Beýik Ýeňşiň 79 ýyllygy

8 Maý 2024
360

Mertleriň nusgalyk ýoly

1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunyň tamamlananyna 79 ýyl geçse-de, beýleki halklar bilen birlikde, türkmen halky hem agyr ýitgisini gam-gussa bilen ýatlaýar. Agyr jeňde duşmana garşy mertlerçe söweşen gerçekler indi gojalyga ýetişip, olaryň hatary ýylsaýyn selçeňleýär. Müňlerçe gyzyl ýüzli gaýduwsyz türkmen ýigitleri alys ülkelerde mazar bolup galsalar, müňlerçesi jeňden maýyp bolup geldiler. Uruşdan ýeňiş bilen dolanyp gelen weteranlarymyz Mary etrabynyň ýaşaýjysy, 107 ýaşly Aýdogdy Amadyýew, Ýolöten şäheriniň ýaşaýjysy, 98 ýaşly Şami Abdyýew, Tagtabazar etrabynyň ýaşaýjysy, 99 ýaşly Aşyr Öwezdurdy Beýik Ýeňşiň 79 ýyllygyny uly şatlyk bilen garşylaýarlar. Sylag-sarpalary belent goja esgerlere Ýeňiş güni mynasybetli baýramçylyk sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşurylýar.