"Rysgal" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi
Salgysy: Aşgabat şäheri, A.Nyýazow şaýoly, 174
Telefon belgileri:21-23-57

Habarlar

Halypalyk mekdebi

Türkmenistanyň Döwlet serhediniň goragyny guramakda bildirilýän talaplary harby gullukçylaryň dykgatyna ýetirmek, bu ugurda ýaş serkerdelere halypalyk kömeklerini bermek maksady bilen, serhet birikmeleriniň we serhet galalarynyň ählisinde degişli işler geçirilýär. Serhet galalarynda iş saparynda bolýan tejribeli serkerdeler harby gullukçylaryň ýaşaýyş-durmuş hem gulluk şertleri bilen gyzyklanyp, olar bilen ýörite okuw sapaklaryny, wagyz-nesihat, terbiýeçilik çärelerini guraýarlar. Şeýle çäreleriň ýygy-ýygydan guralmagy, eziz Watanymyzyň serhet çäkleriniň hemişelik asudalygyna, harby düzgün-nyzamyň pugta berjaý edilmegine özüniň oňyn täsirini ýetirýär. Gadam ORAZBERDIÝEW, podpolkownik.

Galkynyşly günleriň ýalkymy

Arkadagyň bagtyýar nesilleri Her bir güni şatlyk-şowhuna, toý-baýrama beslenýän «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly ata Watanymyzyň şan-şöhratyny has-da belende göterýär. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda berkarar döwletimizde ýaş nesilleriň sagdyn ösüp-ulalmagy, döwrebap bilim almagy, saýlan hünäriniň eýesi bolmagy babatynda ähli mümkinçiliklerdir şertler döredilýär. Ýakynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyryp, bu ýerde atçylyk bilen gyzyklanýan ýaş nesiller bilen duşuşmagy ýakymly täsirlere baý boldy.

«Beýik Pyragynyň arzuw eden ajap eýýamy» atly bäsleşige

Milli mirasa bagyşlanan ömür Asyrlardan-asyrlara aşyp gelýän milli däp-dessurlarymyza, gadymy düşünjelerimize, ene dilimiziň ulanyşdan galankyrlan gadymy sözlerine «jan bermekde», olary tapyp, metbugat sahypalarynda, çeper eserlerde täze nesliň hakydasyna girizmekde uly işleri bitiren hem-de ýaş nesillerde milli mirasymyza buýsanç duýgusyny döretmegi ömrüniň manysyna öwren ynsanlaryň biri hem şahyr, mirasgär, Türkmenistanyň at gazanan žurnalisti Şöhrat Abdyýewdir.

Dostluk — iň belent gatnaşyk

Halkymyzda «Dost — dostuň aýnasy», «Özüňi süýt bil, dostuňy gaýmak» ýaly atalar sözleridir nakyllar bar. Dostluk jemgyýetde adamlaryň birek-birek bilen ýakynlygyny alamatlandyrýan häsiýet. Ata-eneleriň çagalaryna edýän nesihatlarynyň biri hem dost gazanmakdyr. Dostlugyň güýji, gudraty hakynda halk arasynda dürli rowaýatlar hem bar. Dürli döwürlerde ýaşap geçen ýazyjy-şahyrlar hem özleriniň döredijilik eserlerinde dostluk temasyna ýygy-ýygydan ýüzlenipdirler. Dostluk hakynda aýdylanda, ilki bilen Kerim Gurbannepesowyň:

Giň dünýäniň geň habarlary

«Akylly» traktor «Monarch Tractor» kompaniýasynyň «akylly» traktorlary geljekde daýhanlaryň ýakyn ýardamçysyna öwrüler. Bu enjam ekin meýdanlarynda özbaşdak hereket edip, dürli wezipeleri ýerine ýetirmäge ukyplydyr. Traktor 220 woltluk elektrik geçiriji arkaly bäş sagatlyk kuwwatlandyrylandan soň on sagadyň dowamynda ekin meýdanlarynda hereket edýär. Traktorda ornaşdyrylan döwrebap enjamlar onuň tiz öwrüm etmegine, öz ugruny kesgitlemegine we daş-töweregindäki zatlar, ekinler, howanyň ýagdaýy hakyndaky maglumatlary özleşdirmegine mümkinçilik berýär.

Halkara sergide azyk önümçiliginiň döwrebap tehnologiýalary

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe azyk önümçiliginiň döwrebap tehnologiýalary işjeň ösdürilýär, bu ugur boýunça iň kämil, täze, döwrebap serişdeler giňden ornaşdyrylýar. Ýurdumyzyň azyk önümçiligine degişli pudagyň ornunyň berkidilmegi amala aşyrylýan durmuş-ykdysady syýasatyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Ynha, şu gün – 15-nji maýda paýtagtymyzyň gözel künjeginde ýerleşýän Söwda-senagat edarasynda azyk önümçiliginiň döwrebap tehnologiýalarynyň «Agro-Pak Turkmenistan and Turkmen Food» halkara sergisi öz işine başlady. Bu halkara sergisi azyk önümçiligi babatda öňdebaryjy dünýä tejribesiniň öwrenilmeginde hem-de bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmekde ýakyndan ýardam berer. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan azyk bolçulygyny döretmäge işjeň gatnaşýan döwlet hökmünde dünýäde giňden ykrar edilýär. Hormatly Prezidentimiziň azyk önümçiliginiň döwrebap tehnologiýalarynyň halkara sergisine gatnaşyjylara iberen Gutlagynda şeýle belleýär: «Döwrüň möhüm meseleleriniň biri bolan azyk howpsuzlygy bilen bagly wezipeleri durmuşa geçirmekde gazanylan netijeleri giňden açyp görkezýän bu sergi ilaty azyk önümleri bilen durnukly üpjün etmekde, içerki bazarda şol harytlaryň bolçulygyny hem­de howpsuzlygyny yzygiderli pugtalandyrmakda biziň ýurdumyzda berk ykdysady binýadyň döredilýändigine ş

Kämil terbiýe mekdebi

Islendik döwletiň hem-de jemgyýetiň okgunly ösüşini gazanmakda maddy we ruhy gymmatlyklaryň sazlaşygy ilkinji zerurlyklaryň biri bolup durýar. Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň dünýä derejeli dabaralara beslenmegi bu mizemez hakykaty ýene bir ýola aýdyň görkezýär. Akyldar şahyrymyzyň döredijiligine bolan şunuň ýaly ählumumy gyzyklanmalar ylmyň we tehnikanyň okgunly ösýän häzirki döwründe jemgyýetiň ahlak sagdynlygyny berkitmegiň umumadamzat üçin hem naýbaşy wezipe bolup durýanlygy bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Sebäbi türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Ynsan kalbynyň öçmejek nury» atly ajaýyp kitabynda örän ýerlikli belläp geçişi ýaly, «Magtymgulynyň şygyrlarynyň döwürler dolanyp, heňňamlar öwrülse-de, öz gymmatyny ýitirmän, eýsem gadyrynyň artmagy ondaky öwüt-ündewleriň kalbyňa melhem bolup siňýänligindendir, göwünleri ganatlandyrmagyndandyr, adamlary heýjana getirmegindendir». Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan Watanyň daýanjyna deňelýän ýaş nesli milli ruhda terbiýelemekde paýhas ýüki ýetik şygyrlary her bir ynsanyň köňül nagşyna öwrülen beýik Pyragynyň gymmatly edebi mirasynyň bahasy ýokdur. Bu barada Gahryman Arkadagymyz ady agzalan kitabynda şeýle ýazýar: «Mähriban türkmen topragymyzyň hakyky watançysy, joşgunly we şirin zybanly Magtymguly Pyragynyň şygyr diwanlary nesillerde watansöýüjiligi, ynsanperwer

Ýagyş haçan ýagýar?

Irden Günüň dogjak ýeri agymtyl çal reňkde bolsa, şol gün ýagyş ýagmaz. *  *  *

Nädip üç ýüz ýyl ýaşamaly?

(Tymsal) Bir sapar laçyn gargadan:

Dumly-duşdan dürli-dümen

Ajaýyp howa menzili Dünýäde täsin hem özüne çekiji howa menzilleriniň biri-de Singapurda ýerleşýär. Çangi howa menzili dünýäde köp sanly halkara sylaglara mynasyp boldy. 10 gatly binanyň aşakdaky ýarysy ýerastydyr. Onuň ýerleşýän ýerinde döwrebap dynç almak üçinem şertler döredilendir. Bu ýerdäki baglar hasam täsindir. Küýzeleriň, kaktuslaryň, orhideýalaryň, günebakarlaryň, heýkel agaçlaryň, täsinlikleriň, kebelekleriň baglary bar. Toplumyň ortasynda 40 metr belentlikden gaýdýan şaglawuk dünýäde jaýyň içindäki beýik emeli şaglawuklaryň biridir. Ol ýagyş suwlaryndan toplanyp, aýlaw görnüşinde ulanylýar. Ajaýyp şaglawuk dürli öwüşginler bilen ýatda galýar. Terminallaryň arasynda otly hereketi ýola goýlandyr. Çagalar üçin oýun we sport meýdançalary göz öňünde tutulandyr.

«Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň Politehniki orta hünär okuw mekdebinde wagyz-nesihat çäresi geçirildi

15-nji maýda, «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň Politehniki orta hünär okuw mekdebinde Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň eserlerinden ugur alyp, ýaşlary watansöýüjilik ruhunda terbiýelemek we olaryň ruhy-ahlak medeniýetini kemala getirmek ýaly meselelerine bagyşlanan wagyz-nesihat çäresi geçirildi. «Türkmenaragatnaşyk» agentligi tarapyndan gurnalan çärä ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň, ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň wekilleri, agentliginiň edara-kärhanalarynyň hünärmenleri hem-de Politehniki orta hünär okuw mekdebiniň mugallymlary we talyp ýaşlary gatnaşdylar.

Paýtagtymyzda azyk önümçiliginiň döwrebap tehnologiýalarynyň halkara sergisine badalga berildi

Şu gün 15-nji maýda paýtagtymyzyň Söwda-senagat edarasynyň sergiler zalynda azyk önümçiliginiň döwrebap tehnologiýalarynyň «Agro-Pak Turkmenistan and Turkmen Food» atly halkara sergisiniň açylyş dabarasy boldy. Serginiň açylyş dabarasyna Türkmenistanyň Mejlisiniň başlygy, Hökümet agzalary, ministrlikleriň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň işgärleri, Türkmenistanda işleýän diplomatik edaralaryň halkara guramalaryň wekilleri we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Bagşy-sazandalaryň ýerine ýetirmeginde ýaňlanan aýdym-sazly çykyşlar giň gerimli çärä aýratyn öwüşgin çaýdy. Dabaranyň başynda Hormatly Prezidentimiziň sergä gatnaşyjylara iberen Gutlag haty okaldy. Onda Türkmenistan üçin azyk howpsuzlygy ilatyň ýaşaýyş-durmuşynyň ýokary derejesini üpjün edýän, azyk, çig mal babatda daşary söwda gatnaşyklarynyň netijeli ösmegine, importyň ornuny tutýan, eksporta gönükdirilen önümçilikleri artdyrmaga mümkinçilik berýän milli, sebitleýin azyk bazarlarynyň ykdysady baglanyşygyna goldaw bermegiň hem wajyp esaslaryny emele getirýändigi bellenilýär.

Paýtagtymyzda azyk senagatynyň tehnologiýalarynyň sergisi öz işine başlady

Şu gün — 15-nji maýda paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynyň sergi zalynda azyk önümçiliginiň döwrebap tehnologiýalarynyň «Agro-Pak Turkmenistan and Turkmen Food» atly halkara sergisi öz işine başlady.

Ýaş suratkeşleriň bäsleşigi

Kaka etrabynyň çagalar we ýetginjekler döredijilik öýünde etrapdaky orta mekdepleriň 8—11-nji synp okuwçylarynyň arasynda “Ýaş suratkeş — 2024” ady bilen bäsleşik geçirildi. Bu bäsleşik ýurdumyzda ýaş nesliň tebigy zehinini açmak we ösdürmek babatda edilýän tagallalardan ugur alnyp, ýaşajyk suratkeşleri ýüze çykarmak, höweslendirmek we uly derejeli bäsleşiklere taýýarlamak maksady bilen etrap bilim bölüminiň meýilnamasy esasynda geçirildi. “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylyna bagyşlanan bäsleşiikde etrapdaky 27-nji orta mekdebiň okuwçylarynyň “Danalary bar türkmeniň”, “Gara dagdan iner sili türkmeniň”, “Biz bagtyýar çagalar”, “Dost-doganlyk mekany” atly suratlary ýeňiji boldy.

Konstitusiýa — bagtyýar durmuşa hukuk

Kanunlar umumadamzat gymmatlyklaryny özünde jemleýän, adamzat siwilizasiýasynyň döreden iň ýokary syýasy, taryhy, medeni gazananlarynyň biridir. Ýaşaýşyň, syýasy-ykdysady hem-de jemgyýetçilik gatnaşyklarynyň sazlaşygyny, düzgün-tertibini resmi taýdan üpjün edýän hukuk esaslarynyň kemala gelmegi bilen, dünýä jemgyýetçiligi medeni-aňyýet taýdan çalt depginde ösüp başlapdyr. Ylym, tehnika we tehnologiýa babatdaky täzeleniş döwrüne, ýagny soňky asyrlara ýetilýänçä, jemgyýetleriň, dünýä gatnaşyklarynyň hukuk esaslarynda hem düýpli özgertmeler bolupdyr. Mälim bolşy ýaly, syýasy, harby, medeni gapma-garşylyklaryň öňüni almakda, ösüşleri umumadamzat bähbitleri esasynda ýola goýmakda Ikinji jahan urşundan soňky döwürde dörän halkara hukugyň berkidilmegi, Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde döwletara, halkara gatnaşyklarda deňhukuklylygyň, özara bähbitli hyzmatdaşlygyň hemmeler üçin kabul ederlikli şertlerini döretmäge gönükdirilen kanunçylyk-hukuk esaslaryna aýratyn üns berilmegi XX asyryň ylmy-tehnologik ösüşiniň has çaltlaşmagyna uly täsir etdi. Parahatçylykly ýaşaýşy we özara bähbitli halkara hyzmatdaşlygy üpjün etmegiň mümkindigine bolan ynam halkara jemgyýetçilik pikirinde has berkedi. Muňa garamazdan, üçünji müňýyllygyň başynda dünýä ýagdaýlarynda bolup geçýän, halkara hukugyň esasy ýörelgelerine oňaýsyz täsir edýän ýüze çykmalar sebäpli, özara gatnaşyklary umu

Täze suw arassalaýjy desga halkymyzyň bagtyýarlygy hakdaky aladanyň dabaralanmasydyr

Halkymyz suwy dirilik çeşmesi hasaplap, oňa aýratyn uly sarpa goýýar, suwuň her damjasyny altyn dänesine deňeýär. Bu hakykat häzirki döwürde suwa bolan garaýyş, ony tygşytly ulanmak, iň esasy hem halkymyzy arassa agyz suwy bilen üpjün etmek ugrunda edilýän tagallalarda has äşgär görünýär. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda bu ugurda alnyp barylýan işleriň çäginde ýurdumyzyň sebitlerinde ýokary tehnologiýaly suw arassalaýjy desgalar yzygiderli gurlup, ulanylmaga berilýär. Ak bugdaý etrabynda Ýaşlyk suw arassalaýjy desgasynyň açylyp, işe girizilmegi bolsa, bu babatdaky tagallalaryň rowaçlanýandygynyň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi. Täze desga welaýatymyzyň çäginde soňky ýyllarda gurlan suw arassalaýjy desgalaryň üstüni ýetirdi. Bilşimiz ýaly, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň gatnaşmagynda 2019-njy ýylda Kaka etrabynyň «Türkmenistan» daýhan birleşiginiň çäginde kuwwaty bir gije-gündiziň dowamynda 30 müň kub metr suwa barabar bolan döwrebap tehnologiýaly suw arassalaýjy desga, Gökdepe etrabynyň Ýaňgala geňeşliginiň çäginde şonça kuwwatlykly merkezi suw paýlaýjy desga dabaraly ýagdaýda işe girizilipdi. Mundan başga-da, welaýatymyzyň çäginde lagym suwuny arassalaýly desgalaryň birnäçesi gurlup, ulanylmaga berildi.

Ildeşlerimiziň alkyşy çäksizdir

Änew şäherinde şanly wakalar mynasybetli geçen hoşallyk maslahatyna Bäherden sement zawodynyň we Ýaşlyk suw arassalaýjy desgasynyň işçi-hünärmenleri hem gatnaşdylar. Şolaryň birnäçesiniň ýürek buýsanjyny okyjylarymyza ýetirmegi makul bildik. Saparmyrat MERETDURDYÝEW, Bäherden sement zawodynyň seh müdiri:

Hoşallygyň beýany

Änew şäherindäki Medeniýet öýünde welaýat häkimliginiň hem-de welaýatymyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde guramagynda «Alkyş Size, şöhrat Size Arkadagly Gahryman Serdarymyz!» ady bilen hoşallyk maslahaty geçirildi. Bäherden sement zawodynyň ikinji tapgyrynyň, Ýaşlyk suw arassalaýjy desgasynyň açylyp işe girizilmegi, welaýatymyzyň ilatyna döwrebap ýolagçy awtobuslarynyň 200-e golaýynyň, şeýle-de Bäherden etrap hassahanasyna Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna satyn alnan kämil lukmançylyk enjamlarynyň sowgat berilmegi bilen baglanyşykly geçirilen hoşallyk maslahaty toý ruhuna beslendi. Welaýat häkimliginiň, edara-kärhanalaryň işgärleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň, dili senaly ýaşulularyň, mährem eneleriň gatnaşmagynda bolan hoşallyk maslahatynda buýsançly çykyşlar diňlendi. Welaýat häkimi Röwşen Hojagulyýew maslahaty açmak bilen, Bäherden sement zawodynyň ikinji tapgyrynyň, Ýaşlyk suw arassalaýjy desgasynyň açylyş dabarasyna hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagy hem-de täze desgalary toý ruhunda işe girizmegi şu ýylyň şöhratly wakalarynyň üstüni ýetirendigini aýratyn belläp geçdi. Häkim welaýatymyza sowgat berlen täze, döwrebap ýolagçy awtobuslaryň ilatyň ýokary hilli ulag hyzmatlary bilen üpjünliginde möhüm ähmiýete eýedigi, bu jemgyýetçilik awtoulaglaryň ra

Adamzat köňlüniň synmaz çyragy

Änew şäherindäki Medeniýet öýünde welaýat häkimliginiň hem-de Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň bilelikde guramagynda «Paýhas bilen dürler saçan Pyragy, adamzat köňlüniň synmaz çyragy» ady bilen maslahat geçirildi. Oňa Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň agzalary, welaýatymyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň, ýaşuly nesliň wekilleri, edara-kärhanalaryň işgärleri hem-de ýaşlar gatnaşdy. Maslahata gatnaşyjy myhmanlar, ilki bilen, welaýat merkeziniň görküne görk goşýan Milli «Ak bugdaý» muzeýine baryp gördüler. Ençeme gadymy tapyndylary, gymmatly eksponatlary özünde jemleýän muzeýde olar milli myhmansöýerlik däp-dessurlar esasynda mähirli garşylandy. Çagalar döredijilik toparlarynyň belent mukamly çykyşlary myhmanlarda göwün göteriji duýgulary döretdi. Muzeýde sergilenen gymmatlyklar we olar hakdaky gürrüňler myhmanlaryň gyzyklanmasyny has-da artdyrdy.

Muzeýde geçen maslahat

«Gökdepe» Milli muzeýinde «Magtymguly Pyragy we milli miras» ady bilen maslahat geçirildi. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylyna bagyşlanan maslahata mugallymlardyr ýokary synp okuwçy ýaşlar gatnaşdy. Muzeýiň çeperçilik-dikeldiş we medeni aň-bilim bölümi tarapyndan guralan maslahatda gadymy türkmen topragynyň taryhy ýadygärlikleri bilen dünýäde meşhurlyk gazanandygy, bu gün ýurdumyzda ata-babalarymyzdan miras galan milli baýlyklary goramak, olara aýawly çemeleşmek, şeýle-de Magtymguly Pyragynyň goýup giden çuňňur pähim-paýhasa ýugrulan gymmatly edebi mirasyny gorap saklamak we wagyz etmek bilen baglanyşykly alnyp barylýan işleriň her birimizi buýsandyrýandygy barada gürrüň edildi. Beýik akyldar Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň terbiýeçilik ähmiýeti, häzirki döwrümizde şahyryň ajaýyp şygyrlarynyň dünýä halklarynyň dürli dillerine terjime edilýändigi, onuň döredijiliginiň içgin öwrenilýändigi dogrusynda aýdylanlar has-da üns çekiji we täsirli boldy.