jün et­mek, ola­ryň ara­syn­da ru­hu­be­lent­li­gi, päk­li­gi, dost-do­gan­ly­gy ber­kit­mek, güýç­li, ba­şar­jaň tür­gen­le­ri saý­lap-seç­mek we ola­ryň sport bi­len mak­sat­la­ýyn meş­gul­lan­mak­la­ry­ny ga­zan­mak ýa­ry­şyň esa­sy we­zi­pe­le­ri­ni düz­ýär.

Türkmenistan — Sport ýurdy

«7/24. tm» №11 (198), 11.03.2024 Ma­ry we­la­ýa­ty­nyň Ma­ry şä­he­rin­dä­ki 5-nji sport mek­de­bin­de spor­tuň ta­ek­won-do (ITF) gör­nü­şi bo­ýun­ça Ma­ry we­la­ýa­ty­nyň çem­pio­na­ty ge­çi­ril­di. Oňa je­mi bäş to­par gat­naş­dy. Ýa­ry­şa Ma­ry şä­he­rin­dä­ki 4-nji sport mek­de­bi­niň tä­lim­çi­si, Türk­me­nis­ta­nyň at ga­za­nan tä­lim­çi­si, hal­ka­ra de­re­je­li emin, hal­ka­ra de­re­je­li tä­lim­çi, ga­ra gu­şa­gyň 8-nji da­ny­nyň eýe­si Aý­dog­dy Ata­ba­ýew baş emin­lik et­di. Ma­ry we­la­ýa­ty­nyň çem­pio­na­tyn­da baş kä­tip Ma­ry şä­he­rin­dä­ki 8-nji sport mek­de­bi­niň tä­lim­çi­si, ga­ra gu­şa­gyň 3-nji da­ny­nyň eýe­si Mäh­ri Aga­ýe­wa, baş tä­lim­çi Ma­ry şä­he­rin­dä­ki 1-nji sport mek­de­bi­niň tä­lim­çi­si, ga­ra gu­şa­gyň 4-nji da­ny­nyň eýe­si Mak­sat Ba­ba­ýew bol­dy. Ýet­gin­jek­le­riň hem-de ýaş­la­ryň ara­syn­da ge­çi­ri­len ýa­ryş­da og­lan-gyz­lar öz sport us­sat­lyk­la­ry­ny gör­kez­di­ler. Ne­ti­je­de, to­par bo­ýun­ça aý­da­ny­myz­da, Ma­ry şä­he­rin­dä­ki 1-nji sport mek­de­bi­niň tür­gen­le­ri 1-nji, Ma­ry şä­he­rin­dä­ki 8-nji sport mek­de­bi­niň tür­gen­le­ri 2-nji, Ma­ry şä­he­rin­dä­ki 4-nji sport mek­de­bi­niň tür­gen­le­ri 3-nji orun­la­ra my­na­syp bol­du­lar.

Taekwondoçylarymyzyň üstünligi

Türkmen taekwondoçylary halkara ýaryşlarynda gazanýan üstünlikleri bilen begendirip gelýärler. Ine, ýakynda olar bu asylly ýörelgäni mynasyp dowam etdirýändiklerini nobatdaky gezek subut etmegi başardylar. Ildeşlerimiz Malaýziýanyň Kuala-Lumpur şäherinde tamamlanan taekwondo (ITF) boýunça halkara ýaryşda 34 medal (19 altyn, 9 kümüş we 6 bürünç) gazandylar.

Bahar bäsleşikleri

Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň, Bilim ministrliginiň, Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň hem-de Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň Türkmenistanyň Milli talyplar sport federasiýasy bilen bilelikde guramagynda Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň zenan mugallymlarynyň hem-de talyplarynyň arasynda «Zeminiň görki — zenanlar» atly köpçülikleýin sport ýaryşlary geçirildi 1 — 6-njy mart aralygynda geçen ýaryş Halkara zenanlar gününe bagyşlandy. Şeýlelikde, düzzüm we küşt boýunça geçirilen bäsleşiklerde Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň topary öňdeligi eýeledi. Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň topary 2-nji, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty bolsa 3-nji orunlara mynasyp boldular.

Tennis kortlarynda

Aşgabatda Halkara tennis federasiýasy tarapyndan esaslandyrylan Bütindünýä tennis güni mynasybetli sportuň şu görnüşiniň ýaşajyk wekilleriniň bäsleşigi guraldy.  «Aşgabat» tennis akademiýasynda geçen ýaryşa paýtagtly ýaş tennisçileriň 34-si gatnaşdy. 8 ýaşa çenli türgenleriň ýaryşlaryny Türkmenistanyň Tennis federasiýasy hem-de «Aşgabat» tennis akademiýasy gurady. Ilkinji gezek geçirilen ýaryşyň geljekde yzygiderli esasda guralmagy meýilleşdirilýär. Şeýlelikde, oglanlaryň arasynda A.S.Puşkin adyndaky umumy orta bilim berýän bilelikdäki türkmen-rus mekdebiniň okuwçysy Mark Azizow 1-nji orny eýeledi. Ol Amanguly Begenjowyň şägirdidir. 2-nji orna Aşgabat şäherindäki 27-nji orta mekdebiň okuwçysy Alyhan Nurýagdyýew, 3-nji ýere bolsa Ysmaýyl Babaýew eýe boldy. Türgenleriň ikisini hem Jennet Hallyýewa türgenleşdirýär.

Ýaşlar sporty saýlaýar

Sport talyp durmuşynyň hem aýrylmaz bölegidir. Bu hakykaty häzirki günlerde Diýarymyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyp ýaşlarynyň arasynda uly şowhun bilen dowam edýän «Türkmenistan — sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy» atly sport ýaryşlarynyň mysalynda hem aýdyň görmek bolýar. Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň hiç biri-de bu ýaryşlardan üzňe galmaýar. Biziň zähmet çekýän bilim ojagymyzyň — Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyp ýaşlary hem ajaýyp sport baýramçylygyna taýýarlykly geldiler. Häzir bu ýaryşlaryň çägindäki erkin göreş hem-de boks bäsleşikleri jemlendi. Öňde bolsa şeýle bäsleşikleriň onlarçasy garaşýar. Bilim berýän talyp ýaşlarymyzyň ykjam taýýarlyklary olaryň öňde boljak bäsleşiklerde netijeli çykyş etjekdiklerine bil baglamaga esas bolup durýar. Çünki biziň ýaşlarymyz sportuň ýekelikdäki hem-de toparlaýyn görnüşleri boýunça taýýarlyk işlerini ýokary derejede geçýärler.

Bedenterbiýe we sport

Türk­me­nis­ta­nyň Kär­deş­ler ar­ka­la­şyk­la­ry­nyň Mag­tym­gu­ly et­rap bir­leş­me­si bi­len et­ra­byň be­den­ter­bi­ýe we sport bö­lü­mi­niň bi­le­lik­de gu­ra­ýan sport bäs­le­şik­le­ri uly gy­zyk­lan­ma eýe bol­ýar. Ýa­kyn­da guralan şeý­le ýa­ryşda sport mek­de­bi­niň bi­rin­ji­li­gi ugrunda 2010 – 2011-nji ýyl­lar­da dog­lan mek­dep okuw­çy­la­ry wo­leý­bol bo­ýun­ça güýç sy­na­nyş­dy­lar. Gy­zyk­ly pur­sat­la­ry özün­de jem­län bäs­le­şik­de et­ra­byň 20-nji or­ta mek­de­bi­niň to­pa­ry ýe­ňi­ji bol­dy. 6-njy or­ta mek­de­biň ýaş wo­leý­bol­çy­la­ry 2-nji, 13-nji or­ta mek­de­biň tür­gen­le­ri 3-nji orun­la­ry eýe­le­di­ler.

Türkmenistanyň birinjiligi

Golaýda 2006-njy ýylda doglan we ondan kiçi ýaşly oglan-gyzlaryň arasynda gandbol boýunça Türkmenistanyň birinjiligi geçirildi. Mary welaýatynyň Mary şäheriniň ýöriteleşdirilen olimpiýa ätiýaçlygy sport mekdebinde ýaýbaňlandyrylan ýaryş çekeleşikli häsiýete eýe boldy. Şeýlelikde, oglanlaryň arasynda Aşgabat şäheriniň topary 1-nji orna mynasyp boldy. Mary welaýatynyň topary 2-nji, Lebap welaýatynyň topary 3-nji orunlary eýelediler. Gyzlaryň arasynda Balkan welaýatynyň topary 1-nji orny eýelemegi başardy. Aşgabat şäheriniň topary 2-nji, Lebap welaýatynyň topary 3-nji orunlara mynasyp boldular.

Uniwersiadanyň çäginde

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda adam we onuň saglygy hakdaky alada döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. Ýurdumyzda bedenterbiýäni we köpçülikleýin sporty ösdürmek, jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgelerini giňden ornaşdyrmak babatda uly işler alnyp barylýar. Golaýda «Türkmenistan — ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy» atly XIII Uniwersiadanyň çäginde guralan boks ýaryşy tamamlandy. Ringdäki bäsleşige ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň 17-sinde bilim alýan ýaşlar gatnaşdylar.

Pälwanlar orta çykanda

Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň köpugurly sport toplumynda 2007—2009-njy ýyllarda doglan ýetginjekleriň hem-de 2004 — 2006-njy ýyllarda doglan ýaşlaryň arasynda kuraş boýunça Türkmenistanyň birinjilikleri, şeýle hem ulularyň arasyndaky ýurdumyzyň çempionaty geçirildi. Ýaryşy Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komiteti hem-de ýurdumyzyň Kuraş federasiýasy gurady. Aşgabat şäherinden we ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan oglan-gyzlaryň ýüzlerçesini bir ýere jemlän ýaryş dartgynly hem-de gyzykly tutluşyklara baý boldy.

Taryhda şu gün

Häzirki günlerde gyzgalaňly dowam edýän Italiýanyň «A Seriýasynda» öňdäki orny eýeleýän «Inter» futbol klubunyň döredilen güni şu gün bilen senelenýär. 1908-nji ýylyň 9-njy martynda Milan şäherinde täze toparyň döredilmegi şol döwürler netijeli çykyş eden «Milan» toparynyň ýolbaşçylarynyň düzümlerine daşary ýurtly oýunçylary çagyrmazlyklary bilen baglanyşdyrylýar. Toparyň bu ýörelgesine nägilelik bildiren janköýerler «Internasionale» futbol klubuny döredýärler.

Sport

Futbolçylaryň üstünligi Golaýda Murgap etrabyndaky sport desgasynda sportuň futbol görnüşi boýunça 2007 — 2008-nji ýyllarda doglan oglanlaryň arasynda welaýatyň birinjiligini almak ugrunda ýaryş geçirildi. Bu ýaryşa welaýatymyzdan sekiz topar gatnaşdy. Ýaryş örän çekeleşikli we örän gyzykly geçdi.

Okuwçy gyzlar ýeňil atletikada güýç synanyşdylar

Änew şäherindäki sport mekdebinde «Türkmenistan — ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy» atly XIII spartakiadanyň çäginde okuwçy gyzlaryň arasyndaky ýeňil atletika ýaryşynyň welaýat tapgyry geçirildi. “Türkmenistan” Ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň welaýat bölüminiň, welaýatyň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň, jemgyýetçilik guramalarynyň, welaýat Baş bilim müdirliginiň bilelikde guramagynda geçen ýaryşa etrap tapgyrlarynda ýeňiji bolan okuwçy gyzlar gatnaşdy. Ýaryşa gatnaşyjylar 100 metr aralyga ylgaw, estafeta we uzynlygyna bökmek boýunça erjelligini görkezdiler. Uly gyzyklanma eýe bolan ýaryşda Kaka etrabyndan gelen okuwçy gyzlar üstün çykyp, toparlaýyn birinji orny eýelediler. Ikinji orna Babadaýhan etrabynyň topary, üçünji orna Ak bugdaý etrabynyň topary mynasyp boldular. Ýeňijilere hormat hatlary hem-de ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.

Zenan bilim işgärleri şaşkada bäsleşdiler

Halkara zenanlar güni mynasybetli Ak bugdaý etrabyndaky ýöriteleşdirilen 46-njy orta mekdepde bilim işgärleriniň arasynda şaşka ýaryşy geçirildi. “Türkmenistan” Ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň welaýat bölüminiň, etrap bilim bölüminiň hem-de Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň bilelikde guramagynda geçen ýaryşa etrabyň dürli ýerlerinden mekdep mugallymlary we çagalar baglarynyň işgärleri gatnaşdy. Zenanlary köpçülikleýin bedenterbiýe we sport-sagaldyş hereketine çekmek, şaşka boýunça güýçlüleri ýüze çykarmak we höweslendirmek, şeýle-de Halkara zenanlar gününi dabaralandyrmak maksady bilen guralan ýaryşda etrapdaky ýöriteleşdirilen 27-nji orta mekdebiň mugallymy Arzygül Podarowa birinji, 4-nji çagalar bagynyň terbiýeçisiniň kömekçisi Gülşirin Gurbandurdyýewa ikinji, 26-njy orta mekdebiň mugallymy Jennet Ataýewa üçünji orna mynasyp boldy. Ýeňijilere “Türkmenistan” Ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň welaýat bölüminiň hormat hatlary, Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň ýörite sowgatlary gowşuryldy.