"Türkmeniň ýüpek ýoly" gazeti

Esaslandyryjysy: "Türkmendemirýollary" agentligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Arçabil şaýoly 162-nji jaýy
Telefon belgileri: 94-27-68

Habarlar

Taryhda şu gün

 1994-nji ýylyň 23-nji martynda «Los-Anjeles Kingz» toparynyň hüjümçisi «Wankuwer Kenaks» topary bilen geçirilen duşuşykda hokkeý ýolundaky 802-nji şaýbasyny derwezeden geçirmegi başarýar. Şonda ol iň köp şaýba geçirmekde adygan Gordi Hounyň mundan öňki rekordyny täzelemegi başarýar.

Ýurdumyzda sport we ýaşlar syýasaty dabaralanýar

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda eziz Diýarymyz sagdynlygyň we ösen sportuň ýurdy hökmünde tanalýar. Ýurdumyzyň ähli ýerlerinde gurlup, ulanylmaga berlen sport toplumlarynda ildeşlerimiz sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanýarlar. Bu gün jemgyýetçilik guramalary tarapyndan geçirilýän wagyz-nesihat duşuşyklarynda sagdyn durmuş ýörelgesine eýermegiň hem-de sport bilen meşgullanmagyň ähmiýeti barada giňişleýin düşündirilýär. Şeýle duşuşyklar ýaş nesliň beden we ruhy taýdan kämil ynsanlar bolup ýetişmeklerine ýardam edýär. Häzirki wagtda ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen durmuşa geçirilen we Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan mynasyp dowam etdirilýän sport hem-de ýaşlar syýasaty ajaýyp netijelerini berýär. Türkmen türgenleri halkara ýaryşlarda üstünlikli çykyş edip, Watanymyzyň sport abraýyny belen-de galdyrýarlar. Ýaşlaryň sportuň dürli görnüşleri bilen köpçülikleýin meşgullanmaklary bolsa ýurdumyzda sport we ýaşlar syýasatynyň dabaralanýandygynyň aýdyň subutnamasyna öwrülýär. Sporty, köpçülikleýin bedenterbiýäni, sagdyn durmuş ýörelgesini, milliligi, däp-dessurlarymyzy wagyz etmekde geçirilýän çäreleriň oňyn netije berýändigi buýsandyryjy ýagdaýdyr.

Täze çempionlar kesgitlenildi

Ýakynda küşt boýunça geçirilen Türkmenistanyň çempionaty 21 ýaşly harby gullukçynyň we 17 ýaşly mekdep okuwçysynyň ilkinji çempionlygy bilen tamamlandy. Sport ýoluny çempionlyk derejeleriniň birnäçesi bilen bezän beýleki küştçüler bolsa olardan aşakdaky orunlar üçin göreşmeli boldular. Aslynda, küşt boýunça birinjiliklerdir çempionatlar ýylyň başyndan bäri dowam edip gelýär. Ýöne iki hepdeläp dowam edip, ýakynda tamamlanan ýaryş — Türkmenistanyň Ýokary ligasy şolaryň iň abraýlysy. Çünki Ýokary ligada ýurdumyzyň iň güýçli küştçüleri ýaryşýarlar. Ýaryş erkek we zenan küştçüleriň arasynda aýry-aýrylykda geçirilýär.

Ýe­ňiş­ler Pa­ri­že go­laý­lad­ýar

Türk­men döw­let bi­na­gär­lik-gur­lu­şyk ins­ti­tu­ty­nyň ta­ly­by Ser­dar Ra­hy­mow Lat­wi­ýa­nyň paý­tag­ty Ri­ga şä­he­rin­de ulu­la­ryň ara­syn­da dzýu­do bo­ýun­ça ge­çi­ri­len Ýew­ro­pa­nyň açyk çem­pio­na­tyn­da kü­müş me­dal ga­zan­dy. 66 ki­log­ra­ma çen­li ag­ram de­re­je­sin­de ýa­ry­şan il­de­şi­miz bu üs­tün­li­ge 45 tür­ge­niň ara­syn­da ýet­di. Türk­me­nis­tan­ly tür­gen il­kin­ji tut­lu­şy­gyn­da ys­ra­ýyl­ly Gaý Gat­ma­ny ýe­ňen bol­sa, ikin­ji tut­lu­şy­gyn­da Be­ýik Bri­ta­ni­ýa­dan Jo­şua Bel­li­ni ýa­ryş­dan çy­kar­dy. Soň is­pa­ni­ýa­ly Sua­rez Ae­ti­les­den üs­tün çy­kyp, çär­ýek fi­nal­da gru­zi­ýa­ly Lu­ka Çop­lia­ni­ni ýeň­di. Ýa­rym fi­nal­da, kyn­lyk bi­len hem bol­sa, fran­si­ýa­ly Wil­li­am Sy­si­gi ýe­ňen il­de­şi­miz fi­nal tut­lu­şy­gyn­da al­tyn me­da­lyň eýe­si Fin­li Al­lan­dan (Be­ýik Bri­ta­ni­ýa) as­gyn gel­di.

Çempiondan mynasyp başlangyç

Geçen ýylyň baharynda döredilip, ilkinji möwsümini goşa baýrak bilen jemlän, gyşda Türkiýe Respublikasynda we Birleşen Arap Emirliklerinde geçiren okuw-türgenleşik ýygnanyşyklarynda Merkezi Aziýanyň we Ýewropanyň güýçli toparlarynyň birnäçesi bilen ýoldaşlyk duşuşyklaryny geçirip, halkara tejribesini artdyran «Arkadag» futbol topary ýurdumyzyň çempionatynyň täze möwsümine hem üstünlikli girişdi. 3-nji martda başlanan täze möwsümde topar eýýäm iki ýeňiş gazanyp, ýaryş tertibiniň ikinji basgançagyna çenli beýgeldi. Täze möwsümiň açylyş tapgyrynda dynç alan ýurdumyzyň «akylly» şäheriniň adybir futbol topary 2-nji tapgyrda geçen möwsümiň kümüş medalynyň eýesi — paýtagtyň «Altyn asyr» futbol toparyny 3:0 hasabynda ýeňdi. Toparyň kapitany Arslanmyrat Amanow duşuşygyň 14-nji minutynda tapawutlanyp, «Arkadag» futbol toparynyň düzüminde täze möwsümde ilkinji goly geçirmegi başaran futbolçy boldy. Şondan soň 27-nji minutda Didar Durdyýew, 82-nji minutda bolsa Altymyrat Annadurdyýew tapawutlanyp, çempionyň möwsüme mynasyp girişmegine şert döretdiler.

Ussatlygyn äşgär eden türgenler

Ýakynda Türkmenistanyň Karate-do federasiýasynyň guramagynda 2024-nji ýylda Ahal welaýatynyň açyk birinjiligini almak ugrunda bäsleşik geçirildi. Ýurdumyzyň milli ýygyndysynyň, ähli welaýatlaryň we paýtagtymyzyň toparlarynyň ünsüni özüne çeken bu çempionata Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň harby gullukçylary — halypa tälimçi, gara guşagyň III danynyň eýesi, sport ussady, uly leýtenant Güýç Gökowyň taýýarlan talyp türgenleri bilen bilelikde, borçnama boýunça harby gullugyň starşinasy Annageldi Rahymowyň we kapitan Mülkaman Sahadowyň şägirtleri hem işjeň gatnaşyp, özleriniň ussatlyklaryny ýene bir ýola äşgär edip, baýrakly orunlaryň birnäçesini eýelemegi başardylar. Bäsleşikde Kumite görnüşi boýunça 18 — 29 ýaşly türgenleriň arasynda esger Atamyrat Çaryýew 1-nji, tälimçi türgen — uly leýtenant Güýç Gökow we harby talyp Annanur Tagansähedow hem final tutluşygyna çenli göreşip, 2-nji orny eýelemegi başardylar. Gara guşagyň I danynyň eýesi, borçnama boýunça harby gullugyň uly seržanty Şatlyk Tekäýew, harby talyplar Arslan Babanazarow we Myrat Saryýew dagy hem ýokary netijeleri görkezip, 3-nji orna mynasyp boldular.

Sport — biziň hemramyz

Üstünlikleriň we özgerişlikleriň gözbaşy mähriban halkymyzyň her bir raýatynyň sagdynlygynda we ruhubelentligindedir. Sagdynlygy we ruhubelentligi berkarar etmegiň ilkinji şerti hökmünde sporty, köpçülikleýin bedenterbiýäni ösdürmek möhüm. Şeýle bolansoň, sagdyn durmuşyň tarapdary Milli Liderimiziň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen Türkmenistan halkara sport hyzmatdaşlygynyň mekany hökmünde özüni dünýä tanatmagy başardy. Soňky ýyllarda türkmen türgenleriniň gazanýan beýik ýeňişleri, görkezýän ýokary netijeleri muny doly tassyklaýar. Eziz Diýarymyzda kämil türgenleri taýýarlamak, olarda maksadaokgunlylyk, işjeňlik, erjellik we ýeňşe bolan ynamlylyk ýaly häsiýetleri kemala getirmek meselelerine uly üns berilýär. Türkmenistan halkara sport ýaryşlaryna diňe bir gatnaşman, iri sport bäsleşiklerini özünde geçirmek üçin hem ýeterlik tejribe toplady. 2017-nji ýylda paýtagtymyz Aşgabatda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň, soňra «Amul — Hazar 2018» halkara awtorallisiniň we Agyr atletika boýunça dünýä çempionatynyň ýokary derejede geçirilmegi we şu ýylda ýurdumyzda ýene-de iki sany halkara sport ýaryşlarynyň geçirilmegine garaşylmagy bellärliklidir. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy netijesinde Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan 3-nji iý

Woleýbolçylar ýaryşdylar

Düýn Halkara Nowruz güni mynasybetli etrabymyzdaky 2-nji ýöriteleşdirilen sport mekdebinde woleýbol boýunça etrabyň birinjiligini almak ugrunda ýaryş geçirildi. Çekeleşikli ýaryşyň netijesi bounça 4-nji sport mekdebiň topary birinji, 2-nji sport mekdebiň topary ikinji, 1-nji sport mekdebiň topary bolsa üçünji orunlara mynasyp boldular. Ýeňijiler Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň etrap birleşmesi tarapyndan ýadygärlik sowgatlary bilen sylaglanyldylar.

Küştçi doganlaryň nobatdaky üstünligi

Lebaply küştçüler Lala we Leýla Şöhradowalar ýakynda paýtagtymyzda geçirilen ýurdumyzyň çempionatynda degişlilikde ikinji we üçünji orunlary eýelediler. Erkekleriň we zenan küştçüleriň arasynda aýry-aýrylykda geçirilen milli çempionat, her ýyl bolşy ýaly, şu ýyl hem garaşylmadyk netijelere baý boldy. Dänewli uýalaryň ulusy Lalanyň geçen ýylky çempionlygyny gaýtalamagy Leýlanyň oýnuna bagly boldy. Çünki Leýla çempionatda ahyrky duşuşygyny çempionlyk üçin Lala bilen deň göreş alyp baran paýtagtly türgen Merýem Agajanowa bilen geçirdi. Leýlanyň güýçli garşydaşyndan sähelçe tapawut bilen asgyn gelmegi paýtagtly küştçüniň ýurdumyzyň çempiony bolmagyna şert döretdi. Geçen ýylky çempion Lala Şöhradowa bolsa bu ýyl kümüş medal bilen oňňut etmeli boldy.

Iň ökde agyr atletikaçylar ýüze çykaryldy

Ýakynda welaýat bedenterbiýe we sport baradaky baş müdirligi tarapyndan Türkmenabat şäherindäki 3-nji sport mekdepde agyr atletika boýunça welaýatymyzyň çempionaty geçirildi. Oňa Dänew, Çärjew etraplarynyň, Türkmenabat şäheriniň türgenleri gatnaşdylar. Ýaryşyň jemi boýunça Türkmenabat şäheriniň toparynyň türgenleriniň 7-si baş baýraga mynasyp boldy. Olar Süleýman Jafarow, Ismailbek Islambaýew, Begenç Hemraýew, Jalil Raimberdiýew, Wiktoriýa Magdaseýewa, Mähri Erkinowa, Firuza Hudaýberdiýewa dagydyr. Şeýle-de Çärjew etrabyndan Ibragim Şaýmerdankulyýewiň tälim beren türgenlerinden Sangiza Bahtiýarowa, Atamurat Babajanow, Gänji Amangeldiýew öz agram derejesinde öňdeligi eýelediler. Dänew etrabynyň 2-nji sport mekdebiniň agyr atletikaçylaryndan Mähriban Jumaýewa, Arzuw Batyrjanowa, Muhabat Jafarowa dagy hem üstünlikli çykyş edip, altyn medala eýe boldular.

Ýagşymyradow indiki tutluşygyny aprelde geçirer

Garyşyk söweş sungaty boýunça çykyş edýän 34 ýaşly lebaply türgen Döwletjan Ýagşymyradowyň (21-7-1) söweş sungatynyň meşhur PFL ― 2024 ligasyndaky ilkinji garşydaşy sloweniýaly Jeýkob Nedo (8-1) bolar. Ýarym agyr agram derejesinde Ýagşymyradow bilen Nedonyň arasyndaky tutluşyk 12-nji aprelde ABŞ-nyň Newada ştatynyň Las-Wegas şäherinde geçiriler. Täze PFL—2024 möwsüminiň ähli gatnaşyjylary Gran-Priniň çäklerinde çempionlyk kemeri hem-de 1 million dollar möçberindäki pul baýragy üçin göreşerler.

Ökdeler öňe saýlandy

Bäherden etrabynyň sport mekdebinde ýaş türgenleriň arasynda sportuň küşt we stoluň üstünde oýnalýan tennis görnüşleri boýunça ýaryş geçirildi. Ýylyň şygaryndan ruhlanyp, “Dana Pyragynyň öwütleri nesilleri sagdyn durmuşa, watansöýüjilige we agzybirlige çagyryşdyr” ady bilen geçirilen ýaryş etrabyň sport mekdebi we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň etrap Geňeşi tarapyndan bilelikde guraldy. Gyzykly geçen ýaryşyň netijesinde küşt boýunça etrabyň 30-njy orta mekdebiň okuwçylary birinji orny, 27-nji orta mekdebiň okuwçylary ikinji orny, 2-nji orta mekdebiň okuwçylary bolsa üçünji orny eýelediler. Stoluň üstünde oýnalýan tennis boýunça 27-nji orta mekdebiň ýaş türgenleri birinji orny, 28-nji orta mekdebiň türgenleri ikinji orny, 2-nji orta mekdebiň türgenleri bolsa üçünji orny eýelediler. Ýaryşda ýeňiş gazanan toparlara Bäherden etrabynyň sport mekdebiniň hormat hatlary we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň etrap Geňeşiniň ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

Ýaş türgenleriň üstünlikli çykyşlary

Şu günler paýtagtymyzda «Türkmenistan — ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy» atly XIII spartakiadanyň çägindäki sport ýaryşlarynyň döwlet tapgyry geçirilýär. Olara welaýatymyzyň mekdep okuwçylary işjeň gatnaşyp, degişli sport görnüşleri boýunça üstünlikli çykyş edýärler. Welaýatymyzyň mekdep okuwçylary woleýbol ýaryşlarynda şowly çykyş etdiler. Aşgabat şäherindäki 37-nji orta mekdepde geçen ýaryşda okuwçy gyzlarymyzdan düzülen woleýbol topary ikinji orny eýeledi. Welaýatymyzyň okuwçy oglanlary hem woleýbolda baýrakly ikinji orna mynasyp boldular. Oglanlaryň arasyndaky bu ýaryş paýtagtymyzdaky 76-njy orta mekdepde geçdi.

Sport

Sport ýaryşy geçirildi Halkara Nowruz güni mynasybetli, welaýatyň pudaklaýyn edaralarynyň işgärleriniň arasynda sportuň woleýbol görnüşi boýunça ýaryş geçirildi. Welaýat bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň, Arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň welaýat bölüminiň, Saglygy goraýyş, Baş bilim, Dermanhana müdirlikleriniň bilelikde guramaklarynda Daşoguz şäherindäki 4-nji sport mekdebinde geçirilen ýaryşa ýygyndy toparlar gatnaşdy. Ýaryş örän çekeleşikli geçdi. Eminler toparynyň gelen netijesine görä, 1-nji orna welaýat bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň, 2-nji orna Baş bilim müdirliginiň, 3-nji orna Arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň işgärlerinden düzülen toparlar mynasyp boldular. Ýeňijiler Hormat hatlary, TKA-nyň welaýat birleşmesiniň sowgatlary bilen sylaglandylar.

Sport habarlary

Welaýat bedenterbiýe we sport baradaky baş müdirliginiň guramagynda Türkmenabat şäherindäki 7-nji sport mekdepde türkmen milli göreşi boýunça welaýatymyzyň ýygyndy toparlarynyň arasynda «Türkmenistan — ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy» atly XIII sport ýaryşlarynyň welaýat tapgyry geçirildi. Ýaryşa Türkmenabat şäherinden, Saýat etrabyndan üç, Kerki we Darganata etraplaryndan bolsa bir topar gatnaşdy. Çekeleşikli geçen ýaryşa türgenleriň 36-sy gatnaşyp, degişli agram derejeleri boýunça güýç synanyşdylar. Toparlaýyn netijeler boýunça Saýat etrabynyň birinji topary ähli bäsdeşlerinden rüstem geldi. Ikinji orny türkmenabatly pälwanlar eýelän ýaryşda öňdäki üçlügi Saýat etrabynyň ikinji topary jemledi.

Woleýbol boýunça ýaryş geçirildi

Milli bahar baýramy mynasybetli etrabymyzdaky 1-nji sport mekdebinde bilim edaralarynda zähmet çekýän aýal-gyzlardan düzülen toparlaryň arasynda woleýbol boýunça ýaryş geçirildi. Etrap bilim bölüminiň guramagynda geçirilen bu ýaryş ruhubelentlige beslendi. Ýaryşyň netijeleri boýunça 13-nji orta mekdebiň topary birinji orna mynasyp boldy. Ikinji we üçünji baýrakly orunlary degişlilikde etrabymyzdaky 6-njy we 28-nji orta mekdepleriň toparlary eýelediler. Ýeňijilere guramamyzyň adyndan dabaraly ýagdaýda baýramçylyk sowgatlaryny gowşurdyk.

Sport. Sport. Sport.

Türgenler ezberligini görkezdiler Golaýda Aşgabat şäherindäki “Olimp” orta sport mekdebinde sportuň dzýudo görnüşi boýunça 2009 — 2010-njy hem-de 2011 — 2012-nji ýyllarda doglan oglanlaryň arasynda Aşgabat şäheriniň açyk birinjiligini almak ugrunda ýaryş geçirildi. Ýaryşa Aşgabat şäherinden we welaýatlardan türgenler gatnaşdylar.

Türkmenistan — Sport ýurdy

«7/24. tm» №12 (199), 18.03.2024 Türkmenistanyň maýyplarynyň merkezi bedenterbiýe-sport klubunyň guramagynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň «Seýrana» myhmanhanasynda görüş taýdan şikesli türgenleriň arasynda küşt we şaşka boýunça Türkmenistanyň çempionaty geçirildi. Küşt boýunça zenan türgenleriň arasynda Daşoguz welaýatyndan Mahym Taganowa, erkekleriň arasynda Aşgabat şäherinden Arslan Meredow, on alty ýaşa çenli ýetginjek türgenleriň arasynda aşgabatly Şyhmämmet Baýramalyýew, halkara şaşka boýunça zenanlaryň arasynda daşoguzly Sewinç Waisowa, erkekleriň arasynda Mary welaýatyndan Çarymyrat Orazdurdyýew, on alty ýaşa çenli ýetginjek türgenleriň arasynda Daşoguz welaýatyndan Allanur Ahmedow Türkmenistanyň çempiony boldular. Ýeňiş gazanan türgenler Hormat hatlary we baýraklar bilen sylaglanyldy.

We­lo­si­pe­d we sag­ly­k

«7/24. tm» №12 (199), 18.03.2024 We­lo­si­ped sür­mek adam­la­ryň he­niz ça­ga­ka öw­ren­ýän we hiç wagt ýa­dyn­dan çy­kar­ma­ýan iň peý­da­ly sport gör­nüş­le­ri­niň bi­ri­dir. We­lo­si­ped sür­mek yn­san sag­ly­gy­na hem­me­ta­rap­la­ýyn peý­da­ly bo­lup, onuň öm­ri uzal­dy­jy aý­ra­tyn­ly­gy bar­dyr. Ge­çi­ri­len bar­lag­lar yzy­gi­der­li we­lo­si­ped sür­ýän adam­la­ryň has sag­dyn bo­lup, bag­ty­ýar dur­muş­da ýa­şa­ýan­dyk­la­ry­ny gör­kez­ýär. We­lo­si­ped sür­mek gö­nü­den-gö­ni sag­ly­ga öz tä­si­ri­ni ýe­tir­ýär.

Hok­keý bo­ýun­ça hal­ka­ra ýa­ry­şy

«7/24. tm» №12 (199), 18.03.2024 Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň ba­şy­ny baş­lan be­ýik baş­lan­gyç­la­ry my­na­syp do­wam et­di­ri­lip, Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de spor­tuň pa­jar­lap ös­ýän, köp­çü­lik­le­ýin be­den­ter­bi­ýe-sa­gal­dyş he­re­ke­ti­niň bar­ha ro­waç­lan­ýan, iri hal­ka­ra ýa­ryş­la­ryň yzy­gi­der­li ge­çi­ril­ýän ýur­dy hök­mün­de Ga­raş­syz, he­mi­şe­lik Bi­ta­rap Türk­me­nis­ta­nyň ab­ra­ýy gün­sa­ýyn art­ýar.