Okuwçy gyzlar ýeňil atletikada güýç synanyşdylar

7 Mart 2024
543

Änew şäherindäki sport mekdebinde «Türkmenistan — ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy» atly XIII spartakiadanyň çäginde okuwçy gyzlaryň arasyndaky ýeňil atletika ýaryşynyň welaýat tapgyry geçirildi. “Türkmenistan” Ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň welaýat bölüminiň, welaýatyň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň, jemgyýetçilik guramalarynyň, welaýat Baş bilim müdirliginiň bilelikde guramagynda geçen ýaryşa etrap tapgyrlarynda ýeňiji bolan okuwçy gyzlar gatnaşdy.

Ýaryşa gatnaşyjylar 100 metr aralyga ylgaw, estafeta we uzynlygyna bökmek boýunça erjelligini görkezdiler. Uly gyzyklanma eýe bolan ýaryşda Kaka etrabyndan gelen okuwçy gyzlar üstün çykyp, toparlaýyn birinji orny eýelediler. Ikinji orna Babadaýhan etrabynyň topary, üçünji orna Ak bugdaý etrabynyň topary mynasyp boldular. Ýeňijilere hormat hatlary hem-de ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.

Güljemal ATDAÝEWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýat Geňeşiniň işgäri.
Beýleki habarlar