Maşgala agzybirligi — ýurt abadançylygy

17 Maý 2024
320

Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda maşgala agzybirligini berkarar etmek ugrundaky aladalary netijesinde bagtyýar döwrümizde kämil jemgyýet kemala gelýär. Şol sanda maşgala ojagynyň esasy sütüni bolan zenanlarymyza aýratyn hormat goýlup, olaryň sagdyn nesilleri ösdürip ýetişdirmekleri, göwnejaý iş şertleri bilen üpjün edilmegi ugrunda giň mümkinçilikler döredilýär. Biz hem Milli Liderimiziň zenanlaryň kanuny bähbitleriniň we hukuk taýdan goraglylygynyň üpjün edilmegi ugrundaky aladalarynyň ähmiýetini ilat arasynda wagyz etmek maksady bilen, raýatlar toparlarynyň arasynda yzygiderli duşuşyklary geçirýäris.

Kümüş saçly enelerimiziň, lukmanlaryň, bilim işgärleriniň gatnaşmaklarynda geçirilýän şeýle duşuşyklarda maşgalada zenanyň orny, olaryň kanuny hukuklary we borçlary, jemgyýetçilik we zähmet gatnaşyklarynda gender deňliginiň üpjün edilişi, zenan edebi dogrusyndaky täsirli çykyşlara giň orun berilýär. Lukmanlar nesil daragtynyň gülläp, dowamat-dowam bolmagynda, sagdyn we başarjaň ýaşlaryň, jemgyýete peýdaly şahsyýetleriň kemala gelmeginde zenanlaryň üstüne düşýän jogapkärçiligiň uludygyny nygtaýarlar.

Bahargül KADYROWA,
Çärjew etrap kazyýetiniň kazysy.