Eýran bilen Türkmenistanyň arasynda toplumlaýyn ulag resminamasy taýýarlanýar

7 Iýun 2023
459

Ulag gatnaşyklary meselesinde Türkmenistan bilen Eýranyň umumy gyzyklanmalary bar we her gije-gündizde 600 wagonyň Sarahs we Inçeburun serhet geçelgelerinden geçýändigini nazara almak bilen, ulaglaryň köpelmegine garaşylýar. Bu meseleler Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň baş müdiri Mämmethan Çakiýewiň Eýran Yslam Respublikasynyň Ýol we şäher gurluşygy ministri Mehrdad Bazrpaş bilen geçirilen duşuşygynda ara alnyp maslahatlaşyldy. Duşuşyk Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Tährana amala aşyrýan iş saparynyň çäklerinde geçirildi.

Eýran ministri Aşgabat şertnamasy boýunça işleriň güýçlendirilýändigini belläp, ýakyn wagtda Türkmenistanda geçiriljek bilelikdäki ykdysady toparyň mejlisinde amaly iş tapgyryna garamagy, şeýle hem agza ýurtlardan delegatlary ara alyp maslahatlaşmaga çagyrmagy teklip etdi – diýip, eýran metbugaty ýazýar.