Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistany 2024-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasyny» üstünlikli durmuşa geçirmek boýunça öňde goýan gaýragoýulmasyz wezipelerini üstünlikli ýerine ýetirmek maksady bilen ýaşlaryň arasynda maslahatlary, wagyz-nesihat çärelerini, duşuşyklary yzygiderli geçirýäris. Şeýle duşuşyklarda elektron resminama, elektron resminama dolanyşygy we sanly hyzmatlar bilen bagly hukuk resminamalarynyň mazmuny ýaş hünärmenleriň, mekdep okuwçylarynyň arasynda giňden düşündirilýär. «Sanly dünýä: Ýaşlar. Ösüş. Geljek» ady bilen geçirilýän şeýle ähmiýetli duşuşyklarda internetden peýdalanylanda maglumat we kiberhowpsuzlygynyň düzgünlerini berjaý etmekligiň esasy talaplaryň biri bolup durýandygy düşündirilýär.