Iň ökde agyr atletikaçylar ýüze çykaryldy

20 Mart 2024
417

Ýakynda welaýat bedenterbiýe we sport baradaky baş müdirligi tarapyndan Türkmenabat şäherindäki 3-nji sport mekdepde agyr atletika boýunça welaýatymyzyň çempionaty geçirildi. Oňa Dänew, Çärjew etraplarynyň, Türkmenabat şäheriniň türgenleri gatnaşdylar.

Ýaryşyň jemi boýunça Türkmenabat şäheriniň toparynyň türgenleriniň 7-si baş baýraga mynasyp boldy. Olar Süleýman Jafarow, Ismailbek Islambaýew, Begenç Hemraýew, Jalil Raimberdiýew, Wiktoriýa Magdaseýewa, Mähri Erkinowa, Firuza Hudaýberdiýewa dagydyr. Şeýle-de Çärjew etrabyndan Ibragim Şaýmerdankulyýewiň tälim beren türgenlerinden Sangiza Bahtiýarowa, Atamurat Babajanow, Gänji Amangeldiýew öz agram derejesinde öňdeligi eýelediler. Dänew etrabynyň 2-nji sport mekdebiniň agyr atletikaçylaryndan Mähriban Jumaýewa, Arzuw Batyrjanowa, Muhabat Jafarowa dagy hem üstünlikli çykyş edip, altyn medala eýe boldular.

Bahtiýar ÇARYÝEW,
Türkmenabat şäherinidäki 3-nji sport mekdebiň müdiri.
Beýleki habarlar