Parahatçylyk — baky bagtyň şuglasy

5 Fewral 2021
807

Ýakynda “Mary” myhmanhanasynda TKA-nyň welaýat birleşmesiniň guramagynda hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen 2021-nji ýylymyzyň “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” diýlip atlandyrylmagy hem-de Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygynyň toýuny dabaraly ýagdaýda geçirmek maksady bilen “tegelek stoluň” başynda söhbetdeşlik geçirildi.

Söhbetdeşlige Türkmenistanyň ylym we bilim işgärleriniň KA-nyň ilkinji guramalarynyň başlyklarynyň Ýolöten etrap geňeşiniň başlygy Begenç Myradow, welaýat sport we ýaşlar syýasaty baş müdirliginiň hünärmeni, müdirligiň kärdeşler arkalaşygy komitetiniň başlygy Nedir Jumageldiýew, Türkmenistanyň döwlet Energetika institutynyň mugallymy Ýazgeldi Ýakubow gatnaşdylar. Olar ýurdumyzda durmuşa geçirilýän milli maksatnamalar, ýetilýän belent sepgitler, halkymyzyň bagtyýar we abadan durmuşda ýaşamagy ugrunda milli Liderimiziň alyp barýan tutumly işleri dogrusynda täsirli söhbet etdiler. Şonuň ýaly hem söhbetdeşligiň dowamynda ýurdumyzda sagdyn nesli kemala getirmek, häzirki wagtda ýokanç keselleriň öňüni almakda geçirilýän çäreler hakynda durup geçdiler. Şeýle hem şu ýyl uly şowhun bilen bellenilip geçiljek şanly Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygynyň toýuna görülýän taýýarlyk barada giňişleýin durup geçdiler.

Beýleki habarlar