Türkmenbaşynyň halkara portuna EcoPort şahadatnamasy gowşuryldy

7 Iýun 2023
444

Mälim bolşy ýaly, ýakynda Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň wekilleri (ÝHHG) Türkmenbaşynyň halkara portuna EcoPort şahadatnamasyny gowşurdylar.

Şahadatnama ÝHHG-nyň «Hazar sebitinde ýaşyl portlaryň we ulag aragatnaşyklarynyň ösdürilmegi» taslamasynyň çäklerinde berildi. Ol Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we Gazagystanyň portlarynyň arasynda maglumat alşygyny ýeňilleşdirmek üçin sanly platformanyň döredilmegini göz öňünde tutýar. Bu ulgam öz gezeginde, Ýewropanyň iri we häzirki zaman portlaryna birikdiriler.