Güneşli Türkmenistan buzly ýaryşy kabul etmäge taýýarlanýar

11 Mart 2024
474

Türkmenistan eýýäm 10 ýyldan gowrak wagt bäri sportuň gyşky görnüşleriniň hem sebitdäki esasy merkezleriniň birine öwrüldi. Bu babatda ýurdumyzda şaýbaly hokkeýiň okgunly ösüşi aýratyn bellenilmäge mynasyp. Türgenlerimiziň halkara hokkeý ýaryşlaryna, şol sanda dünýä çempionatlaryna gatnaşyp, uly üstünlikleri gazanmaklary bilen bir hatarda, Türkmenistan häzirki wagtda sportuň bu görnüşi boýunça halkara derejeli ýaryşlary geçirmäge giň şertleri bolan ýurda öwrüldi.

Ýene-de bir aýdan gowrak wagtdan Aşgabat nobatdaky sport baýramçylygyny — hokkeý boýunça halkara ýaryşy garşylar. Hormatly Prezidentimiziň ýakynda gol çeken Karary bilen, Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetine bu ýaryşy 15 — 20-nji aprel aralygynda geçirmäge ygtyýar berildi. Baharyň ilkinji gününde gol çekilen bu Karar halkara ýaryşy ýokary derejede geçirmek boýunça alnyp barylýan işleriň depginini has-da güýçlendirdi.

Juma JUMAÝEW,
Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň sport mekdepleriniň işini we sport çärelerini guramak bölüminiň başlygy.
Beýleki habarlar