Hyzmatdaşlygyň hukuk binýady

7 Iýun 2023
555

«Açyk gapylar» syýasatyna laýyklykda, «Türkmenistanyň daşary ykdysady işini ösdürmegiň 2020 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy» üstünlikli alnyp barylýar. Bazar gatnaşyklaryna esaslanýan milli ykdysadyýetiň diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürilmeginde eksport-import gatnaşyklarynyň mukdarynyň artmagyna aýratyn orun degişli bolup durýar. Sebit ýurtlarynyň arasynda ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn strategik hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ösdürmek bilen bir hatarda, halkara ykdysady guramalar bilen hem hyzmatdaşlygyň gerimi giňeýär. Häzirki wagtda Türkmenistanyň Bütindünýä Söwda Guramasyna agzalygy boýunça işler depginli alnyp barylýar. Geçen hepdede hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken Kararyna laýyklykda, Türkmenistanyň daşary söwda düzgüni barada Ähtnamany işläp düzmek boýunça iş topary döredildi hem-de onuň düzümi tassyklanyldy. Bu iş toparynyň esasy işi Türkmenistanyň Bütindünýä Söwda Guramasyna agzalygy ugrunda alnyp barylýan işleriň ilerledilmegine öz oňyn täsirini ýetirer.

Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan işjeň daşary syýasatynyň kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek ugrunda Türkmenistanyň Mejlisi tarapyndan meýilnamalaýyn işler alnyp barylýar. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň iýun aýynyň 3-ne Türkmenistanyň Mejlisiniň ýedinji çagyrylyşynyň ikinji maslahaty geçirildi. Bu maslahatyň gün tertibine girizilen beýleki kanun taslamalary bilen bir hatarda «Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk hakynda Türkmenistanyň Hökümetiniň, Azerbaýjan Respublikasynyň Hökümetiniň we Türkiýe Respublikasynyň Hökümetiniň arasyndaky Ylalaşygy tassyklamak hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasyna garaldy we kabul edildi. Bu Kanunyň kabul edilmegi geçen ýyl ýurdumyzda geçirilen Türkmenistanyň, Azerbaýjan Respublikasynyň we Türkiýe Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň birinji sammitiniň barşynda gazanylan möhüm ylalaşygyň tassyklanmagyny alamatlandyrýar.

Kerimguly GELDIÝEW,
Türkmenistanyň Mejlisiniň Halkara we parlamentara aragatnaşyklar baradaky komitetiniň agzasy.