Zenan bilim işgärleri şaşkada bäsleşdiler

7 Mart 2024
668

Halkara zenanlar güni mynasybetli Ak bugdaý etrabyndaky ýöriteleşdirilen 46-njy orta mekdepde bilim işgärleriniň arasynda şaşka ýaryşy geçirildi. “Türkmenistan” Ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň welaýat bölüminiň, etrap bilim bölüminiň hem-de Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň bilelikde guramagynda geçen ýaryşa etrabyň dürli ýerlerinden mekdep mugallymlary we çagalar baglarynyň işgärleri gatnaşdy.

Zenanlary köpçülikleýin bedenterbiýe we sport-sagaldyş hereketine çekmek, şaşka boýunça güýçlüleri ýüze çykarmak we höweslendirmek, şeýle-de Halkara zenanlar gününi dabaralandyrmak maksady bilen guralan ýaryşda etrapdaky ýöriteleşdirilen 27-nji orta mekdebiň mugallymy Arzygül Podarowa birinji, 4-nji çagalar bagynyň terbiýeçisiniň kömekçisi Gülşirin Gurbandurdyýewa ikinji, 26-njy orta mekdebiň mugallymy Jennet Ataýewa üçünji orna mynasyp boldy. Ýeňijilere “Türkmenistan” Ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň welaýat bölüminiň hormat hatlary, Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň ýörite sowgatlary gowşuryldy.

Oguljennet ALLAMYRADOWA,
Ylym we bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Ak bugdaý etrap Geňeşiniň başlygy.
Beýleki habarlar