Merdanalygyň beýik nusgasy

8 Maý 2024
365

Täze taryhy döwrümiziň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň bir-biriniň üstüni ýetirýän şanly wakalary halkymyzyň toýly günleriniň hataryny artdyrýar. Tutuş adamzadyň taryhynda baky yz goýan, gerçeklerimiziň ata Watanyň her daban ýeri üçin şirin janyny orta goýup gazanan ýeňşiniň şanly sene bilen giňden dabaralandyrylmagy pederlerimiziň merdanalyk mekdebine mizemez hormatyň baky nusgasy bolup durýar.

Ýeňiş güni tutuş adamzat tarapyndan parahatçylygyň hem watansöýüjiligiň baýramy hökmünde uludan toýlanylýar. Bu biziň berkarar Watanymyza hem mahsus bolup, 1418 gün dowam eden 1941 — 1945-nji ýyllaryň urşunda gazanylan Ýeňşe edermenlik mekdebini nusga goýan ildeşlerimiziň hem mynasyp goşantlary bar. Gazaply ýyllarda söweş meýdanlarynda batyrgaýlygyň, mertligiň, Watana wepalylygyň nusgasy bolup, şirin janyny orta goýup söweşen watandaşlarymyzyň yzynda galyp, tyl zähmetinde nusgalyk işleri bilen Ýeňşiň gazanylmagyna mynasyp goşant goşan gyz-gelinleriň, uly ýaşly adamlaryň, ýetginjekleriň edermenligi bu günki gün ösüp barýan ýaş nesle görelde mekdebi bolup durýar.

«Daşoguz habarlary».