Adam. Jemgyýet. Kanun.

22 Maý 2024
294

Döwletimiziň gurluşynyň ykrarnamasy

Türkmen halky Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda Türkmenistan döwletimiziň binýadyny berkden tutýar. Esasy Kanunymyz döwlet berkararlygynyň ykrarnamasy bolmak bilen, kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň ulgamynda iň ýokary güýje eýedir. Başgaça aýtsak, Konstitusiýamyz döwletimiziň mizemez berkararlygyny hukuk taýdan ykrar edip, döwletimiziň we raýat jemgyýetimiziň ähli ugurlaryndaky ösüş-özgertmeleriniň hukuk binýadyny kesgitleýär.