Giň dünýäniň geň habarlary

15 Maý 2024
227

«Akylly» traktor

«Monarch Tractor» kompaniýasynyň «akylly» traktorlary geljekde daýhanlaryň ýakyn ýardamçysyna öwrüler. Bu enjam ekin meýdanlarynda özbaşdak hereket edip, dürli wezipeleri ýerine ýetirmäge ukyplydyr. Traktor 220 woltluk elektrik geçiriji arkaly bäş sagatlyk kuwwatlandyrylandan soň on sagadyň dowamynda ekin meýdanlarynda hereket edýär. Traktorda ornaşdyrylan döwrebap enjamlar onuň tiz öwrüm etmegine, öz ugruny kesgitlemegine we daş-töweregindäki zatlar, ekinler, howanyň ýagdaýy hakyndaky maglumatlary özleşdirmegine mümkinçilik berýär.

Internet maglumatlary esasynda taýýarlanyldy.