Pälwanlar orta çykanda

8 Mart 2024
470

Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň köpugurly sport toplumynda 2007—2009-njy ýyllarda doglan ýetginjekleriň hem-de 2004 — 2006-njy ýyllarda doglan ýaşlaryň arasynda kuraş boýunça Türkmenistanyň birinjilikleri, şeýle hem ulularyň arasyndaky ýurdumyzyň çempionaty geçirildi. Ýaryşy Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komiteti hem-de ýurdumyzyň Kuraş federasiýasy gurady.

Aşgabat şäherinden we ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan oglan-gyzlaryň ýüzlerçesini bir ýere jemlän ýaryş dartgynly hem-de gyzykly tutluşyklara baý boldy.

Öwezmuhammet ATALYÝEW,
Türkmenistanyň Kuraş federasiýasynyň baş kätibi, Ýaş olimpiýaçylary taýýarlaýyş mekdebiniň direktory.
Beýleki habarlar