Taryhy künjege syýahat

8 Maý 2024
636

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Kaka etrap Geňeşi tarapyndan etrabyň çägindäki gadymy Abiwerd galasyna syýahat guraldy. Oňa etrabyň edara-kärhanalarynda zähmet çekýän ýaşlar gatnaşdy.

Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri, “Abiwerd” taryhy-medeni döwlet goraghanasynyň ýolbaşçysy Ahmet Halmyradowyň bu goraghananyň çägine girýän taryhy ýadygärlikler barada beren gyzykly gürrüňleri ýaşlarda uly gyzyklanma döretdi. “Abiwerd” taryhy-medeni döwlet goraghanasynyň çäginde ýerleşýän Abiwerd galasynyň hem baý taryhynyň bardygy, ol Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşmek bilen, Abiwerd welaýatynyň gür ilatly merkezi şäheri bolandygy hakdaky aýdylanlary ýaşlaryň şan-şöhratly taryhymyza bolan buýsanjyny artdyrdy.

Merdan ÇARYÝEW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Kaka etrap Geňeşiniň işgäri.