Hoşallygyň beýany

14 Maý 2024
300

Änew şäherindäki Medeniýet öýünde welaýat häkimliginiň hem-de welaýatymyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde guramagynda «Alkyş Size, şöhrat Size Arkadagly Gahryman Serdarymyz!» ady bilen hoşallyk maslahaty geçirildi. Bäherden sement zawodynyň ikinji tapgyrynyň, Ýaşlyk suw arassalaýjy desgasynyň açylyp işe girizilmegi, welaýatymyzyň ilatyna döwrebap ýolagçy awtobuslarynyň 200-e golaýynyň, şeýle-de Bäherden etrap hassahanasyna Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna satyn alnan kämil lukmançylyk enjamlarynyň sowgat berilmegi bilen baglanyşykly geçirilen hoşallyk maslahaty toý ruhuna beslendi.

Welaýat häkimliginiň, edara-kärhanalaryň işgärleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň, dili senaly ýaşulularyň, mährem eneleriň gatnaşmagynda bolan hoşallyk maslahatynda buýsançly çykyşlar diňlendi. Welaýat häkimi Röwşen Hojagulyýew maslahaty açmak bilen, Bäherden sement zawodynyň ikinji tapgyrynyň, Ýaşlyk suw arassalaýjy desgasynyň açylyş dabarasyna hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagy hem-de täze desgalary toý ruhunda işe girizmegi şu ýylyň şöhratly wakalarynyň üstüni ýetirendigini aýratyn belläp geçdi. Häkim welaýatymyza sowgat berlen täze, döwrebap ýolagçy awtobuslaryň ilatyň ýokary hilli ulag hyzmatlary bilen üpjünliginde möhüm ähmiýete eýedigi, bu jemgyýetçilik awtoulaglaryň rahatlygy bilen tapawutlanýandygy hakda hem aýdyp, munuň üçin döwlet Baştutanymyzyň adyna alkyş we hoşallyk sözlerini aýtdy.

Ýörite habarçymyz.