Wagtlaýyn sergi açyldy

17 Maý 2024
428

Muzeýimizde Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli wagtlaýyn sergi açyldy. «Goşa gymmatlygy nurana günleň — birisi Baş Kanun biri — ýaşyl Tug» diýen at bilen guralan bu serginiň açylyş dabarasyna welaýatyň, Türkmenabat şäheriniň we Çärjew etrabynyň prokuratura we kazyýet edaralarynyň işgärleri, Türkmenabat şäherindäki tehniki orta hünär okuw mekdebiniň mugallymlary we talyplary gatnaşdylar. Edilen çykyşlarda Konstitusiýamyzyň Garaşsyz Diýarymyzyň döwlet gurluşyny we ösüşini kesgitleýän Baş Kanundygy nygtaldy. Şeýle-de Baş Kanunymyz esasynda ýurdumyzda her bir raýatyň asuda ýaşamagy, zähmet çekmegi, medeniýetli dynç almagy üçin hemmetaraplaýyn şertleriň döredilendigi dogrusyndaky buýsançly gürrüňler edilen çykyşlaryň özenini düzdi. Welaýatymyzyň sungat ussatlarynyň Watanymyzyň berkararlygynyň, parahatçylyksöýüjilik ýörelgeleriniň nyşanyna öwrülen ýaşyl Tugumyza bagyşlap döreden döredijilik eserleri sergä aýratyn öwüşgin çaýdy.

Gurbangözel RAHMANOWA,
welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň ylmy işgäri.