"Rysgal" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi
Salgysy: Aşgabat şäheri, A.Nyýazow şaýoly, 174
Telefon belgileri:21-23-57

Habarlar

Adam. Jemgyýet. Kanun.

Döwletimiziň gurluşynyň ykrarnamasy Türkmen halky Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda Türkmenistan döwletimiziň binýadyny berkden tutýar. Esasy Kanunymyz döwlet berkararlygynyň ykrarnamasy bolmak bilen, kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň ulgamynda iň ýokary güýje eýedir. Başgaça aýtsak, Konstitusiýamyz döwletimiziň mizemez berkararlygyny hukuk taýdan ykrar edip, döwletimiziň we raýat jemgyýetimiziň ähli ugurlaryndaky ösüş-özgertmeleriniň hukuk binýadyny kesgitleýär.

Pyýadalaryň howpsuzlygy derwaýysdyr

Welaýat merkezimiziň köçelerinde pyýadalar bilen bagly ýol-ulag hadysalaryň öňüni almakda degerli işleri geçirýäris. Sebäbi, bu meseläniň bähbitli çözgüdi pyýadalaryňam, sürüjileriňem maşgalalarynyň abadançylygyny, ömürleriniň rahatlygyny kepillendirýär. Bölümçämiziň gözegçileri şäherimiziň köçelerine berk gözegçiligi ýola goýýarlar. Pyýadalar bilen bagly ýol-ulag hadysalaryny aradan aýyrmak pyýadalaryň sürüjiler bilen sazlaşykly hereketlerine baglydyr. Beýle diýildigi sürüjileriňem, pyýadalaryňam köçe-ýol hereketinde bellenilen talaplary berk berjaý etmelidiklerini aňladýar. Has takygy, pyýada köçe-ýollary diňe bellenilen ýerlerden kesip geçmelidirler. Ýanýodalardan, olar ýok ýerinde köçe-ýoluň gatnawsyz zolagyndan ýöremelidirler. Gözegçilerimiz şu mesele bilen bagly düşündiriş işlerine-de uly üns berýärler. Biz şeýle çärelerimizde raýatlara köçe-ýol hereket howpsuzlygynyň kadalarynyň gyşarnyksyz berjaý edilmeginiň maşgala abadançylygynyň kepilidigini anyk mysallara salgylanyp nygtaýarys.

“01” gullugynda

Galla oragy möwsüminde ýangyn howpsuzlygy derwaýys mesele Golaýda habarçymyz welaýat polisiýa müdirliginiň ÝHB-niň Baýramaly şäher ÝHB-niň müdiri, içerki gullugyň podpolkownigi Ataguly HOJAÝEW bilen duşuşdy we galla oragynda, däne hasyly daşalanda we saklananda ýangyn howpsuzlygynyň düzgünleri dogrusynda gürrüň bermegini haýyş etdi.

Asudalygyň goragynda

MÖHÜM IŞE GOŞANDYMYZ Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ösüp gelýän nesil hakyndaky tagallalary bu wajyp wezipäniň oňyn çözgüdine gönükdirilen netijeli işlerde öz beýanyny tapýar. Nesil terbiýesi hemmeleriň aladasydyr. Sebäbi, ol ertirimiziň eşretli bolmagy bilen bagly aladadyr.

Parahatlygyň, asudalygyň, agzybirligiň nyşany

Ynsan durmuşynda mukaddeslik hökmünde garalýan zatlar bolýar. Şolaryň içinde esasylarynyň bir hökmünde mukaddes Tugumyzy buýsanç bilen agzamak bolar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halky Döwlet baýdagynyň saýasynda ösüşleriň täze belentliklerini nazarlap öňe barýar. Ýaşyl Tugumyz biziň ähli ýeňişlerimiziň, üstünliklerimiziň, ýeten beýik sepgitlerimiziň nyşanydyr. Mukaddes Baýdagymyzdaky Aýy alnyna sylyp, bäş ýyldyzy jebisligiň, agzybirligiň alamaty saýýan halkymyz Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen amala aşyrylýan beýik işleriň netijesinde hasyl bolan eşretli durmuşyň hözirini görýär.

Bagt Kanunymyz

Türkmenistanyň Konstitusiýasy jemgyýetimiziň hem-de döwletimiziň gurluşynyň esasy ugurlaryny kesgitleýän möhüm resminamadyr. Ol ýurdumyzyň her bir raýatynyň azatlyklarynyň, hukuklarynyň goralmagyny, halkyň asuda, abadan durmuşda ýaşamagyny, zähmet çekmegini, okamagyny, dynç almagyny üpjün etmekde mizemez hukuk binýady bolup durýar. Konstitusiýada kesgitlenilişi ýaly, Türkmenistanda jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy adamdyr. Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallasy netijesinde Esasy Kanunymyz yzygiderli kämilleşdirildi. Ol hukuk döwleti hökmünde ösüşiň kämil tapgyryna gadam basan ýurdumyzyň möhüm syýasy, durmuş-ykdysady meseleleriniň oňyn çözgüdiniň ýol görkezijisine öwrüldi. Milli Liderimiziň başyny başlan taryhy özgertmelerini üstünlikli dowam etdirýän hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Esasy Kanunymyz eşretli, bagtyýar durmuşymyzy üpjün edýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gazanylýan ösüşler Konstitusiýamyza esaslanýar.

Gaýçy haçan peýda boldy?

Gaýçynyň däneli ekinleriň başyny, agaçlaryň ýapraklaryny, kagyzy, matany, hatda polat simi kesmek ýaly dürli maksatlar üçin ulanylýan görnüşleriniň bardygy hemmämize mälim. Eýsem-de, durmuşda iň gerekli zatlaryň hatarynda durýan bu guralyň ilkinji nusgasy haçan peýda bolduka? Ilkinji gaýçylar, taryhçylaryň çaklamalaryna görä, bürünç eýýamynda peýda

Ýaşajyk ýol gözegçiler bäsleşdiler

Ak bugdaý etrabyndaky ýöriteleşdirilen 45-nji orta mekdepde “Ýol hereketiniň ýaş gözegçileri” atly bäsleşigiň Ahal welaýat tapgyry geçirildi. Ahal welaýat Polisiýa müdirliginiň, welaýat Baş bilim müdirliginiň hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde guramaklarynda geçirilen bäsleşige okuwçy ýaşlardan düzülen toparlar gatnaşdy. Mekdep okuwçylarynyň arasynda köçe-ýol hereketiniň düzgünlerini wagyz-nesihat etmek, bu boýunça düşünjelerini artdyrmak maksady bilen geçirilen bäsleşik şertleriň birnäçesinden ybarat boldy. Bäsleşige gatnaşan toparlar degişli şertlere laýyklykda nyzamly ýöremek başarnygyny görkezdiler, ýol-ulag hadysalarynda lukmana çenli ilkinji kömegiň ýüze çykan halatynda edilmeli hereketler barada degişli sowallara jogap berdiler, herekete gatnaşyjylaryň borçlary boýunça çykyşlary ýerine ýetirdiler.

Şatlyga beslenjek dabaralar

Maý aýy baýramlara baýdyr. Ulus-ilimiz 9-njy maýda 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňiş gününi, 18-nji maýda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň gününi uludan belläp geçdi. Sanlyja günden bolsa, Aşgabat şäheriniň güni giňden dabaralandyrylar. Şol şanly günde ak mekdeplerde 2023-2024-nji okuw ýylynyň tamamlanýandygy bilen baglylykda “Soňky jaň” dabaralary ýaýbaňlandyrylar. “Soňky jaň” dabaralary mekdep uçurymlary üçin aýratyn ähmiýete eýedir. Çünki olar bilim-terbiýe alan ak mekdepleri bilen hoşlaşyp, uly durmuşa gadam basýar. Ýurdumyzyň beýleki etraplarynda bolşy ýaly, Gökdepe etrabynda hem öňde boljak dabaralara uludan taýýarlyk görülýär. “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda etrabymyz boýunça ýaşlaryň 1 müň 830-syna mekdep uçurymy bolmak bagty miýesser edýär. Şoňa görä-de, “Soňky jaň” dabaralarynyň guramaçylykly geçmegi, ýaşlaryň durmuşynda ýatda galyjy bolmagy üçin mekdeplerde uçurymlaryň gatnaşmagynda wagyz-nesihat duşuşyklarydyr düşündiriş işleri geçirildi. Bu zatlar ak mekdeplerde boljak dabaralaryň şatlyk-şowhuna beslenip, hakyky toý ruhunda guramaçylykly geçmegine itergi bolar.

Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna

Döredijilik duşuşygy Ýakynda TDP-niň Mary şäher we Mary etrap komitetleriniň, TMÝG-niň welaýat we etrap geňeşleriniň, etrapdaky 8-nji orta mekdebiň bilelikde guramagynda ady agzalan orta mekdepde döredijilik duşuşygy geçirildi. Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanylan duşuşyga ýokarda ady agzalan syýasy partiýalaryň we jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, şahyrlar, mekdebiň mugallymlary we 2023-2024-nji okuw ýylyny tamamlaýan uçurymlary gatnaşdylar. Duşuşygy mekdebiň mugallymy Muhammetmyrat Allakulyýew alyp bardy.

Maslahat duşuşygy

Edep — gözelligiň gönezligi Mary şäherindäki daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 11-nji orta mekdepde TDP-niň hem-de TAP-nyň şäher komitetleriniň, TZB-niň şäher bölüminiň, TMÝG-niň şäher geňeşiniň, şäher prokuraturasynyň, şäher kazyýetiniň, şäheriň polisiýa bölüminiň, welaýat baş bilim müdirliginiň, welaýat saglygy goraýyş müdirliginiň bilelikde guramagynda “Edep — gözelligiň gönezligi” atly maslahat duşuşygy geçirildi. Oňa ýokarda ady agzalan edaralaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň işgärleri we şäherdäki orta mekdepleriň mugallymlary hem-de ýokary synp okuwçy gyzlary gatnaşdylar.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Eýran Yslam Respublikasynyň ýurdumyzdaky ilçihanasyna bardy

Aşgabat, 21-nji maý (TDH). Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasynyň Aşgabatdaky ilçihanasyna bardy hem-de goňşy ýurduň wekillerine duýgudaşlyk bildirdi. Gahryman Arkadagymyz şu agyr pursatda gurban bolanlaryň dogan-garyndaşlaryna we ýakynlaryna ýürekden gynanjyny, medet beriji sözlerini beýan etdi. Milli Liderimiz Eýran Yslam Respublikasynyň paýtagtymyzdaky ilçihanasyna gelip, bu ýerde goňşy ýurduň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ali Mojtaba Ruzbehani bilen gürrüňdeş boldy.

Beýikligiň nusgasy

Ýurdumyzda we halkara derejede Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli giň gerimli dabaralaryň ýaýbaňlandyrylmagy dünýä jemgyýetçiliginde türkmen halkynyň nusgawy şahyrynyň taryhy şahsyýet hökmündäki ornuna möhüm ähmiýet berilýändiginiň aýdyň subutnamasyna öwrülýär. Munuň şeýledigini ýakynda Aşgabatda geçirilen dürli derejedäki halkara forumlar hem subut etdi. Gahryman Arkadagymyz Magtymguly Pyragynyň şygryýet äleminiň dünýä medeniýetiniň ösmegine mynasyp goşant goşandygyny aýratyn nygtaýar. Çünki ajaýyp söz ussadynyň döredijiliginde watansöýüjilik, ene-ata hormat goýmak, zähmetsöýerlik, merdanalyk, päk ahlak, agzybirlik ýaly ynsanperwer ýörelgelere möhüm orun degişlidir.

«Ussat bagban» bäsleşigi

Ýakynda Garagum etrap häkimliginiň hem-de Türkmenistanyň Kärdeşler  arkalaşyklarynyň Mary welaýatynyň Garagum etrap birleşmesiniň bilelikde  guramaklarynda  «Ussat bagban» bäsleşigi geçirildi. Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýylynda geçirilen bäsleşige etrabyň daýhan birleşikleri  bilen şertnama baglaşan  miweli hem saýaly baglary  ösdürip ýetişdirýän kärendeçiler, daýhan hojalyklarynyň agzalary, telekeçiler  gatnaşdylar. Bäsleşigiň düzgünnamasyna laýyklykda, bagbanlar ýerlerde ýetişdirilen baglar, olara edilýän idegler bilen  tanyşdyrdylar hem-de tejribe  alyşdylar. Olar tejribeli bagban Orazguly Jüpbiýewiň 16 gektar ýerde ýetişdiren üzümleriniň görnüşleri, hasyl toplaýşy bilen içgin gyzyklandylar. Töremyrat Töraýewiň 3 gektar ýerde ösdürip ýetişdiren miweli baglary, olara edilýän  ideg işleri, zyýankeşlere garşy göreş çäreleri bilen ýakyndan tanyşdylar. Soňra eminler toparynyň  gatnaşmaklarynda  etrap häkimliginde  geçirilen maslahatda bäsleşigiň ýeňijileri Orazguly Jüpbiýewiň, Töremyrat Töräýewiň hem-de  ýaş  bagban Babageldi Esenowyň bagçylykda gazanan iş  tejribeleriniň öwgä mynasypdygyny bellediler. «Ussat bagban» bäsleşigine gatnaşanlara Türkmenistanyň Kärdeşler  arkalaşyklarynyň  Mary  welaýatynyň  Garagum  etrap  birleşmesiniň  gymmat  bahaly&nb

Mukaddesliklere tagzym

1992-nji ýylyň 18-nji maýy Esasy Kanunymyzyň — Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň kabul edilmegi özbaşdak we erkin ösüş ýoluna düşen Garaşsyz döwletimiz üçin örän möhüm taryhy wakalaryň biri boldy. Soňraky ýyllarda rejelenen görnüşe getirilip, düýpli kämilleşdirilen Baş Kanunymyz ýurduň berkararlygyny hukuk taýdan ykrar etdi. Onda akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň pederleriň döwletlilik, adalatlylyk we parahatçylyk baradaky umyt-arzuwlaryndan ylhamlanyp ýazan şygyrlaryndaky: Hor galmasyn puştba-puşdum, Berkarar döwlet istärin

Döredijilik ukyby

Adamlaryň ugurtapyjylygynyň, başarjaňlygynyň, zehininiň serhedi ýok. Işini söýýän, hünärine yhlas bilen ýapyşýan adamlaryň täzeçil çemeleşmelerine, gözleglerine, yhlasyna haýran galýarsyň. Olaryň döredijilikli işiniň netijesi-de alkyşa eýe bolup, üstünliklere eltýär. Jon Lowiç hem işinde döredijilikli zähmet çekip, yhlasy myrat tapan hünärmen. Ol Nýu-Ýorkuň myhmanhanalarynyň biriniň restoranynda konditer-aşpez bolup işleýär. Ol esasan köke we süýji önümlerini taýýarlap, köpçülige hödürleýär. Onuň taýýarlan tagamlaryny dadyp görmek üçin gelýänleriň sany barha köpelýär. Çünki Jon Lowiçiň nygmatlary halkara sergilerinde sergilenip, birnäçe gezek Ginnesiň rekordlar kitabynda hem orun aldy. Dünýä meşhur konditer sergilere «Iň uly köke obasy» atly «eseri» bilen gatnaşyp, köpleri haýrana goýýar. Datly tagamy bilen tapawutlanýan bu «köke obasy» kökeden, dürli görnüşli süýjüden, baldan, şokoladdan, sakgyçdan, kremden, marmeladdan taýýarlanýar.

Kämilligiň aýdyň ýoly

Ýaş nesil hakyndaky alada bu günki günde esasy ugurlaryň biri bolup durýar. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallasy bilen durmuşa geçirilýän beýik işler, bilim özgertmeleri ýaş nesliň bagtyýarlygyny, röwşen geljegini üpjün edýär. Ynha, ýene-de sanlyja günden — 25-nji maýda Aşgabat şäheriniň güni we «Soňky jaň» dabaralary belleniler. Ýurdumyzyň müňlerçe ýaşlary orta mekdebi üstünlikli tamamlap, belent maksatlar bilen kämilligiň ýoluna gadam basarlar. Her bir ýaş nesliň baş maksady bilimli bolmak we ata Watana ak ýürekden hyzmat etmek bolup durýar. Şonuň üçin hem ýaşlar biziň buýsanjymyzdyr. Şeýle belent maksatlar bilen geljege ynamly gadam basýan ýaşlar ylym-bilim öwrenmäge ruhlanýarlar. Mälim bolşy ýaly, «Soňky jaň» dabarasy okuwçylar üçin ýatdan çykmajak wakalaryň biridir. Esasan hem, bu şatlykly pursatlar orta mekdebi tamamlaýan uçurymlaryň durmuşynda aýratyn many-mazmuna eýe bolup durýar. Şeýle ajaýyp günlerde uçurymlar mugallymlaryna, bilim öwreden halypalaryna tüýs ýürekden buýsançlaryny beýan edýärler. Munuň özi mugallymlara belent sarpadyr, bilim ojagyna hormatdyr.

Aşgabat — parahatçylygyň we dostlugyň şäheri

«Ýurt paýtagtyndan tanalar» diýen aýtgy asyrlar aşyp, biziň günlerimize gelip ýetipdir. Çünki öňden-ahyra paýtagty ýurduň ýüzi, halkyň medeni derejesiniň görkezijisi hasaplapdyrlar. Haýsydyr bir ýurtdan ýat ile baran adam, ilki bilen, paýtagt şäheri synlapdyr. Şonda gören zatlary boýunça-da şol ýurda, onuň halkyna baha beripdir. Paýhasly pederlerimiziň «Myhman az oturar, köp synlar» diýişleri ýaly, bu häzirki döwürde-de şeýle. Bir tapawudy, tehnologiýa ösüp, «demirler asmanda ganat baglap uçýan» döwründe çet ýurtly myhman heniz şähere gadam goýmanka, ýagny uçardaka onuň aýnajygyndan paýtagt şäheri içgin synlap başlaýar. Şonda onuň özi duýmazdan, aňynda paýtagt hem onuň halky baradaky ilkinji garaýyşlary şineleýär. Paýtagt şäher baradaky şeýle garaýyşlaryň uçar pessaýlap ugran halaty kellelerini onuň tegelejik aýnajygyndan çykaraýjak bolup Aşgabady synlaýan daşary ýurtly myhmanlarda hem döreýändigi bellidir. Ýöne şonda Gün nuruna ýalbyrap görünýän süýt reňkli mermer paýtagtymyzyň öz aklygyndan islendik myhmanyň kalbyna nur çaýýandygy hem şübhesiz. Bu bolsa, turuwbaşdan, 2013-nji ýylyň 25-nji maýynda ak mermerli binalaryň has köp jemlenen şäheri hökmünde Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyna girizilen Aşgabat şäheri barada her kimde ýakymly duýgulary oýarýar. Şeýle diýip ynamly aýtmagymyza paýtagtymyza gelýän çet ýurtly alymlardyr işewürler, syýasatçylardyr syýahatçylar bilen sö

Hemmämiziň borjumyz!

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň gözel tebigatyny, onuň ösümlik, haýwanat dünýäsini aýawly saklap, ýangynlaryň ýüze çykmak howpunyň öňüni almak maksady bilen, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet ýangyn howpsuzlygy gullugy şulary ýatladýar: * Ösüp oturan daragtlaryň arasyny haşal otlardan arassalamaly, hatar aralarynda sürüm işlerini geçirip, ýangyn howpsuzlyk zolaklaryny döretmeli. Olar ýangyn hadysalarynyň öňüni almaga uly ýardam edýär.

Hormatly okyjylar!

Size 2024-nji ýylyň ikinji ýarymýyllygy üçin gazetiň elektron görnüşine abuna ýazylyşygyň dowam edýändigini ýatladýarys. «Türkmen dünýäsi» gazetiniň elektron görnüşine «turkmenmetbugat.gov.tm» internet sahypasynda hem-de «Türkmenmetbugat» mobil goşundysynda «Merkezi gazet-žurnallar we welaýat gazetleri» bukjasyndan ýazylyp bilersiňiz.