Küştçi doganlaryň nobatdaky üstünligi

20 Mart 2024
446

Lebaply küştçüler Lala we Leýla Şöhradowalar ýakynda paýtagtymyzda geçirilen ýurdumyzyň çempionatynda degişlilikde ikinji we üçünji orunlary eýelediler.

Erkekleriň we zenan küştçüleriň arasynda aýry-aýrylykda geçirilen milli çempionat, her ýyl bolşy ýaly, şu ýyl hem garaşylmadyk netijelere baý boldy. Dänewli uýalaryň ulusy Lalanyň geçen ýylky çempionlygyny gaýtalamagy Leýlanyň oýnuna bagly boldy. Çünki Leýla çempionatda ahyrky duşuşygyny çempionlyk üçin Lala bilen deň göreş alyp baran paýtagtly türgen Merýem Agajanowa bilen geçirdi. Leýlanyň güýçli garşydaşyndan sähelçe tapawut bilen asgyn gelmegi paýtagtly küştçüniň ýurdumyzyň çempiony bolmagyna şert döretdi. Geçen ýylky çempion Lala Şöhradowa bolsa bu ýyl kümüş medal bilen oňňut etmeli boldy.

Akmyrat NIKOLAÝEW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň welaýat geňeşiniň bölüm müdiri.
Beýleki habarlar