Baky bitewüligiň belent baýramy

18 Maý 2024
329

Welaýatymyzda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni dabaraly bellenildi

Döwlet berkararlygymyzy, halkymyzyň bitewüligini, ynsanperwerlik gymmatlyklaryna, parahatçylyk hem-de döredijilik  ýörelgelerine ygrarlylygyny alamatlandyrýan milli buýsanjymyz bolan Esasy Kanunymyzyň we ýaşyl Tugumyzyň şanly senesi mynasybetli ýurdumyzyň beýleki ýerlerinde bolşy ýaly, welaýatymyzda hem dabaralar giňden ýaýbaňlandyryldy. Döwletimiziň milli gymmatlyklaryna buýsanjy, ösüş-özgertmelerine çuňňur hoşallygy berkidýän baýramçylyk joşguny halkymyzyň kalbynda ruhy galkynyşy artdyrdy. Baý many-mazmuna beslenen dabaralar ildeşlerimiziň döwür bilen gatnaşygynyň jebis häsiýete eýedigini doly açyp görkezdi.

Ýörite habarçymyz.
Surata düşüren Ilaman ÖWEZOW.