Erjeller üstün çykdy

11 Mart 2024
456

Sarahs etrabyndaky 21-nji orta mekdebiň sport meýdançasynda “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň nesilleri” atly estafeta ýaryşy geçirildi. “Türkmenistan” Ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň welaýat bölüminiň hem-de etrap bilim bölüminiň bilelikde guramagynda geçen ýaryşa etrapdaky orta mekdepleriň okuwçylaryndan düzülen toparlar gatnaşdy.

Ýaşlaryň berk bedenli, sagdyn ruhly bolup ýetişmegini gazanmak, olaryň sport ussatlygyny ýokarlandyrmak maksady bilen geçirilen ýaryşda 2008—2010-njy ýyllarda doglan mekdep okuwçylary ukyp-başarnygyny görkezdiler. Onuň netijesinde 18-nji orta mekdebiň topary birinji, 13-nji orta mekdebiň topary ikinji, 3-nji orta mekdebiň topary üçünji orunlary eýelediler.

Azym BERDIÝEW,
Sarahs etrabyndaky 3-nji orta mekdebiň müdiriniň terbiýeçilik işleri boýunça orunbasary.
Beýleki habarlar