Sport habarlary

18 Mart 2024
555

Welaýat bedenterbiýe we sport baradaky baş müdirliginiň guramagynda Türkmenabat şäherindäki 7-nji sport mekdepde türkmen milli göreşi boýunça welaýatymyzyň ýygyndy toparlarynyň arasynda «Türkmenistan — ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy» atly XIII sport ýaryşlarynyň welaýat tapgyry geçirildi. Ýaryşa Türkmenabat şäherinden, Saýat etrabyndan üç, Kerki we Darganata etraplaryndan bolsa bir topar gatnaşdy.

Çekeleşikli geçen ýaryşa türgenleriň 36-sy gatnaşyp, degişli agram derejeleri boýunça güýç synanyşdylar. Toparlaýyn netijeler boýunça Saýat etrabynyň birinji topary ähli bäsdeşlerinden rüstem geldi. Ikinji orny türkmenabatly pälwanlar eýelän ýaryşda öňdäki üçlügi Saýat etrabynyň ikinji topary jemledi.

Daniýar BERDIÝEW,
Türkmenabat şäherindäki 1-nji sport mekdebiň müdiri.
Beýleki habarlar