Ýaş türgenleriň üstünlikli çykyşlary

20 Mart 2024
526

Şu günler paýtagtymyzda «Türkmenistan — ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy» atly XIII spartakiadanyň çägindäki sport ýaryşlarynyň döwlet tapgyry geçirilýär. Olara welaýatymyzyň mekdep okuwçylary işjeň gatnaşyp, degişli sport görnüşleri boýunça üstünlikli çykyş edýärler.

Welaýatymyzyň mekdep okuwçylary woleýbol ýaryşlarynda şowly çykyş etdiler. Aşgabat şäherindäki 37-nji orta mekdepde geçen ýaryşda okuwçy gyzlarymyzdan düzülen woleýbol topary ikinji orny eýeledi. Welaýatymyzyň okuwçy oglanlary hem woleýbolda baýrakly ikinji orna mynasyp boldular. Oglanlaryň arasyndaky bu ýaryş paýtagtymyzdaky 76-njy orta mekdepde geçdi.

Annamuhammet GULOW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýat Geňeşiniň bölüm müdiri.
Beýleki habarlar