Döwletli maksatlar bilen aýdyň ertirlere ak ýol

6 Iýun 2023
367

Biz her gezek gojaman Köpetdaga nazarymyz düşende, «Bu dagyň aňyrsynda goňşy Eýran döwleti bar» diýýäris. Bu pikir türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň maý aýynyň 30 – 31-i aralygynda Eýran Yslam Respublikasyna amala aşyran iş saparynyň ilkinji pursatlarynda hem sere geldi.

Birek-birege «Ýol bolsun!» diýip, uçara «atlananymyzdan», «howa gämisi» derrew belentlige göterildi. Gojaman Köpetdagyň bulutlara golaý buýsançly başlaryny synlap barşymyza howa giňişligini böwsüp uçup barýan uçarymyz bizi gadymy şäheriň üstünden eltdi. Ady dag bilen bagly bolansoň, gadymy Tähran şäheri daglaryň jümmüşinde ýerleşýän eken. Şonda kärdeşlerimiz bilen dostlukly ýurduň halkara howa menzilinde durkak, öz aramyzda biz hakynda «Ho-ol dagyň aňyrsynda türkmenler ýaşaýar» diýip, megerem, ýerli halk hem pikir ýüwürdýändir diýişdik.