Täze suw arassalaýjy desga halkymyzyň bagtyýarlygy hakdaky aladanyň dabaralanmasydyr

14 Maý 2024
357

Halkymyz suwy dirilik çeşmesi hasaplap, oňa aýratyn uly sarpa goýýar, suwuň her damjasyny altyn dänesine deňeýär. Bu hakykat häzirki döwürde suwa bolan garaýyş, ony tygşytly ulanmak, iň esasy hem halkymyzy arassa agyz suwy bilen üpjün etmek ugrunda edilýän tagallalarda has äşgär görünýär. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda bu ugurda alnyp barylýan işleriň çäginde ýurdumyzyň sebitlerinde ýokary tehnologiýaly suw arassalaýjy desgalar yzygiderli gurlup, ulanylmaga berilýär. Ak bugdaý etrabynda Ýaşlyk suw arassalaýjy desgasynyň açylyp, işe girizilmegi bolsa, bu babatdaky tagallalaryň rowaçlanýandygynyň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi.

Täze desga welaýatymyzyň çäginde soňky ýyllarda gurlan suw arassalaýjy desgalaryň üstüni ýetirdi. Bilşimiz ýaly, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň gatnaşmagynda 2019-njy ýylda Kaka etrabynyň «Türkmenistan» daýhan birleşiginiň çäginde kuwwaty bir gije-gündiziň dowamynda 30 müň kub metr suwa barabar bolan döwrebap tehnologiýaly suw arassalaýjy desga, Gökdepe etrabynyň Ýaňgala geňeşliginiň çäginde şonça kuwwatlykly merkezi suw paýlaýjy desga dabaraly ýagdaýda işe girizilipdi. Mundan başga-da, welaýatymyzyň çäginde lagym suwuny arassalaýly desgalaryň birnäçesi gurlup, ulanylmaga berildi.

Aýdo ŞEKEROW,
«Ahal durmuşy». Surata düşüren Maksat GYLYJOW.