Gahryman esgeriň edermenlik ýoly

8 Maý 2024
549

Beýik Watançylyk urşunyň edermeni, halkymyz we Watanymyz üçin janyny gaýgyrman söweşen Annagylyç Ataýew gahrymançylygy, mertligi, durnuklylygy bilen söweşiň taryhynda öçmejek yz galdyrdy. Ol Rostow oblastyny azat etmek ugrundaky söweşde uly gahrymançylyk görkezdi. Annagylyç Ataýew 1912-nji ýylda Tagta raýonynyň (häzirki Görogly etrabynyň) Bedirkent obasynda eneden bolýar. Ol obada ýediýyllyk mekdebi, soňra Çärjewiň tehnikumyny gutarýar. 1934-nji ýylda goşun gullugyna alynýar. Soňra şol ýerde harby uçilişäni tamamlaýar. Annagylyç Ataýew harby gullukdan gaýdyp gelensoň, mugallymçylyk edip başlaýar. Urşa gitmeziniň öň ýanynda Osoawiahimiň oblast sowetinde işleýär. Urşuň başlanmagy bilen, Watan goragyna gidýär. Söweşiň ilkinji günlerinden başlap, özüniň batyrlygyny, mertligini, başarjaňlygyny görkezýär. 97-nji türkmen atly diwiziýasynyň 298-nji polkunyň 1-nji eskadronynyň leýtenanty Annagylyç Ataýew buýruk boýunça öz wzwody bilen Belaýa Kalitwanyň golaýynda ýerleşen Bezymýannaýa belentligini eýeleýär. Leýtenant Ataýewiň ýolbaşçylyk edýän 30 esgeriniň üstüne faşistleriň ençeme goşuny dökülýär. Olar iki günüň dowamynda duşmanyň 7 hüjümini yzyna gaýtaryp, duşmana uly zyýan ýetirýär. Bu bolsa Annagylyç Ataýewiň duşmanyň sanynyň köp bolandygyna garamazdan, döşüni dik tutup, duşmana garşy uly batyrlyk görkezendigini subut edýär.

Şeýlelikde, leýtenant Ataýewiň ýolbaşçylygyndaky topar belentligi nemes basybalyjylaryndan goraýar. Olaryň hemmesi şol ýerde gahrymanlarça wepat bolýar. 1943-nji ýylyň 31-nji martynda A.Ataýewe «Sowet Soýuzynyň Gahrymany» diýen belent at dakylýar. Mundan başga-da, Lenin ordeni we Gyzyl ýyldyz medaly bilen sylaglanýar. Annagylyç Ataýew bilen söweşde wepat bolan esgerleriň 29-sy Watançylyk urşunyň 1-nji derejeli ordeni bilen sylaglanýar. Belaýa Kalitwanyň golaýyndaky bu belentlikde monument bina edilip, onuň ýüzünde şol söweşlere gatnaşyp, gahrymanlarça wepat bolan watançylaryň atlary ýazylypdyr. Oňa indi «Sowet Soýuzynyň Gahrymany Annagylyç Ataýew adyndaky belentlik» diýlip at berildi. Görogly etrabynyň Ýüzbaşy obasyndaky 16-njy orta mekdep hem-de Russiýa Federasiýasynyň Belaýa Kalitwa şäherindäki 2-nji orta mekdep Sowet Soýuzynyň Gahrymany Annagylyç Ataýewiň adyny göterýär. Bu iki mekdepde hem gerçegiň hatyrasyna býusty oturdyldy. Munuň özi Annagylyç Ataýewiň diňe bir türkmenleriň däl, eýsem, Russiýa döwletiniň taryhynda hem öçmejek yz galdyrandygyna şaýatlyk edýär.

Akjemal GURBANGELDIÝEWA,
Beki Seýtäkow adyndaky mugallymçylyk mekdebiniň talyby.