"Rysgal" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi
Salgysy: Aşgabat şäheri, A.Nyýazow şaýoly, 174
Telefon belgileri:21-23-57

Habarlar

Ýurt berkararlygynyň goşa sütüni

Şu gün güneşli Diýarymyzyň ähli ýerinde Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni giň dabaralar bilen baýram edilýär. Bu şanly sene mynasybetli guralýan baýramçylyk çäreleri gadymy Jeýhuny etekläp oturan ýurdumyzyň Gündogar sebitini hem gurşap aldy. Türkmenabat şäherindäki Baş baýdak meýdançasy şeýle dabaralaryň geçirilýän esasy ýerine öwrüldi. Ir säherden bu ýere il sylagly ýaşulular, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, edara-kärhanalaryň ýolbaşçylary, medeniýet-sungat ussatlary we talyp ýaşlar ýygnandylar.

Milli gymmatlyklarymyza buýsanjyň beýany

Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni welaýatymyzda uly ruhubelentlige beslendi. Baýramçylyk güni esasy dabara welaýat merkezindäki Baş baýdak meýdançasynda geçirilip, ir säherde uly buýsanç, çäksiz joşgun bilen köpçülikleýin ýerine ýetirilen Döwlet senamyzyň belent owazynyň astynda ýaşyl Tugumyz al-asmana galdyryldy. Bu ýerde çykyş edenler dabara ýygnananlary ählihalk baýramy bilen tüýs ýürekden mähirli gutladylar. Esasy Kanunymyzyň ýurdumyzyň gazanýan beýik ösüşleriniň berk hukuk binýady, başymyzyň täjine deňelýän Döwlet baýdagymyzyň ýurdumyzyň parahatçylyk söýüjiliginiň hem-de berkararlygynyň kepili bolup durýandygyny, ýaşyl Tugumyzyň bu günki gün asuda asmanymyzda bagtyýarlygyň nyşany bolup parlaýandygyny buýsanç bilen bellediler. Ajaýyp senäniň agzybirligimizi, bitewüligimizi, parahatçylyk ýörelgelerine üýtgewsiz ygrarlydygymyzy alamatlandyrýan Konstitusiýamyza hem-de Döwlet baýdagymyza söýgi-buýsanjyň egsilmezdigini bütin aýdyňlygy bilen görkezýändigini nygtadylar. Ösüşlere beslenýän ýurdumyzda halkymyzyň bagtyýarlygy, eşretli durmuşy barada uly alada edýän Milli Liderimize we hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden çykýan hoşallyklaryny bildirdiler.

Baky bitewüligiň belent baýramy

Welaýatymyzda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni dabaraly bellenildi Döwlet berkararlygymyzy, halkymyzyň bitewüligini, ynsanperwerlik gymmatlyklaryna, parahatçylyk hem-de döredijilik  ýörelgelerine ygrarlylygyny alamatlandyrýan milli buýsanjymyz bolan Esasy Kanunymyzyň we ýaşyl Tugumyzyň şanly senesi mynasybetli ýurdumyzyň beýleki ýerlerinde bolşy ýaly, welaýatymyzda hem dabaralar giňden ýaýbaňlandyryldy. Döwletimiziň milli gymmatlyklaryna buýsanjy, ösüş-özgertmelerine çuňňur hoşallygy berkidýän baýramçylyk joşguny halkymyzyň kalbynda ruhy galkynyşy artdyrdy. Baý many-mazmuna beslenen dabaralar ildeşlerimiziň döwür bilen gatnaşygynyň jebis häsiýete eýedigini doly açyp görkezdi.

Goşa mukaddesligiň şanyna

Döwletimiziň sarsmaz binýady bolan Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň kabul edilmeginiň we Döwlet baýdagynyň döredilmeginiň  şanly senesi ýurdumyzyň ähli künjeklerinde bolşy ýaly, welaýatymyzda hem uly şatlyk, ýokary ruhubelentlik ýagdaýynda bellenip geçilýär. Şu mynasybetli tutulýan toýlaryň dabarasy halkymyzyň özygtyýarlylygynyň we berkararlygynyň nyşany bolan Esasy Kanunymyza we buýsanç bilen parlaýan ýaşyl Tugumyza bolan egsilmez söýgini şöhlelendirýär. Munuň şeýledigi goşa mukaddesligiň toýy mynasybetli welaýat merkeziniň gözel künjekleriniň biri bolan baş Baýdak meýdançasynda geçirilen baýramçylyk dabarasynda hem aýdyň göründi. Welaýat, şäher häkimlikleriniň guramagynda geçirilen baýramçylyk dabarasyna häkimlikleriň jogapkär işgärleri, Mejlisiň deputatlary, halk maslahatynyň agzalary, syýasy partiýalaryň we jemgyýetçilik guramalaryň wekilleri, dürli ugurlarda zähmet çekýän adamlar, il sylagly ýaşulular, mährem eneler, ýaşlar gatnaşdylar.

Milli mukaddesliklerimize buýsanç

Ata Watanymyzda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda bellenilýän Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň hem-de Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli buýsançly dabaralara giň gerim berildi. Welaýat merkezi Daşoguz şäheriniň gözel künjekleriniň birinde welaýat häkimliginiň, jemgyýetçilik guramalarynyň, bilim, medeniýet, saglygy goraýyş müdirlikleriniň bilelikde guramagynda baýramçylyk dabarasy geçirildi. Baýramçylyk dabarasyna bilim, saglygy goraýyş işgärleri, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, medeniýet we sungat işgärleri, talyp ýaşlar gatnaşdylar. Soňra bu ýerde medeniýet we sungat işgärleriniň joşgunly çykyşlary ýaýbaňlandyryldy.

Baýramçylyk dabarasy

Daşoguz şäher häkimliginiň, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň şäher komitetiniň hem-de şäher medeniýet merkeziniň bilelikde guramagynda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli «Berkarar döwletiň sarsmaz binýady» atly dabaraly maslahat geçirildi.

«Akylly» şäheriň döwrebap binasy

«Akylly» şäher taslamasyny özünde jemleýän Arkadag şäheriniň Adalat müdirliginde ýurdumyzda milli kanunçylygy kämilleşdirmek ugrunda uly işler alnyp barylýar. Binada Arkadag şäheriniň Adalat müdirligi, Arkadag şäheriniň döwlet notarial edarasy, Arkadag şäheriniň Gozgalmaýan emläge bolan hukuklaryň we onuň bilen bagly geleşikleriň döwlet tarapyndan bellige alynmagy baradaky müdirligi hem-de Arkadag şäheriniň raýat ýagdaýynyň namalarynyň ýazgysynyň bölümi bar. Mundan başga-da, bu ýerde häzirki zaman ülňülerine laýyk gelýän döwrebap kitaphana, muzeý, multimediýa otagy, ýygnak zallary, arhiw otaglary we 150 orunlyk mejlisler zaly bar.

Ýüreklerde ýaşaýar

Düýn — 17-nji maýda şahandaz halkymyzyň özüniň şahyr ogluna goýýan hormat-sarpasyna güwa geçýän, kalplary şatlyga beslän wakanyň şaýady bolmak bagty bize miýesser etdi. Ol gün gudratly söz sungatyna sarpa goýýan hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda bütin ynsanyýete nusgalyk eserleri miras goýan «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynyň açylyş dabarasy boldy. Aşgabadyň günorta künjeginde gurlan bu medeni-seýilgäh toplumy halkymyzyň dünýä belli ogluna synmaz söýgüsiniň nyşanydyr. Paýhasly setirleri jahana dolan türkmen şahyrynyň heýkeli Köpetdagyň gözel tebigatynyň goýnunda akyldaryň dünýädäki belent mertebesiniň simwoliki nyşanyna öwrülip, uzaklardan seleňläp görünýär.

«Üç asyryň dowamynda geçen ýoly uludyr...»

Düýn paýtagtymyzda «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumy we akyldar şahyryň ýadygärligi dabaraly açyldy Bilşimiz ýaly, Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny dabaraly bellemek mynasybetli Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) Hemişelik Geňeşi tarapyndan 2024-nji ýyly türki dünýäsiniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ýyly, şeýle hem Türkmenistanyň gadymy Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi bagtyýar halkymyzyň buýsanjyna buýsanç goşdy. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» diýlip atlandyrylan 2024-nji ýylda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli dabaralardyr çäreler ýurdumyzda hem-de halkara derejesinde giň gerime eýe bolýar.

Buýsanjym baýdagym — kämil kanunym

Türkmenistanyň Konstitusiýasy, ähli syýasy-hukuk resminamalary türkmen halkynyň asyrlaryň dowamynda kemala getiren milli ýolunyň ruhuna ýugrulandyr. Olar halkymyzyň dünýägaraýşynyň, durmuş talaplarynyň, syýasy-jemgyýetçilik düşünjeleriniň beýany bolmak bilen halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kesgitlemelerine, ýörelgelerine hem gabat gelýär. Halkymyz kabul edilýän kanunlaryň her bir raýatyň mertebesini, ygtybarly, kadaly ýaşaýşa hukugyny goraýandygyny oňat bilýär. Döredilen hukuk esaslary adamlaryň zähmet gatnaşyklaryny, ykdysadyýetiň hususy böleginiň döwlet hem jemgyýetçilik bilen baglanyşygyny sazlaşdyrmakda döwletiň hem halkyň bähbitlerini kanun esasynda üpjün edýär.

Baýramçylyk çäresi

Golaýda TKA-nyň Baýramaly şäher birleşmesiniň geňeşi Baýramaly şäherindäki 18-nji orta mekdepde baýramçylyk mynasybetli duşuşyk gurady. «Gözel bardyr gözellerden zyýada» diýlip atlandyrylan çärä mugallymlar hem-de ýokary synp okuwçy gyzlar gatnaşdy. Duşuşykda çykyş edenleriň belleýşi ýaly, türkmen halky maşgala ojagyna mukaddeslik hökmünde garaýar. Şonuň üçin hem ýaş nesliň edepli, ilhalar, kämil şahsyýet bolup ýetişmeginde jemgyýetiň orny uludyr. Ýurdumyzyň röwşen geljeginiň binýadyny tutjak terbiýeli, watansöýüji, bilimli, zähmetsöýer, giň dünýägaraýyşly, sagdyn ruhly ýaşlary kemala getirmek maşgalanyň, bilim ulgamynyň işgärleriniň her biriniň, umuman, ýaşuly nesliň öňünde durýan esasy wezipedir.

Ajap eýýam gutly bolsun, Pyragy!

Hakyň nazar salan ynsany durmuşda hemişe öz arzuwyna ýetegen bolýar. Bu gezegem şeýle boldy. Türkmen halky bu günki gün Magtymguly atamyzyň arzuwlan zamanasynda ýaşaýar. Bu ajaýyp döwrümiz Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň yhlasynyň myradydyr!

Ýüzugra edilen bellikler (Pikir ýöretme)

HEÝKEL BILEN HYÝALY SÖHBET Uky bilen oýalygyň arasynda nähilidir bir çäk bar. Şol aralyk kime, nämä degişlikä?! Uky gözümi bürüp barýar. Menem her edip-hesip edip uklamajak bolup çytraşýan. Sebäbi wagtyma gözüm gyýanok. Bir käse kofe içdim. Bir çäýnek çaýy tüketdim. Ýüzin düşüp, Mätgurbanyň okamaga beren, özümiň hem gaýtarmazlygymyň gaty mümkindigini aýdan türk dilindäki kitabyny okajak bolýan (Sebäbi eliňe alyp, arkan düşüp okajak bolsaň, gopuk-gopuk sahypalary asmandan inýän guş ýelekleri ýaly, üstüňe dökülmegi mümkin), bolanok. Çiňarkan düşüp, telefonymdaky rusça kitaba ünsümi gönükdirjek bolýan, uky barybir ony ol ýerdenem kowýar (ýa-da sowýar diýsegem bolar), onsoň ymyzganan elimden typyp gaçan telefon gütläp döşüme düşýär. Kompýuteriň ekranyndan tanyş ýazyjymyň entek kitap bolup çykmadyk (haçan çykjagy hem belli bolmadyk) romany-ha öz ene dilimde bolansoň, ukyny ürküzse gerek diýip oýlanjak bolýaryn. Oýlanmak hakda oýlanmaga ýetişmänkäm, dykgatym jyn dagan ýaly duw-dagyn bolýar.

Azyk senagatynyň sergisi: üstünlikler we mümkinçilikler

Şu gün — 17-nji maýda paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynyň sergi zalynda azyk önümçiliginiň döwrebap tehnologiýalarynyň halkara sergisiniň jemleýji güni dowam edýär. Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň wekilleriniň 100-den gowragyny jemlän şu gezekki gözden geçiriliş oba hojalygynda diňe bir ýurdumyzyň gazanan üstünliklerini beýan etmek bilen çäklenmän, eýsem, bu pudakda işjeň orun eýeleýän işewür düzümleriň ägirt uly mümkinçiliklerini-de açyp görkezýär. Sergi azyk senagatynyň öňdebaryjy tehnologiýalaryny alyşmak, maksatnamalaýyn taslamalara maýa goýumlary çekmek we degişli ugurda ygtybarly ulgamy döretmegiň usullaryny işläp taýýarlamak hem-de olary durmuşa geçirmek boýunça halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga oňaýly şertleri döredýär. Sergide daşary ýurt kompaniýalary dürli gaplaýjy enjamlaryny, iýmleri garyşdyrmak üçin gurallaryny, ekiji, ýygyjy, ideg ediji tehnikalaryny, ösümlik ýagyny öndürýän maşynlaryny, guradyjy we sowadyjy ulgamlaryny görkezýärler. Olar gözden geçirilişe gatnaşyjylary ýyladyşhana, maldarçylyk hojalyklarynyň gurluşygynda ulanylýan döwrebap düzümler, ekologiýa babatda alnyp barylýan işler bilen tanyşdyrýarlar.

Etrabyň birinjiligi ugrunda

Ýeňil atletika boýunça etrabymyzyň birinjiligi ugrunda geçirilen ýaryş ýaş türgenler üçin hakyky sport baýramçylygyna öwrüldi. Etrabymyzdaky 2-nji sport mekdebinde guralan bu sport bäsleşiklerinde oglan-gyzlar 100, 200, 400, 800, 1500, 3000 metr aralyklara ylgamak, uzynlygyna bökmek boýunça ýaryşdylar. Uly ruhubelentlige beslenen bu ýaryşlaryň dowamynda gyzlardan Meňli Jumaýewa, Ogulsabyr Serdarowa, Tylla Batyrowa, oglanlardan Batyr Jumaýew, Wepa Möwlamow, Wepa Muhamow iň ýokary netijeleri görkezmegi başardylar. Ýeňijileri etrap birleşmämiziň adyndan ýadygärlik sowgatlary bilen sylagladyk.

Sanly dünýä — ösüşlere giň ýol

Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistany 2024-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasyny» üstünlikli durmuşa geçirmek boýunça öňde goýan gaýragoýulmasyz wezipelerini üstünlikli ýerine ýetirmek maksady bilen ýaşlaryň arasynda maslahatlary, wagyz-nesihat çärelerini, duşuşyklary yzygiderli geçirýäris. Şeýle duşuşyklarda elektron resminama, elektron resminama dolanyşygy we sanly hyzmatlar bilen bagly hukuk resminamalarynyň mazmuny ýaş hünärmenleriň, mekdep okuwçylarynyň arasynda giňden düşündirilýär. «Sanly dünýä: Ýaşlar. Ösüş. Geljek» ady bilen geçirilýän şeýle ähmiýetli duşuşyklarda internetden peýdalanylanda maglumat we kiberhowpsuzlygynyň düzgünlerini berjaý etmekligiň esasy talaplaryň biri bolup durýandygy düşündirilýär.

Wagtlaýyn sergi açyldy

Muzeýimizde Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli wagtlaýyn sergi açyldy. «Goşa gymmatlygy nurana günleň — birisi Baş Kanun biri — ýaşyl Tug» diýen at bilen guralan bu serginiň açylyş dabarasyna welaýatyň, Türkmenabat şäheriniň we Çärjew etrabynyň prokuratura we kazyýet edaralarynyň işgärleri, Türkmenabat şäherindäki tehniki orta hünär okuw mekdebiniň mugallymlary we talyplary gatnaşdylar. Edilen çykyşlarda Konstitusiýamyzyň Garaşsyz Diýarymyzyň döwlet gurluşyny we ösüşini kesgitleýän Baş Kanundygy nygtaldy. Şeýle-de Baş Kanunymyz esasynda ýurdumyzda her bir raýatyň asuda ýaşamagy, zähmet çekmegi, medeniýetli dynç almagy üçin hemmetaraplaýyn şertleriň döredilendigi dogrusyndaky buýsançly gürrüňler edilen çykyşlaryň özenini düzdi. Welaýatymyzyň sungat ussatlarynyň Watanymyzyň berkararlygynyň, parahatçylyksöýüjilik ýörelgeleriniň nyşanyna öwrülen ýaşyl Tugumyza bagyşlap döreden döredijilik eserleri sergä aýratyn öwüşgin çaýdy.

Gender deňligi: Milli meýilnama üstünlikli ýerine ýetirilýär

Welaýat kitaphanasynda Türkmenistanda gender deňligi boýunça 2021 ― 2025-nji ýyllar üçin hereketleriň Milli meýilnamasynyň çäklerinde «tegelek stoluň» başyndaky söhbetdeşlik geçirildi. Ony Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Aşgabat şäherindäki merkezi, Birleşen Milletler Guramasynyň Ilat gaznasynyň Türkmenistandaky wekilhanasy bilen bilelikde gurady. Türkmenistanyň Döwlet hukuk we demokratiýa instituty bolsa çäräniň jogapkär edarasy hökmünde çykyş etdi. Ýokarda ady agzalan Milli meýilnamanyň ýerine ýetirilişi bilen bagly meseleleri öz içine alan söhbetdeşlige Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, welaýat we Türkmenabat şäher häkimlikleriniň, bilim hem-de saglygy goraýyş edaralarynyň, Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak, Içeri işler ministrlikleriniň welaýatymyzdaky müdirlikleriniň, syýasy partiýalaryň we iri jemgyýetçilik guramalarynyň ýerli edaralarynyň wekilleri we hukuk goraýjy işgärler gatnaşdylar.

Goşa mukaddesligiň şanyna

Şu günler welaýatymyzyň ähli ýerinde Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli geçirilýän aýdym-sazly dabaralar, medeni çäreler giň gerime eýe bolýar. Şeýle dabaraly çäreler Türkmenabat şäherindäki Ruhyýet köşgüniň öňündäki we dabaralar meýdançalarynda hem geçirildi. Baýramçylyk çärelerine il sylagly ýaşulular, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, medeniýet we sungat işgärleri we talyp ýaşlar uly ruhubelentlik bilen gatnaşdylar. Joşgunly aýdym-sazly çykyşlara beslenen bu baýramçylyk çärelerinde ildeşlerimiz öz ýürek buýsançlaryny dile getirdiler. Olar halkymyzyň demokratik ýörelgeleri esasynda döwletimiziň hukuk binýadyny has-da pugtalandyrmak ugrunda giň maksatnamalaýyn işleriň alnyp barylýandygyny, ýaşyl Tugumyzyň parahatçylygyň, dost-doganlygyň nyşany hökmünde halkara guramalarynyň belent binalarynyň öňünde parlaýandygyny uly buýsanç bilen bellediler. Welaýatymyzyň sungat ussatlarynyň çykyşlarynda halkymyzyň bagtyýar döwrüniň, döwletimiziň halkara derejesinde gazanýan uly üstünlikleriniň we mähriban Watanymyzyň eýeleýän belent sepgitleriniň waspy öz beýanyny tapdy. Döredijilik toparlarynyň berkarar Watanymyzy, ýaşyl Tugumyzy wasp edip ýerine ýetiren aýdym-sazly çykyşlary dabara gatnaşyjylaryň ýüreklerini galkyndyryp, bagtyýar döwrümize bolan buýsanjyny artdyrdy. Baýramçylyk çykyşlarynda halkymyzyň bagtyýa

Maşgala agzybirligi — ýurt abadançylygy

Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda maşgala agzybirligini berkarar etmek ugrundaky aladalary netijesinde bagtyýar döwrümizde kämil jemgyýet kemala gelýär. Şol sanda maşgala ojagynyň esasy sütüni bolan zenanlarymyza aýratyn hormat goýlup, olaryň sagdyn nesilleri ösdürip ýetişdirmekleri, göwnejaý iş şertleri bilen üpjün edilmegi ugrunda giň mümkinçilikler döredilýär. Biz hem Milli Liderimiziň zenanlaryň kanuny bähbitleriniň we hukuk taýdan goraglylygynyň üpjün edilmegi ugrundaky aladalarynyň ähmiýetini ilat arasynda wagyz etmek maksady bilen, raýatlar toparlarynyň arasynda yzygiderli duşuşyklary geçirýäris. Kümüş saçly enelerimiziň, lukmanlaryň, bilim işgärleriniň gatnaşmaklarynda geçirilýän şeýle duşuşyklarda maşgalada zenanyň orny, olaryň kanuny hukuklary we borçlary, jemgyýetçilik we zähmet gatnaşyklarynda gender deňliginiň üpjün edilişi, zenan edebi dogrusyndaky täsirli çykyşlara giň orun berilýär. Lukmanlar nesil daragtynyň gülläp, dowamat-dowam bolmagynda, sagdyn we başarjaň ýaşlaryň, jemgyýete peýdaly şahsyýetleriň kemala gelmeginde zenanlaryň üstüne düşýän jogapkärçiligiň uludygyny nygtaýarlar.