"Türkmenistanyň Prezidentiniň Metbugat çapary" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-09, 38-61-11, 38-61-12
Email: metbugatchapary-gazeti@online.tm

Habarlar

Okuw maslahaty geçirildi

Türkmenabat şäherinde Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň guramagynda üç günlük okuw maslahaty geçirildi. Oňa döwlet edaralarynyň işgärleri, welaýatymyzyň iri jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri we hünärmenler gatnaşdylar. «Terrorçylyga eltýän zorlukly ekstremizmiň, radikalizmiň howpuna garşy göreşmegiň çäklerinde jemgyýetçilik liderleriniň habarlylygyny ýokarlandyrmak» diýen mowzuk bilen geçirilen bu okuw maslahatynyň dowamynda degişli ugur boýunça halkara derejeli bilermenleriň täsirli çykyşlary diňlenildi. Sowal-jogap alyşmak boýunça geçirilen bu çärede degişli howpa eltip biläýjek ýagdaýlary aradan aýyrmakda bilelikde göreşmegiň zerurdygyna aýratyn üns çekildi. Şonuň ýaly-da okuw maslahatynyň dowamynda edilen çykyşlarda özara düşünişmegi we ynanyşmagy pugtalandyrmagyň, adamlaryň ýaşaýşynyň ykdysady hem-de durmuş şertlerini gowulandyrmagyň ýolundaky möhüm ädimlere hem garaldy.

Eý­ran Ys­lam Res­pub­li­ka­syn­da türk­men-eý­ran işe­wür­lik fo­ru­my ge­çi­ri­ler

17-nji iýun­da Ma­şat şä­he­rin­de türk­men-eý­ran işe­wür­lik fo­ru­my­nyň ge­çi­ril­me­gi me­ýil­leş­di­ril­ýär. «Täh­ran Taýmsyň» ha­bar ber­megine görä, oňa iki ýur­duň işe­wür­le­ri­dir te­le­ke­çi­le­ri gat­na­şar­lar.

Ýaponiýa Türkmenistan bilen ulag ýollaryny diwersifikasiýalaşdyrmakda hyzmatdaşlyk eder

Ýaponiýa Merkezi Aziýa üçin möhüm ähmiýete eýe bolan ulag ýollaryny diwersifikasiýalaşdyrmak babatda Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegi maksat edinýär. Bu barada «Trend» habarlar gullugy ýazýar. Ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň durnukly ösmegi üçin Ýaponiýanyň Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyga uly ähmiýet berýändigi bellendi.

Türkmenistan — Wengriýa: köpugurly gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň ýolunda

Türkmenistan Ýewropa Bileleşigine agza döwletler bilen netijeli hyzmatdaşlygy alyp barýar. Şolaryň biri-de Wengriýa Respublikasydyr. Bu dostlukly ýurduň Premýer-ministri Wiktor Orbanyň 8-9-njy iýunda Türkmenistana amala aşyran resmi sapary türkmen-wenger döwletara gatnaşyklarynyň taryhynda möhüm ähmiýetli waka boldy. 9-njy iýunda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen Wengriýanyň Hökümet Baştutany Wiktor Orbanyň arasynda geçirilen gepleşikleriň dowamynda türkmen-wenger hyzmatdaşlygynyň giň ugurlary boýunça pikir alşyldy. Taraplar özara bähbitli, uzak möhletleýin hyzmatdaşlyk üçin uly kuwwatyň bardygyny belläp, gatnaşyklary ösdürmegiň wajypdygyny nygtadylar. Şunda ýurtlarymyzyň köptaraplaýyn görnüşde, abraýly halkara guramalaryň çäklerinde netijeli gatnaşyklara ygrarlydyklary tassyklanyldy. Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk barada aýdylanda, döwlet Baştutanymyz ikitaraplaýyn haryt dolanyşygynyň möçberini artdyrmak üçin bilelikdäki kärhanalary döretmegiň, işewürleriň gatnaşyklaryny ýygjamlaşdyrmagyň, energetika, ulag, suw hojalygy, derman senagaty, senagat kooperasiýasy ulgamlaryndaky hyzmatdaşlygy anyk maýa goýum taslamalary arkaly giňeltmegiň zerurdygyna ünsi çekdi.

Türkmen-wenger gatnaşyklarynyň ileri tutulýan ugurlaryna täze itergi berildi

Türkmenistanyň Prezidentiniň we Wengriýanyň Premýer-ministriniň arasyndaky gepleşikler Aşgabat, 9-njy iýun (TDH). Şu gün paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň we düýn ýurdumyza resmi sapar bilen gelen Wengriýanyň Premýer-ministri Wiktor Orbanyň arasynda gepleşikler geçirildi.

Türkmen-wenger hyzmatdaşlygy bar bolan mümkinçilikleri nazara almak bilen okgunly ösdürilýär

Türkmenistanyň Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlary bilen gatnaşyklarynyň has işjeňleşen döwründe türkmen-wenger hyzmatdaşlygyna aýratyn orun degişlidir. Şu jähetden, Wengriýanyň Hökümetiniň Baştutanynyň Türkmenistana iki günlük resmi sapary amala aşyrmagy ýurdumyzyň halkara abraýynyň belende galýandygynyň we durmuşa geçirýän daşary syýasatynyň netijeliliginiň nobatdaky subutnamasydyr. Şoňa görä-de, 8-nji iýunda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Wengriýanyň Premýer-ministri Wiktor Orban bilen duşuşdy. ÝURDUMYZYŇ ÖSÜŞINE GYZYKLANMA BILEN SYN EDILÝÄR

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Wengriýanyň Premýer-ministri bilen duşuşygy

Aşgabat, 8-nji iýun (TDH). Şu gün Wengriýanyň Premýer-ministri Wiktor Orbanyň Türkmenistana iki günlük resmi sapary başlandy. Iki dostlukly ýurduň Döwlet baýdaklary bilen bezelen Aşgabadyň Halkara howa menzilinde Wengriýanyň Hökümetiniň Baştutanyny resmi adamlar garşyladylar. Uçaryň golaýynda haly düşelen ýodajygyň ugrunda Hormat garawuly nyzama düzüldi. Asylly däbe görä, milli lybasly oglan we gyz belent mertebeli myhmana duz-çörek hödürleýärler we gül dessesini gowşurýarlar.

Köpugurly mümkinçilikleri durmuşa geçirmegiň ýolunda

Gara deňziň gündogar kenarynda, Ýewropa bilen Aziýanyň arasynda möhüm çatrykda ýerleşýän Gruziýa bilen Türkmenistany halkara gün tertibiniň derwaýys meseleleri boýunça garaýyşlarynyň ýakynlygy, şeýle-de halklaryň abadançylygyny nazarlaýan ykdysady bähbitler birleşdirýär. Söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň bar bolan gurallaryndan netijeli peýdalanylmagy bolsa ikitaraplaýyn gatnaşyklary dürli ugurlarda has-da ilerletmäge mümkinçilik berýär. Golaýda Tbiliside geçirilen Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-gruzin toparynyň dördünji mejlisiniň işi hem hut şu maksada gönükdirildi. Hökümetara toparyň nobatdaky mejlisine gatnaşmak üçin Türkmenistanyň söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri B.Goçmollaýewiň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Gruziýada saparda boldy. Saparyň çäklerinde iki ýurduň döwlet düzümleriniň, işewür toparlarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda dürli mazmunly duşuşyklar geçirilip, olarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljegi, hususan-da, senagat, energetika, oba hojalygy we ulag ulgamlarynda bar bolan söwda-ykdysady, maýa goýum mümkinçilikleri jikme-jik ara alnyp maslahatlaşyldy. Gruziýa Türkmenistanyň iri söwda hyzmatdaşlarynyň ilkinji onlugyna girýär. Şunda ykdysadyýetiň dürli ugurlary boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin ýurtlarymyzyň ýeterlik kuwwatynyň bardygyna aýratyn üns çekmek zerur. Özara söwda dolanyşygynyň möç

Dost-doganlyk gatnaşyklary

Hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň Garaşsyzlygyny ilkinji bolup ykrar eden Türkiýe döwleti bilen Türkmenistanyň parahatçylykly hyzmatdaşlygy ösdürmekde baý tejribesi bar. Arkadagly Serdarymyzyň şu ýylyň 3-nji iýunynda türk tarapynyň çakylygy boýunça Rejep Taýyp Ärdoganyň Türkiýe Respublikasynyň gaýtadan saýlanan Prezidenti hökmünde wezipä girişmek dabarasyna gatnaşmagy özara bähbitli hyzmatdaşlygy täze sepgitlere ýetirmegiň aýdyň ýoly boldy. Munuň özi asyrlaryň jümmüşine uzap gidýän türkmen-türk gatnaşyklarynyň mizemez dost-doganlygyň, özara ynanyşmagyň, ygtybarly hyzmatdaşlygyň aýdyň nusgasy bolup durýar.

Türkmenistan bilen Gruziýa ulag we energetika pudaklary boýunça hyzmatdaşlygy has-da ösdürmek isleýär

6-njy iýunda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-gruzin toparynyň mejlisi geçirildi. Türkmen tarapyna Türkmenistanyň söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri Begenç Goçmollaýew, gruzin tarapyna bolsa Gruziýanyň wise-premýeri, ykdysadyýet we durnukly ösüş ministri Lewan Dawitaşwili ýolbaşçylyk etdi. Duşuşyga iki ýurduň degişli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary we öňdebaryjy hünärmenleri gatnaşdylar.

Hyzmatdaşlygyň hukuk binýady

«Açyk gapylar» syýasatyna laýyklykda, «Türkmenistanyň daşary ykdysady işini ösdürmegiň 2020 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy» üstünlikli alnyp barylýar. Bazar gatnaşyklaryna esaslanýan milli ykdysadyýetiň diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürilmeginde eksport-import gatnaşyklarynyň mukdarynyň artmagyna aýratyn orun degişli bolup durýar. Sebit ýurtlarynyň arasynda ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn strategik hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ösdürmek bilen bir hatarda, halkara ykdysady guramalar bilen hem hyzmatdaşlygyň gerimi giňeýär. Häzirki wagtda Türkmenistanyň Bütindünýä Söwda Guramasyna agzalygy boýunça işler depginli alnyp barylýar. Geçen hepdede hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken Kararyna laýyklykda, Türkmenistanyň daşary söwda düzgüni barada Ähtnamany işläp düzmek boýunça iş topary döredildi hem-de onuň düzümi tassyklanyldy. Bu iş toparynyň esasy işi Türkmenistanyň Bütindünýä Söwda Guramasyna agzalygy ugrunda alnyp barylýan işleriň ilerledilmegine öz oňyn täsirini ýetirer. Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan işjeň daşary syýasatynyň kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek ugrunda Türkmenistanyň Mejlisi tarapyndan meýilnamalaýyn işler alnyp barylýar. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň iýun aýynyň 3-ne Türkmenistanyň Mejlisiniň ýedinji çagyrylyşynyň ikinji maslahaty geçirildi. Bu maslahatyň gün tertibine girizilen beýleki kanun taslamalary bilen bir ha

Halkara hyzmatdaşlyk pugtalanýar

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň taryhy başlangyçlaryny üstünlikli dowam edýän hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda eziz Diýarymyz dünýäde oňyn daşary syýasat strategiýasyny yzygiderli durmuşa geçirýär, goňşy döwletler bilen dost-doganlyk gatnaşyklary, özara bähbitli hyzmatdaşlygy pugtalandyrýar. Dünýä ýurtlary we goňşy döwletler bilen dostlukly syýasaty alyp barýan hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda şu ýylyň 10-11-nji maýynda Täjigistan Respublikasyna amala aşyrylan döwlet sapary beýik maksatlardan gözbaş aldy. Şu ýyl Türkmenistan bilen Täjigistan Respublikasynyň arasyndaky diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna 30 ýyl dolmagy bu waka has-da uly ahmiýet berdi. Milli Liderimiziň başlangyçlary we Arkadagly Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzda alnyp barylýan açyk gapylar syýasaty esasynda halkara gatnaşyklarynda hoşniýetli goňşuçylyk, birek-birege hormat goýmak we ynanyşmak esasynda parahatçylygy ilerletmekde uly işler amala aşyrylýar. Türkmenistan bilen Täjigistan Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna 30 ýylyň dolan ýylynda Arkadagly Serdarymyzyň Täjigistan Respublikasyna saparynyň amala aşyrylmagy işjeň diplomatik gatnaşyklaryň alnyp barylýandygynyň ýene-de bir subutnamasy bolup durýar.

Dünýäniň belent ykrary

Halkara hyzmatdaşlygyň möhüm ugry Ýaňy-ýakynda hormatly Prezidentimize Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy tarapyndan Türkmenbaşy Halkara deňiz portuna berlen «EсoPorts» güwänamasynyň gowşurylmagy örän ähmiýetli waka boldy. Ol Türkmenistanyň halkara jemgyýetçilikde özüniň syýasy, ykdysady, medeni hyzmatdaşlyklary bilen uly abraýdan peýdalanýandygyny ýene-de bir gezek subut etdi. «Ösüş arkaly parahatçylyk» ýörelgesini dünýä ýaýýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň oýlanyşykly başlangyçlary Watanymyzyň at-abraýyny has-da belende galdyrýar.

Eýran bilen Türkmenistanyň arasynda toplumlaýyn ulag resminamasy taýýarlanýar

Ulag gatnaşyklary meselesinde Türkmenistan bilen Eýranyň umumy gyzyklanmalary bar we her gije-gündizde 600 wagonyň Sarahs we Inçeburun serhet geçelgelerinden geçýändigini nazara almak bilen, ulaglaryň köpelmegine garaşylýar. Bu meseleler Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň baş müdiri Mämmethan Çakiýewiň Eýran Yslam Respublikasynyň Ýol we şäher gurluşygy ministri Mehrdad Bazrpaş bilen geçirilen duşuşygynda ara alnyp maslahatlaşyldy. Duşuşyk Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Tährana amala aşyrýan iş saparynyň çäklerinde geçirildi. Eýran ministri Aşgabat şertnamasy boýunça işleriň güýçlendirilýändigini belläp, ýakyn wagtda Türkmenistanda geçiriljek bilelikdäki ykdysady toparyň mejlisinde amaly iş tapgyryna garamagy, şeýle hem agza ýurtlardan delegatlary ara alyp maslahatlaşmaga çagyrmagy teklip etdi – diýip, eýran metbugaty ýazýar.

Türkmenbaşynyň halkara portuna EcoPort şahadatnamasy gowşuryldy

Mälim bolşy ýaly, ýakynda Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň wekilleri (ÝHHG) Türkmenbaşynyň halkara portuna EcoPort şahadatnamasyny gowşurdylar. Şahadatnama ÝHHG-nyň «Hazar sebitinde ýaşyl portlaryň we ulag aragatnaşyklarynyň ösdürilmegi» taslamasynyň çäklerinde berildi. Ol Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we Gazagystanyň portlarynyň arasynda maglumat alşygyny ýeňilleşdirmek üçin sanly platformanyň döredilmegini göz öňünde tutýar. Bu ulgam öz gezeginde, Ýewropanyň iri we häzirki zaman portlaryna birikdiriler.

Türkmen tebigatynyň dosty

Türkmenistanda işleýän diplomatlardyr olar bilen işleşýän dürli kärdäki adamlaryň, paýtagtymyzy ýaşyl bossanlyga büremäge goşant goşýan ululardyr ýaşlaryň arasynda Dubrawka Ýowanowiç diýilýän zenany tanamaýan az-azdyr, megerem. Ol Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky ilçisi Diego Ruiz Alonsonyň maşgalasy. Ekologiýany goramagyň işjeň tarapdary bolan bu zenany «türkmen tebigatynyň hakyky dosty» diýip atlandyrsagam, söz ulaltdygymyz bolmaz. Ýanýoldaşynyň diplomatik missiýasy bilen baglylykda, olar indi üç ýyldan gowrak wagt bäri Aşgabatda ýaşaýarlar. Şu geçen döwrüň içinde Dubrawka Ýowanowiç dürli bag nahallarynyň müňlerçe düýbüni oturdyp, paýtagtymyzyň ekologik abadançylygyny üpjün etmäge öz şahsy goşandyny goşup gelýär. Asylly işiň tarapdaram köp bolýar. Diýarymyzy bagy-bossanlyga büremek, daşky gurşawy goramak boýunça alnyp barylýan işler bu gün diňe bir watandaşlarymyzy däl, eýsem, ýurdumyzyň çäginde ýaşaýan we zähmet çekýän köp sanly daşary ýurt raýatlaryny-da biparh goýmaýar. Olar hem köpçülikleýin bag ekmek dabaralaryna, dürli görnüşli ekoçärelere işjeň gatnaşmak bilen, tebigaty goramak ýaly sogaply işe öz mynasyp goşandyny goşmaga çalyşýarlar. Meşhur şahyrymyz Gara Seýitliýew:

Köpugurly hyzmatlar, täzeçe çemeleşmeler

Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, geografik taýdan amatly ýerleşmegi bilen, eziz Watanymyz yklymlary birleşdirýän örän möhüm merkezleriň birine öwrüldi. Türkmenistan ulaglaryň ähli görnüşini ösdürmek üçin uly mümkinçiliklere eýedir. Ýurdumyzyň ulag düzümleri ýükleri daşamakda içerki we daşarky bazarlarda öz mynasyp ornuny barha berkidýär. Bu babatda hojalyk jemgyýetleridir hususy kärhanalaryň hem mynasyp paýy bar. «Halkara dostluk» hususy kärhanasy-da şeýle düzümleriň biri. Golaýda biz kärhananyň işgärler bölüminiň başlygy Gözel MEREDOWA bilen söhbetdeş bolduk. — Gözel, hususy kärhanaňyz ulag-logistika hyzmatlaryny amala aşyrmakda ýeterlik tejribe toplapdyr. Bu ugurda durmuşa geçirýän işleriňiz barada gürrüň beräýseňiz!

Dostluga uzaýan ýollar

Ählumumy parahatçylygy hem howpsuzlygy üpjün etmäge önjeýli goşant goşmak, BMG-niň adamzadyň bähbitlerine gönükdirilen maksatnamalaryny durmuşa geçirmek, sebitde we dünýäde dostluk gatnaşyklaryny, ählumumy hyzmatdaşlygy berkitmek, ykdysady gatnaşyklary deňhukukly ýola goýmak, ynamdar we uzakmöhletleýin hyzmatdaşlary artdyrmak, energiýa howpsuzlygyny üpjün etmek Türkmenistanyň daşary syýasatynyň özenini düzýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýakynda Eýran Yslam Respublikasyna amala aşyran sapary we olaryň netijeleri esasynda gol çekilen ylalaşyklar hem munuň şeýledigini subut etdi. Ýurdumyzyň parahatçylyk söýüjilik, deňhukukly hyzmatdaşlyk, «Açyk gapylar», netijeli halkara hyzmatdaşlygyň ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasaty netijesinde, Garaşsyzlyk ýyllarynyň dowamynda Günorta-Gündogar Aziýa we Aziýa-Ýuwaş ummany sebitiniň ýurtlary, şeýle-de dünýäniň birsydyrgyn ösýän ykdysadyýetleriniň biri bolan Eýran Yslam Respublikasy bilen netijeli hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmakda ähmiýetli ädim ädildi. Şeýle ýokary netijeler hormatly Prezidentimiziň daşary syýasat strategiýasynda-da öz beýanyny tapýar. Gahryman Arkadagymyzyň gürrüňi edilýän iş sapary we onuň çäklerinde geçirilen gepleşikleriň netijesinde gazanylan ylalaşyklar hem ýurdumyzyň daşary syýasat strategiýasynyň gazanan üstünligidir.

Döwletli maksatlar bilen aýdyň ertirlere ak ýol

Biz her gezek gojaman Köpetdaga nazarymyz düşende, «Bu dagyň aňyrsynda goňşy Eýran döwleti bar» diýýäris. Bu pikir türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň maý aýynyň 30 – 31-i aralygynda Eýran Yslam Respublikasyna amala aşyran iş saparynyň ilkinji pursatlarynda hem sere geldi. Birek-birege «Ýol bolsun!» diýip, uçara «atlananymyzdan», «howa gämisi» derrew belentlige göterildi. Gojaman Köpetdagyň bulutlara golaý buýsançly başlaryny synlap barşymyza howa giňişligini böwsüp uçup barýan uçarymyz bizi gadymy şäheriň üstünden eltdi. Ady dag bilen bagly bolansoň, gadymy Tähran şäheri daglaryň jümmüşinde ýerleşýän eken. Şonda kärdeşlerimiz bilen dostlukly ýurduň halkara howa menzilinde durkak, öz aramyzda biz hakynda «Ho-ol dagyň aňyrsynda türkmenler ýaşaýar» diýip, megerem, ýerli halk hem pikir ýüwürdýändir diýişdik.

Tebigaty goramak — halkara tagallalary birleşdirmegiň möhüm ugry

Aşgabat, 5-nji iýun (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Oba hojalyk toplumynyň edara binasynyň uly mejlisler zalynda “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda daşky gurşawy goramak boýunça gazanylan üstünlikler we bu ugurda halkara hyzmatdaşlyk” atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. Forum her ýyl ýurdumyzda giňden bellenilip geçilýän Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli guralyp, ol bu ugurda alnyp barlan işleriň netijelerini jemlemäge, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan başy başlanan we hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow tarapyndan üstünlikli dowam etdirilýän döwlet ekologiýa maksatnamalarynyň, taslamalarynyň durmuşa geçirilişinde ýetilen üstünlikler hem-de sepgitler bilen giň dünýä jemgyýetçiligini tanyşdyrmaga gönükdirilen çäre bolup durýar.