"Rysgal" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi
Salgysy: Aşgabat şäheri, A.Nyýazow şaýoly, 174
Telefon belgileri:21-23-57

Habarlar

Merdanalygyň beýik nusgasy

Täze taryhy döwrümiziň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň bir-biriniň üstüni ýetirýän şanly wakalary halkymyzyň toýly günleriniň hataryny artdyrýar. Tutuş adamzadyň taryhynda baky yz goýan, gerçeklerimiziň ata Watanyň her daban ýeri üçin şirin janyny orta goýup gazanan ýeňşiniň şanly sene bilen giňden dabaralandyrylmagy pederlerimiziň merdanalyk mekdebine mizemez hormatyň baky nusgasy bolup durýar. Ýeňiş güni tutuş adamzat tarapyndan parahatçylygyň hem watansöýüjiligiň baýramy hökmünde uludan toýlanylýar. Bu biziň berkarar Watanymyza hem mahsus bolup, 1418 gün dowam eden 1941 — 1945-nji ýyllaryň urşunda gazanylan Ýeňşe edermenlik mekdebini nusga goýan ildeşlerimiziň hem mynasyp goşantlary bar. Gazaply ýyllarda söweş meýdanlarynda batyrgaýlygyň, mertligiň, Watana wepalylygyň nusgasy bolup, şirin janyny orta goýup söweşen watandaşlarymyzyň yzynda galyp, tyl zähmetinde nusgalyk işleri bilen Ýeňşiň gazanylmagyna mynasyp goşant goşan gyz-gelinleriň, uly ýaşly adamlaryň, ýetginjekleriň edermenligi bu günki gün ösüp barýan ýaş nesle görelde mekdebi bolup durýar.

Ojagyň öçmez alawy

Köneürgenç etrabynyň Galkynyş geňeşliginde ýaşaýan Ýaňyl Taganowa 1934-nji ýylda Boldumsaz etrabynyň Guýanagyz geňeşliginde dogulýar. Onuň çagalyk döwri aldym-berdimli uruş ýyllaryna gabat gelýär. Ýaňyl ene: «Ol ýyllar iň agyr, iň kyn ýyllardy. Obada diňe aýal-ebtatlar, garrylardyr çagalar galypdy. Öý-öwzaryň, üstesine-de, kolhozyň garamaty hem şolaryň egnindedi. Men şol mahallar gulpagym örüme-de ýetmedik gyzjagaz bolsam hem, bir bölek çörek tapmagyň aladasy bilen ýaşaýardym. Emma ýeňşe bolan ynam ýaşaýşa umyt bagyşlaýardy» diýip, çagalyk döwrüni ýatlaýar. Kalplara ganat bitiren ýeňiş habary adamzadyň dünýäsine bahar hoştaplygy bolup kükräp geldi. Il-günüň toýly günlere ýüzi düşdi, toýlar-toýa ulaşyp ugrady.

Gahryman esgeriň edermenlik ýoly

Beýik Watançylyk urşunyň edermeni, halkymyz we Watanymyz üçin janyny gaýgyrman söweşen Annagylyç Ataýew gahrymançylygy, mertligi, durnuklylygy bilen söweşiň taryhynda öçmejek yz galdyrdy. Ol Rostow oblastyny azat etmek ugrundaky söweşde uly gahrymançylyk görkezdi. Annagylyç Ataýew 1912-nji ýylda Tagta raýonynyň (häzirki Görogly etrabynyň) Bedirkent obasynda eneden bolýar. Ol obada ýediýyllyk mekdebi, soňra Çärjewiň tehnikumyny gutarýar. 1934-nji ýylda goşun gullugyna alynýar. Soňra şol ýerde harby uçilişäni tamamlaýar. Annagylyç Ataýew harby gullukdan gaýdyp gelensoň, mugallymçylyk edip başlaýar. Urşa gitmeziniň öň ýanynda Osoawiahimiň oblast sowetinde işleýär. Urşuň başlanmagy bilen, Watan goragyna gidýär. Söweşiň ilkinji günlerinden başlap, özüniň batyrlygyny, mertligini, başarjaňlygyny görkezýär. 97-nji türkmen atly diwiziýasynyň 298-nji polkunyň 1-nji eskadronynyň leýtenanty Annagylyç Ataýew buýruk boýunça öz wzwody bilen Belaýa Kalitwanyň golaýynda ýerleşen Bezymýannaýa belentligini eýeleýär. Leýtenant Ataýewiň ýolbaşçylyk edýän 30 esgeriniň üstüne faşistleriň ençeme goşuny dökülýär. Olar iki günüň dowamynda duşmanyň 7 hüjümini yzyna gaýtaryp, duşmana uly zyýan ýetirýär. Bu bolsa Annagylyç Ataýewiň duşmanyň sanynyň köp bolandygyna garamazdan, döşüni dik tutup, duşmana garşy uly batyrlyk görkezendigini subut edýär. Şeýlelikde, leýtenant Ataýewiň ýolbaşçylygyndaky topar bel

Beýik Ýeňşiň 79 ýyllygy

Mertleriň nusgalyk ýoly 1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunyň tamamlananyna 79 ýyl geçse-de, beýleki halklar bilen birlikde, türkmen halky hem agyr ýitgisini gam-gussa bilen ýatlaýar. Agyr jeňde duşmana garşy mertlerçe söweşen gerçekler indi gojalyga ýetişip, olaryň hatary ýylsaýyn selçeňleýär. Müňlerçe gyzyl ýüzli gaýduwsyz türkmen ýigitleri alys ülkelerde mazar bolup galsalar, müňlerçesi jeňden maýyp bolup geldiler. Uruşdan ýeňiş bilen dolanyp gelen weteranlarymyz Mary etrabynyň ýaşaýjysy, 107 ýaşly Aýdogdy Amadyýew, Ýolöten şäheriniň ýaşaýjysy, 98 ýaşly Şami Abdyýew, Tagtabazar etrabynyň ýaşaýjysy, 99 ýaşly Aşyr Öwezdurdy Beýik Ýeňşiň 79 ýyllygyny uly şatlyk bilen garşylaýarlar. Sylag-sarpalary belent goja esgerlere Ýeňiş güni mynasybetli baýramçylyk sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşurylýar.

Toý lybasyn geýen Diýar ak ýollarda bagta barýar

Hormatly Prezidentimiziň tagallalary netijesinde Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan döwletimiz Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bedew bady bilen öňe baýar. Diýarymyzyň daşary we içeri syýasatynda uly öňegidişliklere eýe bolunýar. Ähli ulgamlar boýunça belent sepgitlere ýetilýär. Ýurdumyzyň dünýä döwletleri bilen dost-doganlyk gatnaşyklarynyň, olar bilen oňyn hyzmatdaşlyklaryň ýola goýulmagy hem giň gerime eýe bolýar. Ähli ulgamlarda ösüş-özgerişlere eýe bolmagyň özi bolsa, halkymyzyň bagtyýar durmuşyna, abadan ýaşaýyşyna, röwşen geljegine bolan ynamydyr. Şu günki beýik ösüşleriň geljegimize şugla saçmagy göwünleri ganatlandyrýar. Ösüş hiç wagt öz-özünden döremän, oňa içerki we daşarky oňyn täsirlerden başga-da, durnukly binýat, daýanç sütüni, geljegiň gözýetimini salgy berýän çelgi gerek. Diňe maksada okgunly we bilimli adamlar her bir işe döredijilikli çemeleşip, islendik meseläni batyrgaý, bähbitli çözmegi başarýarlar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň täze döwletlilik taglymaty, çuňňur oýlanyşykly täzeçillik syýasaty, maksatlarynyň aýdyňlygy ýeňişli ýolumyza badalga bolýar.

Taryhda yz goýan türkmen zenanlary

Baý geçmiş taryha eýe bolan halkymyz dürli döwürlerde ata Watanyň şan-şöhratyny belende galdyrýan tutumly işleri bilen tanalypdyr. Adalatlylyk, agzybirlik ýaly demokratik däplerden ugur alýan halkymyz zenanlara uly sarpa goýupdyr. Türkmen taryhynyň şöhratly sahypalarynda türkmen zenanlarynyň birnäçesiniň adynyň uly buýsanç bilen tutulýandygyny bellemek gerek. Dünýä şöhratly taryhy bilen ýaň salan gadymy Gürgençde Törebeg hanymyň ady taryhyň sahypalaryna altyn harplar bilen ýazylandyr. Beýik türkmen zenanyň hormatyna gurlan kümmet häzirki wagtda hem özüniň binagärlik aýratynlyklary bilen dünýä jemgyýetçiligini haýrana goýýar. ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilen gadymy Köneürgenç şäherinde ýerleşýän binagärlik ýadygärliginiň bina edilişi hakyndaky täsirli rowaýatlar hem halk arasynda giňden meşhurdyr.

Medeni habarlar

Täsirli gezelenç Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz şäher geňeşi we Beki Seýtäkow adyndaky mugallymçylyk mekdebi mekdebiň mugallymlarynyň, talyplarynyň gatnaşmagynda welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýine gezelenç gurady. «Muzeýler — taryhy gymmatlyklarymyzyň hazynasy» atly çäräniň esasy maksady mugallymçylyk mekdebinde «Başlangyç synplarda türkmen dilini okatmagyň usulyýeti» diýen ders boýunça okuw sapaklarynda sapakdan daşary okuwy guramagyň, geçirmegiň ähmiýetini talyplara öwretmekden, talyplary hünär ugurlary boýunça taýýarlamakdan, kämilleşdirmekden ybarat boldy.

Üns beriň, bäsleşik!

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň howandarlyk etmeginde geçiriljek «Biz — Arkadag Serdarly Watanyň bagtyýar nesilleri» atly surat çekmek bäsleşiginiň düzgünnamasy I. Umumy düzgünler

Jemgyýetiň hukuk esaslaryny kämilleşdirmegiň binýady

Ýurdy syýasy, ykdysady, durmuş we medeni taýdan durnukly ösdürmekde adam hukuklarynyň üpjün edilmegine iňňän möhüm orun degişlidir. Jemgyýetiň ösüşi demokratik ýörelgeler, adam hukuklaryny giňeltmek we onuň mazmunyny baýlaşdyrmak bilen baglanyşyklydyr. Döwletimiz şahsyýetiň erkin ösmegi üçin ähli şertleri döretmek bilen, dünýäde özüni demokratik jemgyýeti ösdürýän döwlet hökmünde tanatdy. Ýurdumyzyň Konstitusiýasy şu esaslarda yzygiderli kämilleşdirilýär. Biziň Esasy Kanunymyz döwletliligiň, ýurdumyzy ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny, öňdebaryjy dünýä tejribesini nazara almak bilen, jemgyýetiň kadalaşdyryjy hukuk esaslaryny kämilleşdirmegiň ygtybarly binýadydyr. «Adamy jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy hökmünde ykrar edýän Konstitusiýamyz, Garaşsyzlygymyzyň we Bitaraplygymyzyň, agzybirligimiziň hem-de jebisligimiziň ebediliginiň nyşanyna öwrülen Döwlet baýdagymyz biziň geçmişimiziň, häzirki döwrümiziň, geljegimiziň beýikdigini, şöhratlydygyny alamatlandyrýan milli mukaddesliklerimizdir» diýip nygtaýan Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hukuk we dünýewi döwleti, adalatly raýat jemgyýetini gurup, düýpli ykdysady özgertmeleri amala aşyrýarys, tutumly işleri durmuşa geçirýäris. Bularyň ählisi,  ilkinji nobatda, halk bähbitli dünýä nusgalyk beýik işlerdir, hormatly Prezidentimiziň öz mährib

Adam. Jemgyýet. Kanun.

Raýat jemgyýetimiziň ösüşleri Soňky ýyllarda raýat jemgyýetimizi mundan beýläk-de demokratiýalaşdyrmakda netijeli işler giňden ýaýbaňlandyrylýar. Bu aýdýanlarymyza Garaşsyz döwletimizde üstünlikli amala aşyrylan konstitusion özgertmeler, kabul edilýän döwrebap kanunlar doly şaýatlyk edýär.

Asudalygyň goragynda

Sagdyn durmuşyň höziri Neşekeşlikdir beýleki zyýanly endiklerden daşda bolunmagy maşgala agzybirliginiň, eşretli durmuşyň kepilidir. Şonuň üçinem hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda jemgyýetimizde sagdyn durmuşyň berkararlygyny gazanmakda uly tagallalar edilýär.

Çagalaryň howpsuzlygy derwaýys wezipe

Bölümçämiziň gözegçileri etrabymyzyň köçe-ýollaryna berk gözegçiligi ýola goýýarlar. Şunda çagalaryň howpsuzlygyna-da uly üns berýärler. Çagalaryň mekdebe ýa-da çagalar baglaryna köpçülikleýin gatnaýan köçelerine nobatçylar bellenilýär. Çagalar köçeleri we ýollary kesip geçenlerinde olaryň howpsuzlygy ugrunda zerur çäreler görülýär. Bu işiň düşündiriş çäreleri bilen sazlaşykly alnyp barylmagy gowy netijesini berýär. Biz orta mekdeplerde we çagalar baglarynda wagyz-nesihat ähmiýetli dürli çäreleri gurap, olarda çagalara köçäni ýa-da ýoly kesip geçmegiň düzgünlerini, ýolyşygynyň talaplaryny düşündirýäris. Kakamyrat SAPARMYRADOW.

“01” gullugynda

Ýangyn howpsuzlygy derwaýys meseledir Golaýda habarçymyz welaýat polisiýa müdirliginiň ÝHB-niň Mary şäher ÝHB-niň müdiri, içerki gullugyň uly leýtenanty Süleýman AMANDURDYÝEW bilen duşuşdy we täze gurulýan desgalarda ýangyn howpsuzlygy hakda gürrüň bermegini haýyş etdi.

Pyragynyň arzuwlan ajap eýýamy

Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna Şu ýyl doglan gününiň 300 ýyllygy halkara derejede uly dabaralar bilen bellenilýän türkmen halkynyň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy şygyrlary dünýä edebiýatynyň genji-hazynasyna giren söz ussadydyr. Şahyryň goşgulary asyrlar geçse-de ähmiýetini ýitirmän, täze röwüşde ýalkym saçýar.

Bagtym sen, ejem!

(Oýlanma) Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşigine

Doganjygym dogan daýzam

(Oýlanma) Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşigine

Gerçekler Watany beýgeldýär

Tejen etrabynyň Medeniýet öýünde etrap häkimliginiň hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde guramagynda Ýeňiş güni mynasybetli “Gerçekler Watany beýgeldýär” ady bilen baýramçylyk dabarasy geçirildi. Oňa il sylagly ýaşulularymyz, kümüş saçly enelerimiz hem-de etrabyň çäginde ýerleşýän edara-kärhanalarda zähmet çekýän isgärler gatnaşdy. Dabarada jemgyýetçiik guramalarynyň wekilleri çykyş edip, Beýik Watançylyk urşunda gahrymançylyk görkezen pederlerimiziň, tylda zähmet çeken ildeşlerimiziň edermenliginiň watansöýüjiligiň nusgasydygyny, terbiýe mekdebi bolup hyzmat edýändigini nygtadylar. Dabara gatnaşanlar halkymyzyň asuda asmanyň astynda ýaşadýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyşly sözlerini aýtdylar.

Taryhy künjege syýahat

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Kaka etrap Geňeşi tarapyndan etrabyň çägindäki gadymy Abiwerd galasyna syýahat guraldy. Oňa etrabyň edara-kärhanalarynda zähmet çekýän ýaşlar gatnaşdy. Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri, “Abiwerd” taryhy-medeni döwlet goraghanasynyň ýolbaşçysy Ahmet Halmyradowyň bu goraghananyň çägine girýän taryhy ýadygärlikler barada beren gyzykly gürrüňleri ýaşlarda uly gyzyklanma döretdi. “Abiwerd” taryhy-medeni döwlet goraghanasynyň çäginde ýerleşýän Abiwerd galasynyň hem baý taryhynyň bardygy, ol Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşmek bilen, Abiwerd welaýatynyň gür ilatly merkezi şäheri bolandygy hakdaky aýdylanlary ýaşlaryň şan-şöhratly taryhymyza bolan buýsanjyny artdyrdy.

Okuw maslahat geçirildi

Kaka etrabynyň 10-njy çagalar bagynda mekdebe çenli çagalar edaralarynyň şepagat uýalarynyň hem-de bilim işgärleriniň gatnaşmagynda tomus möwsüminde arassaçylyk kadalaryny, zyýansyzlandyryş we keselleriň öňüni alyş çärelerini, çaga iýmitini, taplama we gyzyklanma çärelerini bildirilýän talaplara laýyklykda guramagyň aýratynlyklaryna bagyşlanan okuw maslahat geçirildi. Gahryman Arkadagymyzyň “Sagdyn adam — bu sagdyn maşgaladyr, sagdyn maşgala bolsa sagdyn jemgyýetiň ülşüdir” diýen çuň manyly sözlerinden ugur alnyp geçirilen okuw maslahatynda ösüp gelýän ýaş nesilleriň saglygy ugrunda edilýän aladalar barada durlup geçildi, çagalar baglarynyň otaglarynyň, daş-töwerekleriniň hemişe arassa bolmagyny gazanmak hakynda aýdyldy hem-de gymmatly maslahatlar berildi. Işjeň ýagdaýda geçen okuw maslahatda tomus möwsümine ykjam taýýarlyk görmek boýunça tejribe alşyldy.

Ahal welaýatynda döwrebap sement zawody we suw arassalaýjy desga ulanylmaga berildi

Şu gün — 8-nji maýda hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynda döwrebap sement zawodynyň 2-nji tapgyrynyň, şeýle hem Ak bugdaý etrabynyň çäginde suw arassalaýjy desganyň açylyş dabaralary boldy. Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynda kuwwatlylygy ýylda 1 million tonna sement öndürmäge niýetlenen zawodyň 2-nji tapgyrynyň açylyş dabarasyna Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary, daşary ýurtlaryň Türkmenistandaky ilçihanalarynyň we halkara guramalaryň ýolbaşçylarydyr wekilleri, Ahal welaýatynyň häkimi, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri we halk köpçüligi gatnaşdy. Medeniýet we sungat ussatlarynyň aýdym-sazly çykyşy dabara baýramçylyk ruhuny çaýdy.