Adamzat köňlüniň synmaz çyragy

14 Maý 2024
273

Änew şäherindäki Medeniýet öýünde welaýat häkimliginiň hem-de Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň bilelikde guramagynda «Paýhas bilen dürler saçan Pyragy, adamzat köňlüniň synmaz çyragy» ady bilen maslahat geçirildi. Oňa Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň agzalary, welaýatymyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň, ýaşuly nesliň wekilleri, edara-kärhanalaryň işgärleri hem-de ýaşlar gatnaşdy.

Maslahata gatnaşyjy myhmanlar, ilki bilen, welaýat merkeziniň görküne görk goşýan Milli «Ak bugdaý» muzeýine baryp gördüler. Ençeme gadymy tapyndylary, gymmatly eksponatlary özünde jemleýän muzeýde olar milli myhmansöýerlik däp-dessurlar esasynda mähirli garşylandy. Çagalar döredijilik toparlarynyň belent mukamly çykyşlary myhmanlarda göwün göteriji duýgulary döretdi. Muzeýde sergilenen gymmatlyklar we olar hakdaky gürrüňler myhmanlaryň gyzyklanmasyny has-da artdyrdy.

Muhammetmyrat GURBANGULYÝEW,
Ak bugdaý etrabynyň Bereket oba Medeniýet öýüniň müdiri. Surata düşüren Dörtguly MYRATGULYÝEW.