Tebigaty goramak — halkara tagallalary birleşdirmegiň möhüm ugry

6 Iýun 2023
354

Aşgabat, 5-nji iýun (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Oba hojalyk toplumynyň edara binasynyň uly mejlisler zalynda “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda daşky gurşawy goramak boýunça gazanylan üstünlikler we bu ugurda halkara hyzmatdaşlyk” atly ylmy-amaly maslahat geçirildi.

Forum her ýyl ýurdumyzda giňden bellenilip geçilýän Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli guralyp, ol bu ugurda alnyp barlan işleriň netijelerini jemlemäge, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan başy başlanan we hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow tarapyndan üstünlikli dowam etdirilýän döwlet ekologiýa maksatnamalarynyň, taslamalarynyň durmuşa geçirilişinde ýetilen üstünlikler hem-de sepgitler bilen giň dünýä jemgyýetçiligini tanyşdyrmaga gönükdirilen çäre bolup durýar.