Ökdeler öňe saýlandy

20 Mart 2024
492

Bäherden etrabynyň sport mekdebinde ýaş türgenleriň arasynda sportuň küşt we stoluň üstünde oýnalýan tennis görnüşleri boýunça ýaryş geçirildi. Ýylyň şygaryndan ruhlanyp, “Dana Pyragynyň öwütleri nesilleri sagdyn durmuşa, watansöýüjilige we agzybirlige çagyryşdyr” ady bilen geçirilen ýaryş etrabyň sport mekdebi we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň etrap Geňeşi tarapyndan bilelikde guraldy.

Gyzykly geçen ýaryşyň netijesinde küşt boýunça etrabyň 30-njy orta mekdebiň okuwçylary birinji orny, 27-nji orta mekdebiň okuwçylary ikinji orny, 2-nji orta mekdebiň okuwçylary bolsa üçünji orny eýelediler. Stoluň üstünde oýnalýan tennis boýunça 27-nji orta mekdebiň ýaş türgenleri birinji orny, 28-nji orta mekdebiň türgenleri ikinji orny, 2-nji orta mekdebiň türgenleri bolsa üçünji orny eýelediler. Ýaryşda ýeňiş gazanan toparlara Bäherden etrabynyň sport mekdebiniň hormat hatlary we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň etrap Geňeşiniň ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

Seýdylla ÝAZMÄMMEDOW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Bäherden etrap Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.
Beýleki habarlar