Kämilligiň aýdyň ýoly

21 Maý 2024
423

Ýaş nesil hakyndaky alada bu günki günde esasy ugurlaryň biri bolup durýar. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallasy bilen durmuşa geçirilýän beýik işler, bilim özgertmeleri ýaş nesliň bagtyýarlygyny, röwşen geljegini üpjün edýär. Ynha, ýene-de sanlyja günden — 25-nji maýda Aşgabat şäheriniň güni we «Soňky jaň» dabaralary belleniler.

Ýurdumyzyň müňlerçe ýaşlary orta mekdebi üstünlikli tamamlap, belent maksatlar bilen kämilligiň ýoluna gadam basarlar. Her bir ýaş nesliň baş maksady bilimli bolmak we ata Watana ak ýürekden hyzmat etmek bolup durýar. Şonuň üçin hem ýaşlar biziň buýsanjymyzdyr. Şeýle belent maksatlar bilen geljege ynamly gadam basýan ýaşlar ylym-bilim öwrenmäge ruhlanýarlar. Mälim bolşy ýaly, «Soňky jaň» dabarasy okuwçylar üçin ýatdan çykmajak wakalaryň biridir. Esasan hem, bu şatlykly pursatlar orta mekdebi tamamlaýan uçurymlaryň durmuşynda aýratyn many-mazmuna eýe bolup durýar. Şeýle ajaýyp günlerde uçurymlar mugallymlaryna, bilim öwreden halypalaryna tüýs ýürekden buýsançlaryny beýan edýärler. Munuň özi mugallymlara belent sarpadyr, bilim ojagyna hormatdyr.

Aýna GAÝYBOWA,
Aşgabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 4-nji orta mekdebiň mugallymy.