Köpugurly mümkinçilikleri durmuşa geçirmegiň ýolunda

9 Iýun 2023
440

Gara deňziň gündogar kenarynda, Ýewropa bilen Aziýanyň arasynda möhüm çatrykda ýerleşýän Gruziýa bilen Türkmenistany halkara gün tertibiniň derwaýys meseleleri boýunça garaýyşlarynyň ýakynlygy, şeýle-de halklaryň abadançylygyny nazarlaýan ykdysady bähbitler birleşdirýär. Söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň bar bolan gurallaryndan netijeli peýdalanylmagy bolsa ikitaraplaýyn gatnaşyklary dürli ugurlarda has-da ilerletmäge mümkinçilik berýär. Golaýda Tbiliside geçirilen Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-gruzin toparynyň dördünji mejlisiniň işi hem hut şu maksada gönükdirildi.

Hökümetara toparyň nobatdaky mejlisine gatnaşmak üçin Türkmenistanyň söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri B.Goçmollaýewiň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Gruziýada saparda boldy. Saparyň çäklerinde iki ýurduň döwlet düzümleriniň, işewür toparlarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda dürli mazmunly duşuşyklar geçirilip, olarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljegi, hususan-da, senagat, energetika, oba hojalygy we ulag ulgamlarynda bar bolan söwda-ykdysady, maýa goýum mümkinçilikleri jikme-jik ara alnyp maslahatlaşyldy. Gruziýa Türkmenistanyň iri söwda hyzmatdaşlarynyň ilkinji onlugyna girýär. Şunda ykdysadyýetiň dürli ugurlary boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin ýurtlarymyzyň ýeterlik kuwwatynyň bardygyna aýratyn üns çekmek zerur. Özara söwda dolanyşygynyň möçberini ýokarlandyrmagyň, eksport-import harytlarynyň görnüşlerini artdyrmagyň mümkinçiliklerini öwrenmekde bolsa bilelikdäki hökümetara toparyň işine ähmiýetli orun degişli. Onuň esasy maksady hyzmatdaşlygyň has netijeli gurallaryny işläp taýýarlamakdan ybaratdyr.

Aýgül RAHYMOWA.
“Türkmenistan”.